Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň Döwlet migrasiýa gullugyndan 'biometriki pasport' almak işleri indi azyndan 4 aýa çekýär


Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge degişli pasporty

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän bölüminde biometriki pasport almak üçin ýüzlerçe raýat nobata ýazylýar; "biometriki pasporty" çykardyp almak prosesiniň wagty Daşoguzda indi 4 aýdan hem aşýar.

Bular barada turkmen.news neşiri 7-nji awgustda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, giň ýaýran işsizlik we maliýe kynçylyklary sebäpli ýerli ýaşaýjylar gazanç gözleginde daşary ýurda çykmak üçin köpçülikleýin häsiýetde Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz şahamçasyna ýüz tutýarlar.

“Eger 1 ýyl mundan ozal pasport 45 günüň dowamynda çykan bolsa, soň 2019-njy ýylyň aprel aýyndan başlap bu resminama 3.5 aýda taýýar bolup başlady. Indi, turkmen.news-iň çeşmeleriniň sözlerine görä, pasport almak üçin mundan beýläk adamlar azyndan 4 aý garaşmaly bolýarlar” diýip, neşir ýazýar.

“Pasporta ýüz tutmak üçin düzülen sanawa ýazylanlaryň sany 500-den hem aşypdyr” diýip, neşir çeşmesiniň sözlerine salgylanýar.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmegine we Türkmenistana gelmegine degişli pasporta ýüz tutýan adamlaryň sanynyň görnetin köpelmegi ýurtda işsizligiň giň ýaýramagy we halkyň ykdysady hal-ýagdaýynyň juda ýaramazlaşmagy bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistanlylaryň iş üçin, uzak möhletli ýa-da hemişelik göçmek isleýän ýurtlarynyň hatarynda Russiýa, Türkiýe, Gürjüstan, Kipr, Azerbaýjan ýaly ýurtlar bar.

Azatlyk Radiosy pasportlar bilen bagly döreýän nobatlar barada Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz şahamçasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Russiýa göçmek üçin resminama tabşyrmagyň nobatyna garaşýan adamlaryň sanynyň 7-nji awgustda azyndan 300 adama ýetýändigini habar berdi.

“Ähli ýakyn dogan-garyndaşlarym Türkiýä göçüp gitdiler, diňe biz galdyk” diýip, Daşoguz şäherindäki Döwlet Migrasiýa gullugynyň öňünde nobata garaşýan bir aýal turkmen.news neşiriniň habarçysyna gürrüň berýär. “Hatda 60 ýaşly pensionerler hem ýurtdan gidip başlady, sebäbi olar bu gün Türkmenistanda 650 manat (takmynan 36 dollar) pensiýa haky bilen ýaşap bilmeýärler. Stambulda ýa-da onuň eteklerinde maşyn ýuwup hem aýda 250-300 dollar gazanyp bolýar” diýip, pasport nobatyna garaşýan aýal aýdýar.

Neşir maglumatynda Türkiýä işlemäge giden käbir türkmenistanlylaryň sözlerini getirýär:

Olaryň hatarynda Rano atly aýal adamsy bilen 2 ýyl bäri Türkiýede işleýär. Ol 10 – 16 ýaş aralygyndaky dört çagasyny gaýynlaryna goýup, iki ýyl mundan ozal adamsy bilen Türkiýä işlemäge gidipdir.

“Men çagalarymy taşlap pul üçin kesekilere seretmeli bolaryn, onda-da ýat ýurtda seretmeli bolaryn öýdüp asla pikir etmändim” diýip, Rano turkmen.news neşirine gürrüň berýär.

Türkmenistanyň hökümeti hemişelik ýa-da uzak möhletli daşary ýurtlara göçen raýatlarynyň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň döwlet statistikalaryndan habarly ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda 1.9 milliona golaý adamyň ýurdy terk edendigini maý aýynyň aýagynda habar berdiler.

Bu habar bilen bir hatarda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda emigrasiýanyň täze tolkunynyň dörändigini gürrüň berýärler.

Türkmen resmileri henize çenli bu sanlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG