Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda we Maryda bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar saklanýar


Türkmenistanda bankomatdan pul nagtlaşdyrýan aýallar. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda ýerli ýaşaýjylaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary saklanyp galýar.

8-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri Balkan we Mary welaýatlarynyň merkezi şäherlerinde bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar barada habar berdiler.

“Marynyň (Mary şäheriniň – red.) bankomatlarynda nobatlar berk; hatda, maýyplar-da, pensionerler-de, ýaş çagaly aýallar-da nobatsyz goýberilmeýär. Nobata garaşýan adamlaryň sany 300 adama golaý” diýip, maryly habarçy 8-nji awgustda günortan şäheriň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň bankomatlaryň öňünde dörän nobatlardan habar berdi.

“Pul çalt gutarýar. Köpler alyp bilmeýär. Yssyda adamlar kösenýär” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylar bankomatlardan nagtlaşdyryp bolýan pullarynyň mukdarynyň 100 manada çenli çäklendirilendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ikinji habarçysy Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli şahamçalarynyň bankomatlarynyň öňünde 7-nji awgustda dörän uzyn nobatlardan habar berdi.

Habarçy agzalýan şäherlerde bankomatlarda döreýän nobatlaryň adam sanynyň degişlilikde 800 we 1500 adamdan ybaratdygyny bankomatlaryň öňünde düzülen resmi bolmadyk sanaw ýazgylaryna salgylanyp habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, pul nagtlaşdyrmaga garaşýan mähelleden bary-ýogy 50 adama pul ýetýär.

“50 adam pul nagtlaşdyrandan soň, pul gutarýar. Adamlar öz aralarynda ýakalaşýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň aýlyk haklaryny olaryň bank hasaplaryna geçirmek işleri soňky 6 ýyla golaý wagt bäri tapgyrlaýyn amala aşyryldy.

2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň pensiýa haklary, döwlet kömek pullary hem olaryň bank hasaplaryna geçirilmeli edildi.

Azatlyk Radiosy raýatlaryň aýlyk tölegleriniň bank hasaplaryna geçirilmäge başlanmagy bilen Türkmenistanda bankomatlar we bank kartlary bilen bagly ýüze çykan problemalar, hususan-da bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar barada yzygiderli habar berip geldi.

Ýöne soňky iki aýa golaý wagt bäri ýurduň dürli regionlarynda, şol sanda paýtagt Aşgabatda pul nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar barada gelip gowuşýan habarlar has-da ýygjamlaşdy.

5-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Mary şäheriniň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň bankomatynda nobata duran adamlaryň sanynyň irden sagat 8:00-de 500 adama ýetendigini düzülen sanawa salgylanyp habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Mary şahamçasynda 5-nji awgustda irden sagat 9:00-da eýýäm 300 adam nobata ýazylypdy.

31-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Marynyň “Belent” söwda merkezinde ýerleşýän bankomatlaryň öňünde dörän 80-90 adamlyk nobat barada habar berdi.

23-nji iýulda habarçymyz Marynyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň bankomatlarynyň öňünde dörän 50-60 adamlyk nobatlarda 46 gradus yssy howada 50 ýaşlarynda bir aýalyň huşuny ýitirip çaşandygyny habar berdi.

3-nji awgustda turkmen.news neşiriniň Instagram sahypasynda Türkmenistanda bir bankomatyň öňünde gije garaňkyda dörän nobatda düşürilen bir wideo peýda boldy. Onda adamlaryň öz ara gürrüňlerinde nägileliklerini eşitmek bolýar.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi iýunyň aýagynda nobatsyz bankomatlardan pul nagtlaşdyryp, alan pullaryny maňlaýyna sylýan raýatlaryň wideo şekillerini görkezdi.

Azatlyk Radiosy Mary we Balkan welaýatlarynyň degişli bankomatlarynda döreýän nobatlar barada Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik ýa-da “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG