Moskwa polisiýasy oppozisiýa kandidatlarynyň sentýabrdaky ýerli saýlawlarda bäsleşmek üçin hasaba alynmazlygyna garşy protest bildirmek üçin 3-nji awgustda ygtyýar berilmedik ýygnanyşyga çykan demonstrasiýaçylary tussag edýär.
Şäher häkimiýetleri “prowokasiýalary togtatmak üçin ähli çäräni görjekdigini” duýdurandan soň, rus paýtagtynyň köçelerinde uly möçberde pitnä garşy polisiýanyň ofiserleri ýerleşdirildi.
Garaşsyz syýasy gözegçi bolan OVD-Info häzire çenli Moskwadaky demonstrasiýada azyndan 311 protestçiniň tussag edilendigini aýtdy.
Biraz öň tanymal oppozisiýa aktiwisti Lýubow Sobol, syýasy edarasyndan çykan badyna, polisiýa tarapyndan alnyp gidildi.
Açlyk yglan eden Sobol taksili protest meýdanyna barýan wagtynda tussag edilip, polisiýanyň awtobusyna mündürilip, alnyp gidildi.
“Siz meni näme esasynda tussag edýärsiňiz?” diýip, ol özüni alyp barýan polisiýa ofiserlerinden gaýta-gaýta sorady.
Häkimiýetler iýul aýynda oppozisiýa kandidatlarynyň birnäçesiniň sentýabrda geçjek ýerli saýlawlarda bäsleşige çykmagyna gadaganlyk girizileli bäri Moskwa ençeme protest aksiýasyna şaýat boldy.
27-nji iýulda guralan soňky protest hereketlerinde, polisiýanyň zorlukly basyp ýatyrmalary netijesinde, şäherde 1400 çemesi demonstrasiýaçy tussag edildi.
Moskwa şäher dumasyna kandidat boljaklaryň birnäçesine tussag etmeler, öýlerini dökmeler ýaly azar berildi.
Moskwanyň şäher prokuraturasynyň edarasy 2-nji awgustda polisiýanyň “yzy bilen jemgyýetçilik tertip-düzgünleriniň bozulmagyna alyp geljek prowokasiýalary, pitneleri we beýleki hereketleri togtatmak üçin zerur bolan ähli çäräni görjekdigini” aýtdy.
"2019-njy ýylyň 3-nji awgustynda Moskwa şäherinde köpçülikleýin, ygtyýar berilmedik jemgyýetçilik çäresini geçirmek synanyşygy kanunyň gönümel bozulmagy bolup durýar” diýip, prokuratura edarasy duýdurdy.
Moskwa sudy 2-nji awgustda dört aktiwisti, 27-nji iýuldaky ygtyýar berilmedik ýygnanyşyga gatnaşandygy üçin, sentýabryň aýagyna çenli deslapky tussaghanada oturmaga höküme etdi. Iki aktiwist bolsa, polisiýa hüjüm etmekde günälendi.
Şeýle-de, 2-nji awgustda Moskwanyň şäher dumasyna geçiriljek saýlawlarda kandidat hökmünde hasaba alynmadyk Ýegor Žukow köpçülikleýin bidüzgünçilige gatnaşmakda aýyplandy.
Şu aralykda Moskwa häkimiýetleri 3-4-nji awgustda Gorkiý parkynda, mugt nahar we tanymal rus aýdym-saz toparlarynyň aýdym aýtjagyny wada berip, festiwal geçirmegi planlaşdyrýarlar.
Emma muňa garamazdan, Çişlik Live konsertinde çykyş etmeli aýdym toparlarynyň ikisi - “Brawo” we “Tekuillajazz” özleriniň bu festiwala gatnaşmak planlarynyň ýokdugyny aýtdy. Şol bir wagtda, sanawa girizilen aýdym toparlarynyň ikisi Çişlikde çykyş eder.
Moskwa şäher geňeşine saýlawlara gatnaşmaga goýberilmedik garaşsyz we oppozisiýa kandidatlary 3-nji awgustda, bäsleşige goýberilmezliklerine garşy protest bildirip, Moskwanyň Halka bulwarynda ýöriş geçirmegi planlaşdyrýarlar.
Moskwanyň saýlaw resmileri olary kandidat hökmünde hasaba almazlyklarynyň sebäbini geljekki dalaşgärleriň saýlawda bäsleşmek üçin toplan 5500 golunyň käbiriniň galplygy bilen düşündirdi.
Garaşsyz we oppozisiýa kandidatlary bu aýdylýanlary ret edýärler we Moskwa häkimiýetleriniň diňe özlerini Kremle tarapdar kandidatlar bilen bäsleşmäge goýbermek islemeýändiklerini aýdýarlar.
Moskwada 20-nji iýulda guralan ýygnanyşyga 20 müň çemesi adam gatnaşdy.
Alekseý Nawalnyý, tanymal oppozisiýa aktiwist bu demonstrasiýalaryň ret edilen kandidatlar hasaba alynýança dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Moskwa dumasy diýip bilinýän şäher geňeşiniň 45 agzasy bolup, olar güýçli wezipeleri eýeleýär we kanun taslamalaryny teklip etmek, şeýle-de şäheriň 43 milliard dollar möçberindäki býujetiniň nähili harçlanandygyny derňemek hukugyna eýe bolýar.
Mulikowyň özi eden etdilige ýol berdi. Indi ozünede edýärler. Araplarda bir söz bar. Men dakka dukka. Eden tapar diýleni. Tak çto häzirki oturan wezipeli çinowniklerem özlerni pensiýa çykyp gidip oturaryn oýtmesinler. Soňyňyz Mulikowdan üýtgeşik bolmaz eger adam hukugyny depgileseňiz, Konstitusiýadan, kanundan daşlaşsaňyz. Mulikow diýilýan adam ýaranjanlygyň netijesiniň boşdygyny subut etdi. Diýmek ýeri gelende etjekdäl diýmegem başarmaly eken. Anha indi düýnki basgylan kanunlary, adam hukuklary, konstitusiýasy hemme kimden beter özüne gerek bolup dur. Ýone indi giç. Ol giren ýeriňden belki çykarsyň, belki çykyp bilmän o dünýä ötersiň. Örän gynançly waka we soň.
Konstitusiýany üýtgetmekden netije ýok, sistemany üýtgetmeli. Türkmenistan durşuna gözboýagçylyga, korrupsiýa batdy. Muny prezident hem tassyklap, boýun alyp otyr. 2009-njy ýyldan bäri içeri işler ministri bolup işlän resminiň we gümrük gullugynyň ozalky resmisiniň parahor bolandygyny, uly möçberlerde para alyp gelendigini resmi ýagdýada tassyklamak bilen, ýurduň durşuna parahorluga çümendigini gytaklaýyn boýun aldy. Mundan öň, prezident öz wezipä bellän ýokary derejeli resmilerini yzygiderli, ýyllap işden boşadanda, jogapkär işgärleri parahorlukda ýa anyk aýdylmaýan "düýpli kemçileri goýbermekde" aýyplanda hem öz kadrlar syýasatynyň netijesizdigini, belki-de çüýrükdigini tassyk edýärdi. Soňky ýyllarda wezipä bellenen we soňra wezipesinden kowlan onlarça öňki resmi ýurduň ykdysadyýetine näçe zyýan ýetirdi, bu soragy ne prezidente, ne mejlise berip bolýar. Prezidentiň ol adamlary wezipä bellemek bilen goýberen düýpli kemçiliklerden näme netije çykaryldy? Hiç netije. Ne hökümetde, ne metbujgatda bu soraglary gozgap ýa galdyryp bolýar. 30 ýyl bäri şol bir ýagdaý dowam edýär. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow baş prokuror Gurbanbibi Atajanowany wezipesinden boşadyp, türmä basanda, onuň baş prokuraturany parahana öwrendigini aýdypdy. Şeýle-de Nyýazow häkimleriň ýeriň hakyky eýesini tapman, ony tanyş-bilişlerine satandygyny, öz wizpä bellän resmileriniň tas hemmesiniň ogry bolup çykandygyny boýun alypdy. Bu häzirki prezidentiň döwründe hem şeýle boldy. Emma ol Nyýazow ýaly bolan zady boýun almagy hem başaranok, gaýta "bojak işe çäre ýok" diýip, öz elinden hiç zat gelmeýändigini tassykalýar. Soňundan bolsa, korrupsiýa garşy göreşmegi wada berýär. Muňa kim ynanýar? Eger ol göreşen bolsa, içeri işler minstri on ýyllap para alyp bilermidi? Gepiň gysgasy, prezident hem, onuň wizipä belleýän adamlary hem hiç wagt ýurduň we adamlaryň problemalaryny çözmez, olaryň özi problema!
Mejlise gowja sallancak ,cacek zat alsalar hakyky sadyk bolyada)