Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň bankomatlarynyň öňündäki uzyn nobatlar has-da uzap dowam edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary şäherinde ýerleşýän “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyndaky bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmaga garaşýan adamlaryň uzyn nobatlary dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri we habarçylary Mary şäherindäki bankomatlardaky nagt ýetmezçiligi bilen bagly habarlary ýakyndan yzarlaýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 8-nji awgustdan 9-njy awgusta geçilen gije sagat 1:10-da “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň öňündäki bankomatlar üçin düzülen nobat sanawynda 350 adamyň ýazylandygyny habar berdi.

Habarçy gije sagat 1:17-de agzalýan sanawy täzeden barlady. Ol bankomatdan pul nagtlaşdyrmaga garaşýan adamlaryň sanynyň 367 adama ýetendigini habar berdi.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň aýlyk haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary olaryň bank hasaplaryna geçirilýär. Raýatlar bank kartlaryna geçen maliýe serişdelerini bankomatlarda nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bilen gürrüňdeş bolan Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy adamlaryň heniz iýul aýyna degişli ýaş çagalara döwlet tarapyndan tölenýän kömek pullarynyň tölenmändigini aýdýar. Onuň maglumatlaryna görä, welaýatyň çäginde 5-nji awgust güni pensiýa tölegleri raýatlaryň bank hasaplaryna geçirildi.

“Ýöne häzir adamlar iýun aýynyň hakyny nagtlaşdyryp bilseler razy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy awgustda Marydan habar berdi.

Habarçy irden sagat 7:00-de degişli bankomatlara täzeden aýlandy. Ol nobata duran adamlaryň sanynyň 800 adama ýetendigini habar berdi.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Owaz” radio kanalynda raýatlaryň her aýyň 10-na çenli tebigy gaza degişli töleglerini tölemelidikleri aýdylyp, bildirişler berilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň ýurt içinden ýetiren maglumatlaryna görä, döwlet telewideniýesi hem raýatlara hojalyk hyzmatlaryna degişli tölegleri her aýyň 10-a çenli tölemelidiklerini ýatladyp bildirişleri berýär.

“Her aýyň 10-na çenli aýlyk berjek diýip aýtmaýar bular” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysynyň ýanynda igendi.

Habarçy 9-njy awgustda günortana golaý Mary şäheriniň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň öňünde bankomat nobatyna garaşýan adamlaryň sanynyň sanawda 1000 adama ýetendigini habar berdi.

Ýatlasak, ýerli habarçylar düýn hem Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar barada habar beripdi.

8-nji awgustda Azatlygyň habarçysy Marynyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň öňünde nobata garaşýan adamlaryň sanynyň 300 adama golaýlandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň beýleki künjeklerinde-de raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak boýunça ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dowam edýär.

Ýerli habarçymyz 7-nji awgustda Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryna degişli bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan adamlaryň sanynyň degişlilikde 800 we 1500 adama ýetendigini nobat üçin düzülen resmi bolmadyk sanaw ýazgylaryna salgylanyp habar berdi.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar barada habar bermeýär.

Döwlet emeldarlary döreýän nobatlaryň ne bankomat ýetmezçiliginden, ne nagt ýetmezçiliginden, ne-de başga sebäpden uç alýandygyny ýa-da almaýandygyny aýdyp resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Azatlyk Radiosy Mary şäheriniň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň öňünde döreýän nobatlar barada bankyň özünden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG