Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýlyklaryň göterilmegi barada prezidentiň gol çeken permanyndan soň, bazarlarda harytlar gymmatlady


Aşgabatda bir döwlet dükanynyň öňünde iýmit önümlerini satyn almak üçin nobata garaşýan adamlar. Illýustrasiýa suraty.

Geçen hepde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet-edara kärhanalarynda aýlyklaryň ýokarlandyrylmagy barada permana gol çekenden soň, ýurduň bazarlarynda harytlaryň bahalary ýene-de gymmatlady.

5-nji iýulda prezident Berdimuhamedow döwlet-edara kärhanalarynda aýlyk haklarynyň, pensiýa we döwlet kömek pullarynyň hem-de talyp haklarynyň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap 10 prosent ýokarlandyrylmagy barada permana gol çekdi. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri bu kararyň yzýany ýurduň bazarlarynda harytlaryň bahalarynyň gymmatlandygyny habar berýärler.

“Aýlyklaryň ýokarlandyryljakdygy yglan edilenden soň hemme zat gymmatlady... Ýönekeý “Arçalyk” suwy 2.5 manat boldy, ozal onuň bahasy 1 manatdy” diýip, habarçy 9-njy iýulda Aşgabatdan habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, bahalary gymmatlan azyk önümleriniň hatarynda beýleki harytlar bilen bir hatarda tüwi, şeker we gerçka-da bar.

Bahalar gurluşyk harytlaryna-da öz täsirini ýetirdi:

“Mysal üçin, öňki 1 manatlyk lampoçkalar 4 manat boldy” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ozal bahasy 15 manat bolan sygyr eti häzir 28 manada çykdy.

“Gara bazarda” dollaryň nyrhy Aşgabatda 17 manatdan 18 manada çenli gymmatlady. Ýatlasak, geçen hepde walýutanyň “gara bazarynda” dollar Aşgabatda 17 manada düşüpdi, 2-nji iýulda onuň bahasy 16.5 manada çenli arzanlapdy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky ikinji habarçysy hususan-da soňky döwürlerde adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň örän agyrlaşandygyny, muňa “ýurtda giň ýaýran işsizligiň” hem-de “harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň” sebäp bolýandygyny ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp habar berýär.

“Işsizlik we nyrhlaryň ýokarlanmagy adamlarda uly kynçylyklary döredýär. Tutuş hojalyk bolup, diňe pensiýa ýaşaýan maşgalalar bar. Olar azyk harytlaryň gymmatlamagy bilen öýe gerek harytlary zordan satyn alýarlar” diýip, habarçy belledi.

Onuň regionda geçiren gözlegleriniň esasynda ýetiren maglumatyna görä, käbir hojalyklaryň arasynda köp wagtlap dişlerine et degmeýän maşgalalar bar:

“Käbir hojalyklaryň dişlerine et degmeýär, käbirleri et deregine sygryň kelle-baş aýagyny satyn alyp çagalaryna iýdirýärler” diýip, habarçy aýtdy.

“Süýji-köke ýa-da mesge satyn alyp bilmeýänler bar. Hususy dükanlara bergili bolýar käbir hojalyklar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda hususan-da ýurduň regionlarynda we oba ýerlerinde adamlaryň arasynda hususy dükanlardan iýmit önümlerini we beýleki harytlary puluny öňünden tölemezden, dilden ylalaşyk esasynda ýazdyryp almak tejribesi saklanyp galýar.

“Adamlar hususy dükanlara bergilerini wagtynda berip bilenok, şol sebäpden dükan eýeleri köplenç harytlary karzyna berjek däl diýip, bermegini bes edýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, paýtagt Aşgabatda we regionlarda azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy ýüze çykýar.

Hökümet resmileri bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etmeýär.

Prezidentiň aýlyklary ýokarlandyrmak barada 5-nji iýulda gol çeken permany üstümizdäki ýyl güýje girýär, ýöne Azatlygyň ýerli habarçylarynyň hem-de çeşmeleriniň gürrüň bermegine görä, bu ýagdaý ýurtda bahalaryň galmagyna 6 aý öňünden täsir edip başlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG