Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

F.Tuhbatullin: Bilimdäki korrupsiýa güýçlenýär we biziň jemgyýetimizi içinden iýýär


Türkmen okuwçylary
Türkmen okuwçylary

Türkmenistanda ýurduň ýokary we orta hünär mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. TDH-nyň 5-nji iýuldaky maglumatyna görä, studentleri okuwa kabul etmek işleri 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly bilen 17-nji awgusty aralygynda guralar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde okuwa kabul edilende hiç hili ýaramaz ýagdaýa ýol bermeli däldigini ýatlatdy. Emma ýerli synçylar Türkmenistanda para bermän okuwa girmegiň tasdan mümkin däldigini aýdýarlar.

Azatlyk radiosy bilimdäki korrupsiýa barada hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk: Türkmenistanda ÝOJ-lara giriş synaglary başlanýar. Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly professor Azatlyk bilen söhbetdeşlikde “her ýyl ýüzümiň bir gaty hamy ýanýar, baha goý diýlen bisowat adamlara baha goýmaly bolýaryn, ýogsa-da işden gitmeli” diýdi. Ýokary okuwdaky korrupsiýanyň sowet döwründäkiden hem kän esse çuňlaşandygy aýdylýar. Sizde bu ýagdaý barada maglumat barmy?

Farid Tuhbatullin: Hawa, bize hem bu baradaky maglumatlary yzygiderli gelip gowuşýar, hatda ýyllar boýunça haýsy okuw jaýyna girmek üçin näçe para bermelidigi baradaky anyk maglumatlary hem iberýärler. Golaýda dollaryň gara bazardaky bahasynyň birden galyp, birden aşaklamagy hem, aýdylýan sebäpleriň birine görä, häzirki ýokary okuw jaýlaryna girmek möwsümi bilen bagly. Ýagny adamlaryň çagasyny okuwa salmak üçin dollar satyn alýandygyny ýa-da satýandygyny aýdýarlar. Gynansak-da, okuwdaky korrupsiýa bar we oňa hiç bir çäre tapylmaýar, tersine ol güýçlenýär we biziň jemgyýetimizi has kän içinden iýýär.

Azatlyk: Okuwdaky korrupsiýa garşy näme üçin Çäre görülmeýär? Bu kime bähbitli?

F.T.: Ýadyňyzda bolsa, häkimiýetler birnäçe ýyl mundan öň bu barada gürrüň etdiler, hatda giriş synaglary wagtynda wideokameralary oturtjakdyklaryny hem aýtdylar. Meniňçe, bu bir ýyl şeýle hem edildi. Emma ondan netije bolmady we soňy bu bilen korrupsiýa garşy göreşiň bu usuly unudyldy. [Türkmenistanyň ozalky prezidentdi Saparmyrat] Nyýazow hem öz wagtynda giriş synaglarynyň öňünden rektorlary täzeledi, emma bu hem hiç bir üýtgeşiklik getirmedi. Meniň pikirimçe, korrupsiýa garşy göreşiň netijeli bolmagy üçin diňe ýokardan görkezme bermek ýeterlik däl. Bu meselede aşakdan hem hereket bolmaly, ýagny ilatyň bu ýagdaýyň ozaly özi üçin zyýanlydygyna düşünmegi we korrupsiýa garşy göreşde nähilem bolsa bir kömek etmegi üçin raýat jemgyýeti bolmaly. Emma häkimiýetlerde bu hili gyzyklanma ýok.

Azatlyk: Türkmenistanyň Türkiýedäki ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow Türkiýä okuwa barýan türkmen studentleriniň bilim-düşünjesiniň başda Türkiýedäki deň-duşlaryndan ýokary bolandygyny, emma 2000-nji ýyldan soň bu ýagdaýyň üýtgändigini, türkmenleriň bilim-düşünje derejesiniň kän esse peselendigini aýdýar. Şol bir wagtda Orsýetde, Ukrainada, Belarusda okaýan türkmen studentleriniň köpüsiniň para berip kursdan-kursa geçýändigi aýdylýar. Bu näme üçin beýle?

F.T.: Gynansak-da, bilimdäki, umuman bilim ulgamyndaky dereje Türkmenistanda ýyldan-ýyla ýaramazlaşýar we, meniň pikirimçe, bu beýleki ýurtlarda, ozalky sowet respublikalarynda hem şeýle ýagdaýlar bolup geçýär. Özem bu ýerde korrupsiýa problemalaryň diri biri bolup görünýär. Prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende, ilkinjileriň biri bolup bilimdäki reforma meselesini gozgady. Emma bu reforma diňe sanlar, ýagny mekdepdäki okuw ýyllarynyň möçberiniň ilki 9-dan 10-a, soňra 11 ýyla çenli uzaldylmagy bilen çäklendi. Emma okuw planlarynda, sapaklarda, kadrlary taýýarlamak planlarynda hil babatdan hiç bir üýtgeşiklik bolmady. Şu sebäpden bu reforma hiç bir netije bermedi. Meniň pikirimçe, mundan beýläk hem ýagdaý diňe ýaramazlaşar.

Azatlyk: Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda bilimli ýaşlary bolmadyk döwletiň geljegi ýok diýdi. Emma ýerli synçylar mekdepdäki bilim wagtynyň “bagtyýarlyk, berkararlyk” ideologiýalaryna gurban edilýändigini, ýaş nesle bir adamyň öňünde baş egmegiň öwredilýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, internet forumlarynda türkmençe ýazylýan kommentlerden çen tutsaň, soňky 20 ýylda türkmen mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň köpüsi dogry söz, sözlem ýazmak, nokat, otur diýen ýaly zatlary hem bilmeýärler. Bu syýasy režimiň ömrüni uzaltmak üçin bilkastdan döredilen ýagdaýmy ýa-da türkmen ene-atalarynyň, pedagoglarynyň çagalary okatmak medeniýeti düýpden peseldimi?

F.T.: Hakykatdanam, ozal hem aýdyşym ýaly, mekdep programmalary ideologiýanyň agdyklyk etmegi nukdaý nazaryndan işlenip taýýarlanylan. Elbetde, sowet ýyllarynda hem mekdep ideologiýa ýugrulandy, emma ol haýsam bolsa bir deňagramlylyk saklanardy. Men sowet bilim ulgamynyň tarapdary däl. Emma türkmen bilim ulgamy bilen deňeşdirilende, meniň pikirimçe, häzir bu deňagramlylyk ideologiýanyň peýdasyna bozuldy, sapaklara, ylym-bilim derslerine bolsa barha we barha az üns berilýär. Netijede, mugallymlar geçirilen işler hakynda hasabat ýazmak bilen başagaý, okuwçylar bolsa diňe dogry geýinmegi, gowy ýöremegi öwrenýärler.

Okuwa höwes ýa gyzyklanma bolsa düýpden ýok, emma hakykatda mekdep, okuwçylaryň özleri bir zatlar öwrenmäge çalşar ýaly, çagalarda okuwa, bilime höwes döredilýän ýer bolmaly. Munuň üçin kadaly pedagoglar bolmaly, kadaly sistema bolmaly. Emma bular, gynansak-da, bizde ýok we ýakyn ýyllarda bolar hem öýtmeýärin. Sebäbi prezident bolmanda ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurtlardan hünärmenlerini işletmeli diýýär, emma ýokary okuw jaýlary bilimiň soňky basgançagy bolup durýar. Onsoň ol ýere birnäçe daşary ýurt mugallymyny getireniň bilen düýp derejede hiç zat üýtgemeýär. Meniň pikirimçe, bu-da bir zatlar aýtmagyň hatyrasyna aýdylan nobatdaky sözler bolup galar we hiç bir netije bermez.

Azatlyk: Мagdaýy gowulyga üýtgetmek üçin gyssagly näme edip bolar?

F.T.: Gynansak-da, bu ýerde megerem beýle çalt usul ýok, sebäbi örän uly harajatlaryň çykarylmagy, maliýe serişdeleri gerek. Meniň pikirimçe, daşary ýurt ekspertlerini diňe ýokary okuw jaýlarynda okatmak üçin çagyrmaly däl, eýsem olar häzirki türkmen ýagdaýlaryny laýyk geljek täze bilim ulgamyny teklip eder ýaly çäreleri görmeli. Meniň ozal hem aýdyşym ýaly, çagalaryň, ösüp gelýän ýaş nesliň häzir okamaga hiç bir gyzyklanmasy, stimuly ýok. Sebäbi olar hemme ýerde pul berip, diplom alyp bolýandygyny görýärler.

Işe ýerleşmek hem şeýle, hatda sen daşary ýurtda gyzyl diplom alan hem bolsaň, tanyş-bilişsiz, para bermän işe ýerleşip bolmaýar. Şu sebäpden, haýsydyr bir bilim derejesini almagyň özi ýaşlar üçin stimul, iteriji güýç bolmagyny bes etdi. Ine, şu pikir-düşünjäni üýtgetmek gerek, ýöne bu işi düýpli etmeli, ýüzleý etmeli däl. Şu sebäpden men çalt edip boljak işi görmeýärin.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG