Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda okuw geýimlerini karz görnüşinde satyp başladylar


Aşgabadyň bazary (arhiw suraty)

Aşgabadyň dükanlary okuw geýimlerini alyjylara indi karz satyp başladylar. Bu barada 15-nji iýulda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berdi.

Neşriň maglumatyna görä, söwda merkezleriniň işgärleri mekdep üçin harytlary karz satyn almak boýunça bu täze mümkinçilik barada bildirişleri ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde asýarlar.

Ozalky ýyllarda okuw geýimleri we esbaplary karz satylmandy.

Neşriň maglumatyna görä, söwdegärler öz harytlaryny rassroçka, ýagny wagty bilen bölekleýin tölemek usulyny ulanmak bilen alyjylaryň az bolmagynyň we ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmeginiň netijesinde gowşan söwdasyny janlandyrmak isleýärler.

"Okuw ýylynyň golaýlamagy bilen dükan eýeleri ilatyň uly böleginiň alyjylyk ukybynyň pesdigine göz ýetirdiler, şonuň üçin mekdep geýimlerini we esbaplaryny satyp bilmän, zyýana galmak töwekgelçiligi artýar" diýlip, maglumatda bellenýär.

Ilata mekdep harytlarynyň bahasyny bölekleýin tölemek usuly üç aýlyk möhlet bilen hödürlenýär. Bu mümkinçilige eýe bolmak üçin alyja işleýändigi hakynda we aýlygynyň mukdary barada resminama görkezmek zerur. Mundan soň satyn alnan harydy girew goýman alyp gitmek mümkin. Ýeke-täk çäklendirme satyn alynjak harydyň bahasy alyjynyň aýlygynyň möçberinden artyk bolmaly däl.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň geýimleri gyzlar üçin ýaşyl köýnekden we ak öňlükden, oglanlar üçin gara kostýumdan we ak köýnekden ybarat. Üstesine, mekdep okuwçylarynyň tahýa geýmegi hökman.

Okuw geýimleriniň we esbaplarynyň minimal bahasy geçen ýylda 600 manat töwereginde bolupdy.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň okuw geýimleri we okuw esbaplary üçin çykdajylardan başga-da, mekdeplerde dürli maksatlar üçin pul toplamak däbi ýörgünli. Okuwçylaryň ene-atalaryndan mekdepleri abatlamak, mugallymlar üçin sowgat satyn almak, şeýle-de baýramçylyklar we köpçülikleýin çäreler üçin pul toplanýar. Bu puluň mukdary gitdigiçe artýar. Hususan-da, şu ýyl mekdebi tamamlan okuwçylardan gutardyş dabarasy üçin 2000 manat çemesi pul toplandy.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda açylýan ýörite bazarlar awgustyň başyndan bäri işleýär. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary hem ilatyň alyjylyk ukybynyň gowşaklygy barada habar berýärler. Bu diňe bir mekdep harytlaryna degişli bolman, eýsem azyk önümlerine hem degişli.

Ilatyň ​azyk önümlerini karz satyn ​almagy giňden ýaýrady.

Türkmenistanda ortaça aýlyk resmi kursdan 228 amerikan dollaryna barabar, pensiýalar 72 dollar çemesi, çagalar üçin berilýän döwlet kömegi 40-90 dollar aralygynda.

Türkmenistanyň hökümeti ilatyň ykdysady kynçylyklaryny resmi derejede agzamaýar, işsizlik derejesi barada resmi sanlaryny köpçülige ýetirmeýär. Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmeleri soňky ýyllarda ýurtda işsizlik derejesiniň 60% töwereginde bolandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG