Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda azyk nyrhlary ýene ýokarlandy, haryt gytçylygy döredi


Aşgabat, Iýul, 2019

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy we döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygynyň güýçlenmegi göze ilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda paýtagtda azyk önümleriniň ençemesi gymmatlapdyr, munuň bilen bir wagtda-da döwlet dükanlarynda ýumurtga, käşir, käbir welaýatlarda towuk budy satuwdan aýrylypdyr.

"Dükanlarda käşir ýok, hususy dükanlarda bolsa onuň bir kilogramy 6,6 manada satylýar. Döwlet dükanlarynda ýumurtga ýok boldy, hususy dükanlarda onuň her biri 0.8 manatdan satylýar" diýip, Azatlygyň habarçysy 15-nji awgustda habar berdi.

Döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleriniň ilata resmi taýdan kesgitlenen nyrhdan hödürlenmegi göz öňünde tutulýar. Şol bir azyk önümleriniň bazardaky we hususy dükanlardaky bahasy esli ýokary bolýar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, şu günler döwlet dükanlarynda satuwdan aýrylan ýumurtganyň bazardaky bahasy tas iki esse ýokary. Birnäçe gün mundan öň käşiriň bazardaky bahasy hem iki esse arzan bolup 3 manat töweregindedi.

Paýtagt bilen bilelikde ýumurtganyň söwdasy Maryda hem çäklendirilipdir. Emma welaýatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, bu ýerde towuk ýumurtgasyny käbir ýerli dükanlarda tapyp bolýar, ýöne hojalyklarda öndürilen towuk ýumurtgasy gyt haryda öwrülipdir.

"Öýde öndürilen towugyň ýumurtgasy hiç ýerde ýok. Hususyýetçiler özlerine satmaga rugsat berilmeýändigini aýdýarlar. Bukulyp satýarlar. Meselem Marynyň gök bazarynyň golaýynda olar her kime satmak islemeýärler, diňe tanyşlaryna berýärler. Her ýumurtga 1.2 manadan, göze ilmez ýaly gara pakete salyp berýärler" diýip, Marydaky habarçymyz 15-nji awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şu günler Marynyň döwlet dükanlarynda towuk budy tapdyrmaýar, emma bu haryt "kesgitli nyrhdan" 20 prosent ýokary bahadan bazarlarda satylýar.

Türkmenistanda soňky günlerde käbir harytlaryň gytalmagy bilen bir wagtda bahalaryň ýokarlanmagy göze ilýär.

14-nji awgustda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň bazarlaryndaky nyrhlary öwrendiler.

Olaryň sözlerine görä, kartoşkanyň 1 kilogramy 7 manada satylýar, pomidor - 5 manat, sogan -3, kelem 3-4 manat, hyýar - 4.5 manat, alma - 6-8 manat, apelsin - 35 manat, garaly -10 manat, nar - 35 we 85 manat aralygynda.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar häzirki wagtda ýurtda azyk bahalarynyň ýokarlanmagyny Gurban baýramy bilen baglanyşdyrýarlar. Şol bir wagtda-da habarçylarymyz ýurtda 11-14-nji awgustda bellenen Gurban baýramynda ozalky ýyllardan tapawutlylykda toý şowhunynyň göze ilmändigini aýdýarlar we munuň sebäbini ilatyň maddy ýagdaýynyň agyrlaşmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy geçen gezek iýul aýynyň başynda hökümetiň indiki ýyldan aýlyklary we pensiýalary ýokarlandyrmak planlaryny yglan etmeginiň yzýany duýarlykly derejede ýokarlanypdy.

Aýlyklar, pensiýalar, kömek pullary we stipendiýalar adatça her ýyl 10% ýokarlanýar, munuň bilen bir wagtda-da bahalar her gezek azyndan iki esse galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG