Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýynda gaz partlamasy boldy


Gaz partlamasynyň bolan binasy
Gaz partlamasynyň bolan binasy

16-njy iýulda Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde gaz partlamasy boldy we binanyň ýokary gatyndaky otaglaryň käbiri bölekleýin opuryldy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary bilen bir hatarda, Türkmenistan barada habar berýän garaşsyz websaýtlar we türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com neşiri habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň iberen suratlarynda patlamanyň dört gatly ýaşaýyş jaýynyň 4-nji gatynda bolandygyny we onuň başga-de azyndan üç kwartira zyýan ýetirip, käbir otaglaryň diwarlaryny bölekleýin opurandygyny görse bolýar.

Şeýle-de, suratlarda partlamanyň bolan ýerinde döwlet edaralaryndan gelen işgärleriň ençemesiniň iş alyp barýandygy hem görünýär.

“Binanyň girelgesi birinji gata çenli bölekleýin opruldy. Jaýyň beton bölekleriniň arasynda 8 adamy gözlediler. Ähli adamlary çykardylar. Bedenindäki ýanyklar sebäpli bir gyzjagaz aradan çykdy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 17-nji iýulda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna adam ýitgisiniň bolandygy baradaky habary resmi çeşmelere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu waka barada Türkmenistanyň döwlet metbugatynda, şol sanda Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we “Türkmenistan Altyn Asyr” websaýtlarynda hem maglumat berilmeýär.

Ýöne waka barada habar beren “Türkmennews” neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, partlamanyň bolan jaýynyň aşagyndaky, ýagny üçünji gatdaky kwartirada bir çaganyň aradan çykandygyny habar berdi.

Şeýle-de, neşir Aşgabadyň ýanygy bejerýän saglyk merkezine Gambursew maşgalasynyň alnyp barlandygyny, Ýuriý we Nadežda jübüdiniň tutuş bedeninde ýanyklaryň bardygyny we olaryň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýar.

“Olaryň çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýän kiçi gyzy Ewanyň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy aýdylýar” diýip, neşir belleýär.

Ýöne adatça ýurtda bolýan betbagtçylyklar ýa-da oňaýsyz wakalar barada o diýen habar çap etmeýän we türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com neşiri gaz partlamasynyň bolandygyny we 7 adamyň ýaralanandygyny tassyklasa-da, wakada adam ýitgisiniň bolmandygyny mälim etdi.

Belläp geçsek, bu neşiriň şeýle mazmunly habary çap etmegi bilen bagly ilkinji waka ýaly bolup görünýär.

Neşiriň habarynda partlamanyň 16-njy iýulda takmynan ir sagat 7:20 töweregi Aşgabadyň 10-njy etrapçasyndaky A.Niýazow köçesiniň 1-nji geçelgesiniň 12-nji öýüniň, 2-nji korpusyndaky 4 gatly jaýyň 4-nji gatynda bolandygy habar berilýär.

“Gyssagly kömek gullugy tarapyndan ejir çekenlere öz wagtynda kömek berildi. Halas ediş topary tarapyndan ýaralanan 7 adama lukmançylyk kömekleri berlip, iki adamyň ýaralanyp, olaryň şikeslerini bejermek üçin lukmançylyk merkezlerine ugradyldy. Emma ýogalan ýok” diýip, neşir Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginiň podpolkownigi Merdan Şamyradowiç Annagurdowyň öz habarçysyna gürrüň berendigini mälim etdi.

Annagurdowyň sözlerine görä, gaz atylmasy çak edilşine görä birikdiriji ulgamlardan gazyň syzmagy ýa-da howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilmänligi sebäpli ýüze çykan bolmagy mümkin.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz ýurt içindäki habarçysyna we goňşy jaýyň ýaşaýjysyna salgylanyp, bir ýerde gaz turbasyndan gazyň çykandygyny we ýangyn bolman, gazyň gury atylandygyny habar berýär.

Belläp geçsek, geçen ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleri gaz ölçeýjileriň gyssagara oturdylmagynyň ýerine ýetirilen işleriň hiliniň pes bolmagyna we gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlaryň döremegine getirýändigini habar beripdiler.

“Gaz ölçeýjileri oturtdylar we gaz syzyp başlady, gazyň ysy geldi. Men ähli ýere jaň edip çykdym, häzir awariýnyý gulluga garaşýaryn. Tas partlapdyk” diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri 16-njy dekabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna Aşgabatda bolan häzirki gaz partlamasynyň gaz ölçeýjilerden gazyň syzmagy netijesinde bolandygyny ýa-da bolmandygyny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek, şeýle-de umuman bu waka barada maglumat almak başartmady.

turkmenportal.com neşiri bu müdirligiň podpolkownigine salgylanyp, wakanyň bolan ýerinde Aşgabat şäher häkimliginiň işçileriniň arassalaýyş we dikeldiş işlerini geçirýändigini mälim edýär.

“Ejir çekenleriň haýyşyna görä, olaryň jaýlarynda dikeldiş işleri geçirilip, täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün ediler” diýip, podpolkownik Annagurdow aýdýar.

Şeýle-de, ol partlamanyň bolan ýerinde ot öçürijileriň toparynyň, raýat goranyş gullugynyň, tiz kömek işgärleriniň bardygyny we barlaglaryň güýçli depginde dowam etdirilýändigini hem belleýär.

“Türkmenistan Hronikasy” neşiri jaýyň daş-töwereginiň gabawa alnandygyny we bu ýere adamlaryň golaýlaşdyrylmaýandygyny habar berdi.

Aşgabat şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň käbirinde betbagtçylykly hadysalaryň döremegi bilen bagly mundan ozal hem maglumatlar peýda bolupdy.

17-nji iýunda öýlän sagat 15:00 töweregi Aşgabadyň “Hitrowka” atly bölegindäki Çapaýewa köçesiniň ugrunda ýerleşýän dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde sowadyjynyň partlamagy netijesinde ýangynyň dörändigini, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berdi.

Geçen ýylyň maýynda Aşgabadyň Parahat-6 etrapçasyndaky 69-njy jaýda ýangynyň dörändigi mälim boldy. Şonda “Türkmen.News” neşiri wakada bir göwreli enäniň we onuň 6 ýaşyndaky oglunyň heläk bolandygyny habar beripdi. Ýöne Azatlyk Radiosyna bu maglumaty degişli resmilere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG