Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda yssy howa zerarly tiz kömek çakylyklarynyň ýygjamlaşandygy aýdylýar


Illýustrasiýa suraty

Soňky günlerde Aşgabatda howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, şäheriň bazarlarynda adamlaryň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy we Tiz kömek ulaglarynyň köpçülikleýin çagyrylmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykandygyny, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri 6-njy awgustda habar berdi.

“Howa şeýle bir yssy welin, käte paýtagtyň ýapyk görnüşli bazarlaryna, şol sanda Optom bazara, “Jennet” we “Lälezar” bazarlaryna günde birnäçe gezek Tiz kömek ulagy gelýär. Olar yssy howa zerarly saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan satyjylara we alyjylara ilkinji medisina kömegini berýärler. Näsaglaryň käbiri keselhana alnyp gidilýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy gürrüň berdi.

Habarçy şäher we bazar administrasiýasy ýapyk görnüşli bazarlaryň tas ählisinde diýen ýaly kondisionerleri oturdan bolsa-da, olaryň adatça sowadyjy enjam hökmünde işlemeýändigini hem aýtdy.

“Tutuş bazarda kondisionerleriň bolup bilse iki sanysy işleýär. Galanlary diňe yssy howany aýlaýar. Bu ýerlerde, hamala, pejiň içinde oturan ýaly bolýarsyň” diýip, habarçy belledi.

Howa maglumatlaryny çap edýän Accuweather.com saýtynyň 7-nji awgustda beren maglumatyna görä, howanyň gyzgynlygy Aşgabatda 34, Lebapda 43, Maryda 39, Daşoguzda 36, Balkanda 35 gradusa barabar. Ýöne mundan ozalky günlerde Türkmenistanyň tas ähli welaýatlarynda diýen ýaly howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan aşýardy.

Iýul aýynyň dowamynda Azatlyk Radiosy özleriniň bank kartlaryna geçen pensiýa we zähmet haklaryny bankomatlarda nagtlaşdyrmak üçin uzyn nobatlara garaşmaga mejbur bolýan adamlaryň arasynda orta ýaşly erkekleriň, aýallaryň we garrylaryň yssy howada huşundan gidip ýykylýanlaryň bardygyny birnäçe gezek habar berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 5-nji awgustda çap eden maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň iýul aýynda Lebap welaýatynyň uly bölegi, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň käbir sebitleri – ýurduň umumy territoriýasynyň ortaça bäşden bir bölegi – 2010-njy ýyldan bäri iň yssy howany başdan geçirdi.

Neşir “Pogoda i klimat” saýtyna salgylanyp, iýul aýynda Aşgabatda howanyň ortaça gyzgynlygynyň 33,6 gradusa barabar bolandygyny habar berýär. Maglumatda şu ýyl Aşgabatda iň yssy howanyň 16-njy iýulda hasaba alnandygy we şonda howanyň gyzgynlygynyň 43,7 gradusa çenli baryp ýetendigi aýdylýar.

“Şu ýyl Türkmenabat şäherinde iň yssy howa 21-nji iýulda hasaba alnyp, bu görkeziji 45,3 gradusa barabar boldy. Daşoguzda şu ýyl iň yssy howa 20-nji iýulda boldy we şonda howanyň gyzgynlygy 46,3 gradusa barabar boldy. Şu ýyl Maryda iň yssy howa 21-nji iýulda hasaba alnyp, bu görkeziji 46,4 gradusa barabar boldy. Şu ýyl häzirki güne çenli Türkmenbaşy şäherinde howanyň gyzgynlygynyň iň ýokary derejesi 38,9 gradusa barabar bolup, bu görkeziji 22-nji iýulda hasaba alyndy” diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Habarda şu ýyl Türkmenistan boýunça iň yssy howanyň 19-njy iýulda Ahal welaýatynyň Ýerbent sebitinde hasaba alnandygy we şonda howanyň gyzgynlygynyň 47,8 gradusa barabar bolandygy bellenilýär.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugyndan hem-de Türkmenistanyň Saglygyny goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG