Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2019-njy ýylda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň sany bäş esse azaldy


Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleri. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleri. Arhiwden alnan surat

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) şu ýylyň başyndan bäri Russiýa okamaga gelen daşary ýurtlularyň sany baradaky statistiki maglumatlary çap etdi. RBK neşiri FSB-nyň gümrük gullugyna salgylanyp, şu ýyl Türkmenistandan 5815 studentiň okamaga gelendigini aýdýar. Bu san geçen ýyl bilen deňeşdirilende tas bäş esse azdyr.

Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda rus ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistanyň 27 müňden gowrak raýaty bilim alýardy. Şonda Türkmenistan Russiýada okaýan daşary ýurtly raýatlaryň sany boýunça ikinji orunda ýerleşýärdi.

FSB şeýle sanlary ilkinji gezek çap edýär we onda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Russiýa iň köp Gazagystandan (59,3 müň), Hytaýdan (21,2 müň), Özbegistandan (14 müň) we Ukrainadan (13,7 müň) studentleriň okamaga barandygy habar berilýär.

Geçen ýyl Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 274 müňden gowrak daşary ýurtly student bilim alýardy. Şonda ýurtda okaýan daşary ýurtly studentleriň sany boýunça Gazagystan birinji (65,6 müň), Türkmenistan ikinji (27,4 müň), Özbegistan üçünji (25,7 müň) we Hytaý dördünji (18,3 müň) orunda ýerleşýärdi.

Russiýada okaýan türkmen studentleriniň sanynyň birden pese gaçmagy, Türkmenistanyň öz raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagy bilen bagly çäklendirmeleri girizmeginiň yzýanyna gabat geldi. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistan ýurtda diplomlary kabul edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny yglan etdi.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň eýýäm daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okap ýören raýatlar dynç alyşda öýlerine (Türkmenistana) dolananda, olaryň gaýtadan ýurtdan çykmagynyň öňüni almaga synanyşýandygy barada habar berdi. Şeýle-de, heniz daşary ýurtlarda okuwyny tamamlamadyk studentleriň käbiriniň ýurda dolanan dessine, Aşgabadyň halkara aeroportundan harby gulluga alnyp gidilendigi barada hem maglumatlar bar.

Azatlyk Radiosy Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okan ýüzlerçe türkmen studentiniň tomusky dynç alyşlary möwsüminde öýlerine dolanandan soňra, Türkmenistandan çykyp bilmändigini hem habar berdi. Täjik häkimiýetleriniň maglumatyna görä, geçen ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlarynda 4 müň çemesi türkmenistanly bilim alýardy.

Türkmenistanyň ön müňlerçe raýaty daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Belarusyň we Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar.

Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek barada Bilim ministrliginiň ýaýradan täze Düzgünnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarda ýerleşýän döwlete degişli, şeýle-de öz ýerleşýän ýurdunda resmi ygtyýarlygy bolan beýleki ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndan berlen diplomlar ykrar ediler.

Ýöne munuň bir şerti – diplomy ykrar edilýän uniwersitetler dünýäde öňdeligi düzýän ýokary okuw jaýlarynyň sanawyna giren bolmaly hem-de hünär ugurlary Türkmenistanyň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen hünär ugurlary bolmaly.

Türkmenistanda diplomy kabul edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawy peýda bolandan soň, ýurduň döwlet edara-kärhanalarynda we orta mekdeplerinde düşündiriş çäreleri geçirilip başlandy. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary ýygnaklara bilim pudagynyň işgärlerinden başga-da, güýç gullugynyň gullukçylarynyň gatnaşýandygyny aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG