Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň bankomatlarynda pul tapdyrmaýar, raýatlar aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin şäheriň dürli künjegine aýlanýar


Türkmenistandaky bankomatlaryň biriniň öňünde goýlan "pul ýok" diýen ýazgy
Türkmenistandaky bankomatlaryň biriniň öňünde goýlan "pul ýok" diýen ýazgy

Türkmenistanyň Mary şäheriniň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi dowam edýär. Howanyň gyzgynlygy 46 gradusa çenli ýetýän şu günlerde şäheriň ýaşaýjylarynyň ençemesi zähmet we talyp haklaryny nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň ýerleşýän ýerlerine aýlanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, bankomatlarda birnäçe gün bäri dowam edýän nagt pul ýetmezçiligi 23-nji iýulda has-da güýçlendi.

“Düýn öýländen bäri Mary şäheriniň tas ähli ýerinde, şol sanda aeroportda, demirýol wokzalynda we banklarda ýerleşdirilen bankomatlarda nagt pul ýok. Adamlar jokrama yssyda elleri kartly bankomat gözläp ýörler, ýöne hiç ýerde pul tapdyrmaýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat habarçy 24-nji iýulda gürrüň berdi.

Habarçy iň soňky gezek 23-nji iýulda irden Mary şäheriniň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň daşyndaky bankomatdan çäkli möçberde pul alyp bolandygyny, ýöne bu ýerdäki pul serişdesiniň hem gysga wagtyň dowamynda gutarandygyny hem aýtdy.

“Bu bankomatlaryň öňünde 50-60 adam nobata durdy. Bu ýerde her karta 50 manatdan berildi. Adamlar kartlaryny sokup-çykaryp, her gezek 50 manatdan pul aldy. Mundan ozal raýatlar her günüň dowamynda 800 manat puly nagtlaşdyryp bilýärdi. Ýöne bu bankomatdaky pul hem dessine gutardy” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçy edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary okuw jaýynyň studentleriniňaglabasynyň zähmet we talyp haklarynyň eýýäm 10-njy iýulda plastik bank kartlaryna geçirilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Mary welaýatyndaky edarasyndan, şeýle-de “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankyndan telefon arkaly häzirlikçe kommentariý alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändigi aýdylýan Türkmenistanda bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy ýa-da olaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar barada Azatlyk Radiosy şu aýyň birinji ongünlüginden bäri azyndan bäş gezek habar berdi.

23-nji iýulda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren maryly habarçy howanyň gyzgynlygy 46 gradusa çenli ýetýän şu günlerde bankomatlaryň öňünde nobata duran adamlaryň arasynda özünden gidip, çaşýanlaryň hem bardygyny aýtdy.

12-nji iýulda bolsa, Azatlyk Radiosynyň Mary şäherindäki habarçylarynyň ýene biri adamlaryň indi bankomatlaryň öňünde nobatda garaşmagy bes edendigini, sebäbi olarda nagt puluň ýokdugyny habar berdi.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklaryny, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň talyp haklaryny, pensionerleriň pensiýa haklaryny, çagaly eneleriň we mümkinçiligi çäkli adamlaryň kömek pullaryny bank hasaplaryna, ýagny plastik kartlara geçirmek işleri soňky bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tapgyrlaýyn amala aşyryldy.

Häzirki wagt türkmenistanlylar öz plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny, talyp we pensiýa haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda nagt däl söwdanyň hem kadaly ýola goýulmandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumatda ýurduň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sanynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda 3 million 190 müň 820-ä ýetip, bularyň 560 müň 950 sanysynyň Mary welaýatyna degişlidigi aýdylýar.

Şeýle-de, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tutuş ýurt boýunça 2 müň 198 sany bankomatyň hasaba alnandygy we onuň 458 sanysynyň Mary welaýatynda ýerleşýändigi bellenilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň bankomatlarynda emele gelýän nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada düşündiriş ýa-da maglumat bilen çykyş etmän gelýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG