Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk üçin marşirowkalar dowam edýär. Gelmediklere işden kowulmak howpy abanýar


Türkmenistanda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görülýär (arhiw suraty)

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyklar we marşirowka maşklary dowam edýär.

Şu günler döwlet edara-kärhanalarynyň gatnaşdyrylmagynda, Aşgabadyň "Dagdan" stadionynda geçirilýän maşklaryň gündeki esasda irden agşama çenli tapgyrlaýyn dowam edýändigini habarçylarymyz aýdýarlar.

"Marşirowkalar irden agşama çenli togtamaýar, sebäbi dürli guramalaryň işgärleri nobatyna maşk edýärler. Şol bir wagtda-da, maşklara birnäçe sagat öňünden barmaly. Barmadyklara işden kowulmak howpy abanýar" diýip, maşklara gatnaşan döwlet işgärleriniň biri 30-njy awgustda Azatlyga habar berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, maşklar giç agşama çenli dowam edýär.

"Giç agşam garaňky düşýänçä maşk edýärler. Meselem, düýn agşam sagat 5-de "Türkmennebitgazdan" topar maşk edýärdi. Olar 240 adamdy, her hatarda 20 adamdan. Muňa "korobka" diýýärler. Nebitgazyň "korobkasynyň" maşklaryndan soň, sagat 7 töwereginde Maliýe ministrliginiň korobkasyny meýdana çykardylar, esasan olar banklaryň işgärleridi. Ol ýerde kimdir biriniň ýetmezçilik eden bolmagy ähtimal, sebäbi jaň edip, gygyryp başladylar" diýip, şol gün "Dagdan" stadionyndaky maşklara gatnaşdyrylan döwlet edarasynyň işgäri Azatlyk Radiosyna adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen habar berdi.

Türkmenistanda köpçüligiň gatnaşmagyndaky marşirowka-maşklar ​döwlet baýramçylyklaryna we uly syýasy wakalaryna görülýän taýýarlyklaryň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Häkimiýetleriň guramaçylygynda geçirilýän maşklara döwlet edara kärhanalarynyň we studentleriň gatnaşmagy hökmany hasaplanýar.

Garaşsyzlyk baýramyna şu ýylky taýýarlyklar awgust aýynyň başynda başlandy.

Habarçynyň sözlerine görä, şu ýyl “marşirowkalaryň” guramaçylary prezident Berdimuhamedowyň daşynda jem bolmaga çagyryş edip,"Günbatar ýurtlary bilen Amerikanyň Türkmenistana zyýan ýetirip, ýykmak isleýändikleri" barada çykyş edipdir.

Wagyzçy resmileriň “şol sebäpden, duşmanlar bizdäki ykdysady kynçylyklary aňmaz ýaly, türkmen halky özüni bagtly we bagtyýar alyp barmaly, owadan geýinmeli” diýip aýdandygyny habarçylarymyz 6-njy awgustda habar beripdi.

Daşarky duşman ritorikasy Türkmenistanyň içerki syýasatynda tas ilkinji gezek ulanylýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler marşirowkalara çekilýän döwlet işgärleriniň arasynda hem aýallar, hem erkekler bar.

"Olaryň sany guramanyň işgärleriniň düzümine bagly. Meselem, bank pudagynda zenan işgärleri has köp bolansoň, banklardan 160 aýaly we 80 erkek adamy alýarlar. Eger guramada erkek adamlar has köp bolsa, 160 erkek adamy we 80 aýal maşgalany alýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny ​1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň yglan edeli bäri, 27-nji oktýabrda belläpdi, 2018-nji ýylda bu senäni bir aý öňe süýşürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG