Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýän aýallar çäresizlikden aglaýarlar


Türkmenistanda otly biledini satyn almak üçin nobata duran adamlar. Arhwiden alnan surat

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýandygy barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri bankomatlaryň öňünde zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýän käbir aýallaryň aglap duran pursadyny hem görse bolýandygyny aýdýar.

“Adamlar näme bolýanyna düşünenoklar. Adamlaryň plastik bank kartlarynda puly bar, ýöne jübüleri boş. Olar ‘puly nagtlaşdyryp bolmasa, kartdan benzin guýup bolmasa ýa-da azyk harytlaryny satyn alyp bolmasa, kartda san duranynyň peýdasy näme?’ diýýärler. Bankomatlaryň öňünde aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran käbir aýallar näme etjegini billmän, alaçsyz göz ýaş edip, aglaýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 31-nji iýulda gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçy şäheriň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda ýerleşdirilen bankomatyň öňünde plastik kartlaryndaky zähmet haklaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlaryň sanynyň käte 300-e golaýlaýandygyny aýdýar. Olaryň arasynda býujet işgärleri, şol sanda polisiýa ofiserleri we ýurduň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri bar.

“Şu gün irden sagat 07:30 töwereginde ‘Belent’ söwda merkeziniň işiginde 80-90 adam üýşdi. Ýöne sagat 08:20 töweregi söwda merkezi açylanda, bu ýerdäki bankomatda pul ýokdy. Soňra adamlaryň her biri başga ýerlere bankomat gözleginde gitdiler. Şäheriň ‘Türkmenistan’ döwlet täjirçilik bankyndaky iki bankomada häzirlikçe pul bar. Ýöne bu ýerdäki adamlar azalman, diňe köpelýär. Sebäbi adamlar ‘bu bankomatda pul bar’ diýip, tanyş-bilişlerini çagyrýarlar” diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtyň özünde habarçy Mary şäherinde diňe bankomatlaryň däl, eýse töleg terminallarynyň hem aglabasynyň işlemeýändigini aýdyp, munuň raýatlaryň bank kartlary arkaly nagt däl söwdany amala aşyrmak mümkinçiligini hem çäklendirýändigini aýtdy.

“Türkmenistanyň ‘Daýhanbank’ döwlet täjirçilik bankynyň Marydaky bölüminden 6000 manat möçberinde kredit alan bir adama duşdum. Ol ‘mebel, telewizor aljak bolýan, ýöne nirä barsam terminal işlänok diýýärler’ diýdi. Adamlar azyk satyn aljak bolup, söwda nokatlaryna baranda-da, işleýän terminal tapyp bilmeýärler. Onsoň adamlar hiç zat satyn alyp bilmän, yzlaryna gaýdýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol türkmen banklaryndan kredit kartlaryny, ýagny karz-pul kartlarynyalmagyň düzgünleri barada hem käbir maglumatlary berip, bu pul serişdesini diňe nagt däl amallar üçin ulanyp bolýandygyny aýtdy.

“‘Daýhanbank’ döwlet täjirçilik bankyndan kredit kartyny aljak bolsaň, işleýän edaraňdan ‘şu işgär bizde hakykatdan hem işleýär, her aýda ortaça şunça aýlyk alýar’ diýip, hat eltmeli. Mundan başga-da, edara-kärhanada işleýän iki sany şaýat bolmaly. Ol şaýatlar-da, edaralaryndan hat alyp, banklara barmaly-da, ‘kredit kart alýan adam töläp bilmedik ýagdaýynda, özümiz töläris’ diýip, gol çekmeli” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Mary şäheriniň bankomatlarynda dowam edýän nagt pul ýetmezçiligi barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň we ‘Daýhanbank’ döwlet täjirçilik bankynyň bu welaýatdaky edaralaryndan kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň bankomatlarynda indi iki ýyldan gowrak wagt bäri nagt pul ýetmezçiligi wagtal-wagtal dowam edýär. Emma şu aýyň başyndan başlap bu mesele Mary şäherinde has-da güýçlendi. Azatlyk Radiosy marylylaryň öz zähmet, pensiýa we talyp haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda duçar bolýan kynçylyklary barada şu aýyň başyndan bäri 10-a golaý gezek habar berdi.

8-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri özleriniň bank kartlaryna geçen pensiýa haklaryny bankomatlarda nagtlaşdyrmak üçin uzyn nobatlara garaşmaga mejbur bolýan garrylaryň arasynda, howanyň gyzgynlygy 45 gradusa çenli ýetýän yssy howada huşundan gidip ýykylýanlaryň hem bardygyny habar berdi.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklaryny, studentleriň talyp haklaryny, pensionerleriň pensiýa haklaryny, çagaly eneleriň we mümkinçiligi çäkli adamlaryň kömek pullaryny bank hasaplaryna, ýagny plastik kartlara geçirmek işleri soňky bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tapgyrlaýyn amala aşyryldy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi nagt pul ýetmezçiliginiň fonunda, ýüzüne pul sylýan kärendeçileri görkezse-de, türkmen resmileri bankomatlar boýunça ýurtda bar bolan kynçylyklary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG