Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe 147 müň sany türki dilli, şol sanda türkmenistanly migranta ýaşamaga ygtyýarnama berdi


Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu
Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu

Türkiýe türki jemgyýetleriniň agzalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlarynyň 147 müňden gowragyna ýaşamaga ygtyýarnama we uzak möhletleýin ýaşamaga ygtyýarnama berdi.

“Hürriýet” neşiri Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň 2-nji iýunda geçirilen agzaçarda aýdan sözlerine salgylanyp, ygtyýarnamalaryň Türkmenistanyň, Bolgariýanyň, Hytaýyň, Gresiýanyň, Yragyň we Owganystanyň türki jemgyýetleriniň agzalaryna gowşurylandygyny mälim etdi.

3-nji iýunda çap edilen habarda türki jemgyýetleriniň agzalarynyň 89,951 sanysyna ýaşamaga ygtyýarnamanyň we 57,902 sanysyna uzak möhletleýin ýaşamaga ygtyýarnamanyň gowşurylandygy aýdylýar.

“Biziň raýatlyk bermek baradaky çemeleşmämiz öňküsi ýaly saklanyp galýar. Siz alada etmäň. Men siziň gelejekde Türkiýe respublikasynyň raýatlygyna ýetmegiňizi üpjün etmek üçin ähli mümkinçiligi siziň bähbidiňize ulanjakdygymyzy bilmegiňizi isleýärin” diýip, Soýlu Stambulda geçirilen çärede aýtdy.

Şol çärede türki jemgyýetleriniň wekillerine ýüzlenip, Stambulyň häkimi Ali Ýerlikaýa hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynda uzak möhletleýin ýaşamaga ygtyýarnamany çykarmak prosesiniň azyndan üç aýa çekip biljekdigini mälim etdi.

Stambulyň Fatih etrapçasyndaky Awrasýa sergi we sungat merkezinde geçirilen çäre Stambulyň häkimligi we Stambulyň welaýat migrasiýa müdirligi tarapyndan guramalaşdyryldy.

Azatlyk Radiosyna türk ministriniň yglan eden sanlarynyň haýsy wagt möhleti aralygyna degişlidigini anyklamak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Ýöne Türkiýe Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, türkmen zähmet migrantlarynyň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Türkmen häkimiýetleri Türkiýä işlemäge gelýän türkmenistanly migrantlar we olaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine mälim etmän gelýärler.

Türk media serişdeleriniň Türkiýäniň Migrasiýa edarasyna salgylanyp, 2-nji iýunda beren maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda, ýagny ýanwar-aprel aýlary aralygynda Türkmenistandan Türkiýä jemi 82 müň 325 sany türkmenistanly sapar etdi. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,2% ýokarydyr.

Şu ýylyň maý aýynyň başynda türk Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi 2019-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistandan Türkiýä sapar eden türkmenistanlylaryň sanynyň 23 müň adama baryp ýetendigini mälim etdi. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 16 %-e golaý ýokary bolýar.

2019-njy ýylyň fewralynda bolsa, 21 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä barypdyr. Bu 2018-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdireniňde, resmi hasabata görä, 28 % ýokary bolýar.

Bu sanlary nazara alyp aýdanymyzda, Türkmenistandan Türkiýä gidýän adamlaryň sanyndaky artyş türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmagynyň öňüni baglamak synanyşyklarynyň fonunda bolup geçýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Aşgabadyň halkara aeroportyndaky türkmen migrasiýa işgärleriniň türkmenistanlylaryň onlarçasyny uçara goýbermändigi barada şu ýylyň başyndan bäri ençeme gezek habar berdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň şu ýylyň ýanwar aýynda çap eden “Dünýädäki ykdysady ýagdaý we geljekki mümkinçilikler” atly hasabatyna görä, Türkmenistandaky işsizligiň derejesi 2018-nji ýylda 3,3%-e barabar boldy. Emma Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi ýurtdaky işsizligiň derejesiniň 50-60 prosentden az däldigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG