Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda öli it-pişikleriň ysy ýaşaýjylary alada goýýar


Aşgabat (arhiw suraty)
Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary şäheriň köçelerinde we ýaşaýyş jaýlarynda öli itleriň we pişikleriň jesetleriniň çüýremeginden aladalanma bildirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we biz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, şu günler şäheriň ençeme etrabynda ýakymsyz ysyň saklanýandygyny, we köpleriň muny köçelerde we ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda ýatan öli iteriň w pişikleriň "bozulyp barýan jesetleriň" ysy bolmagyny çak edýärler.

-Şäheriň dürli etraplarynda "maslyklaryň" ysy gelýär. Bu, jaýlaryň ýerzeminlerinde, basgançaklaryň aşagynda we beýleki ýerlerde ölen pişikleriň jesetleriň bozulýar, olar zäherlenenden soň buky bir ýere gizlenip, ölýärler. Emma köplenç ölen pişikler jaýlaryň öňünde duş gelýär" diýip, 21-nji iýunda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Aşgabadyň 11-nji etrapçasynyň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdiler.

"Bir wagtda üç sany pişik, uzak wagtlap köpçüligiň gözüniň öňünde çaşyp ýatdy. Jaýyň golaýynda köp wagtlap ýaşan pişikleri ýaşaýjylar iýmitlendirýärdi. Ýaşaýjylar hatda öý dolandyryş edarasyna jaň edip: "Öldürýän bolsaňyz aýyryň! diýip, olary aýyrmagy talap etdirler. Edaranyň işgärleriň biri häzir itleriň we pişikleriň köpçülikleýin ýok edilýändigini, prezidentiň doglan gününiň öňüsyrasynda" diýip, aşgabatly söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň 11-nji etrapçasynyň öý dolandyryş edarasy we Aşgabadyň jemagat hojalygy gulluklary bilen habarlaşmak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.

Soňky aýlaryň dowamynda Aşgabadyň häkimiýetleri şäherde idegsiz ýören itleri we pişikleri ýok etmek boýunça çärelerini güýçlendirdiler.

Türkmenistanyň paýtagtynda it-pişikleri awlamak boýunça işleri şäheriň jemagat gulluklarynyň, şol sanda öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri, şeýle-de köçelerde ýörite awtoulagly aýlanýan gulluklaryň wekilleri amala aşyrýarlar.

Aşgabatda idegsiz haýwanlara garşy göreş itleri we pişikleri tutup äkitmekden daşary, olary zäherlemek usuly ulanylýar. Habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, köçelerde esasan hem ýaşaýyş jaýlaryň töwereginde köçe süpürijiler tarapyndan awuly iýmit taşlanýar we soň öli haýwanlaryň maslyklary ýygnalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG