Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bu çörege 'ak' diýilýär


Aşgabadyň döwlet dükanlarynda satylýan çörek, 12-nji awgust, 2019
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda satylýan çörek, 12-nji awgust, 2019

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky günlerde döwlet dükanlarynda alyjylara hödürlenýän çöregiň we unuň hili ýaramazlaşypdyr.

- Döwlet dükanlarynda kadaly hilli çörek tapmak kynlaşdy. Köplenç pes hilli goňur çörek satýarlar. Ony iýip bolmaýar, onuň ysy ýaramaz - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 12-nji awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, dürli dükanlarda çöregi hili tapawutlanyp bilýär.

- Biz üç sany dükany aýlandyk, ak çöregi satyn almak üçin, soňundan tapdyk. Bärde Türkmenistanda ony ak çörek diýip atlandyrýarlar. Hakykatda ol onçakly ak hem däl - diýip, habarçymyz belledi.

Ýaňy-ýakynda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň döwlet dükanlarynda satylýan unuň hiliniň ýaramazlaşandygyny habar beripdi. Olaryň sözlerine görä, paýtagtyň dükanlarynyň ençemesinde heňlän, ýaramaz ysly un satylypdyr.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýokary hilli diýlip satylýan un, awgust, 2019
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýokary hilli diýlip satylýan un, awgust, 2019

Türkmenistanda döwletiň garamagyndaky dükanlarda ilata käbir azyk önümleriniň kesgitlenen nyrhdan satylmagy ýola goýulýar. Hususan-da, çörek 0,5 manatdan satylýar, unuň bir kilogramy 1 manatdan satylýar.

Soňky ýyllarda azyk önümleriniň gytçylygy yzygiderli ýüze çykýar, harytlar çäklendirilip satylýar, uly nobatlar döreýär.

Aşgabatda we welaýatlarda döwlet dükanlarynda çäklendirme girizilen wagtynda ilata adam başyna iki çörekden, 1 kilogram şekerden, üç kilogram tüwiden we 5 kilogram undan köp berilmändi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda gyt harytlaryň ýanyndan geçmeýän harytlaryň, şeýle-de möhleti geçen önümleriň goşulyp satylmagy ýaly ýagdaýlar seýrek däl.

Soňky aýlarda çörek, un, tüwi, şeker, pagta ýagy we ýumurtga gytçylygy ençeme gezek güýçlenipdi.

Türkmenistanyň ilaty azyk önümleriniň gytçylygy we çäklendirilip satylmagy bilen 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Tutuş ýurt boýunça azyk önümleriniň üpjünçiliginde bökdençlikler döräp durýar, ýüzlerçe adamlyk uly nobatlar emele gelýär. Paýtagtda ilatyň azyk üpjünçiligi welaýatlara garanda ganymat hasaplanylýar.

Marynyň un nobatlary
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00

Synçylaryň bellemegine görä, Türkmenistandaky azyk nobatlary we döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan azyk satýan ýöriteleşdirilen dükanlaryň saklanmagy ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan we ilatyň alyjylyk ukybynyň pesliginden habar berýär.

Şol bir wagtda-da, ýurduň ýolbaşçylary döwletiň ykdysady kynçylyklaryny boýun almaýar we halk hojalygynyň ähli taraplaýyn ýokary görkezijilere ýetendigini yglan edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG