Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Singapura sapar edýär


 Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-27-nji awgust aralygynda Singapura sapar edýär.

Singapuryň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni beren maglumatyna görä, Berdimuhamedow 26-njy awgustda iikindin töweregi Singapura gelipdir. Berdimuhamedowyň sapary prezident Halimah Ýakobyň çakylygy esasynda amala aşyrylýar.

Sişenbe güni resmi garşy alyş dabarasy geçiriler.

Saparyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär diýip, resmi türkmen mediasy maglumat berýär.

Resmi maglumata görä, Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň sentýabrynda ýola goýuldy; 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi ilkinji gezek şol bir wagtda ýurduň Singapurdaky ilçisi wezipesine hem bellenildi.

2019-njy ýylyň iýun aýynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, TDH habar berýär.

XS
SM
MD
LG