Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaplylar şäher gurluşygy we garaşsyzlyk güni üçin 'meýletin' pul tabşyrýar


Lebap welaýaty (arhiw suraty)
Lebap welaýaty (arhiw suraty)

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden ýene-de pul toplanýar. Bu gezek talap edilýän puluň möçberi 200 manada barabar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň sözlerine görä, býujet işgärlerinden bu gezek talap edilýän pul regionda düýbi tutulan täze şäherçeleriniň gurluşygy üçin niýetlenýär. Olar bu puly öz aýlygyndan "meýletin kömek" görnüşinde geçirmeli bolýarlar.

"Häzir bilim, kanun goraýjy, saglygy saklaýyş we beýleki býujet edaralarynyň işgärleri welaýatda golaýda düýbi tutlan şäherçeleriniň gurluşygyna başlamak, beton işleri üçin diýip, 1000 manatlyk aýlykdan 200 manat meýletin kömek bermeli edilipdir. Bu puly bermedik işçiler we olaryň ýakyn garyndaşlary býujetden aýlyk alýan bolsalar, olaryň işden boşadyljagy barada haýbat atylýar" diýip, regiondaky habarçylarymyz aýdýar.

Ýene bir habarçymyzyň sözlerine görä, ýerli häkimiýetleriň şu günler ilatdan toplaýan puly şäher gurluşygyna "kömek" bilen çäklenmeýär.

"27-nji sentýabrda geçiriljek garaşsyzlyk gününe taýýarlyk çärelerine 200 manat pul tapmak tabşyrylypdyr" - diýip Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda ilatdan pul ýygnamak yzygiderli häsiýetde amala aşyrylýar.

Raýatlaryň ýylyň dowamynda hökmany suratda tabşyrmaly pul serişdeleri döwlet metbugatyna abuna bolmak, şäherleri abadanlaşdyrmak, döwlet edaralarynyň binalaryny abatlamak, agaç ekmek, döwletiň gurnamagyndaky köpçülikleýin çärelere gatnaşýanlary geýindirmek we enjamlaşdyrmak üçin toplanýar.

Üstesine türkmen häkimiýetleri baýramçylyklar, sport çäreleri, ýurtda geçirilýän halkara ýaryşlary üçin goşmaça pul serişdelerini toplaýar. Ýaňy-ýakynda býujet işgärlerinden hatda halkara Gyzyl haj we ýarym aý federasiýasyna girýän milli Gyzyl ýaryma aý guramasy üçin puluň toplanýandygyny habarçylarymyz habar berdi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçylar prezidentiň portretleriniň ýygy-ýygydan täzelenmegi üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýärler. Mugallymlar bolsa pagta ýygyma goşant goşmak we özüne derek adam ibermek üçin pul tabşyrýarlar, şeýle-de öz hasabyna okuw esbaplaryny satyn alýarlar we okuwçylaryny medeni çärelere gatnadýarlar.

“Lebabyň merkezi medeniýet öýünde işleýän tanyşymyň sözlerine görä, şu ýyl Türkmenabat şäherinde geçirilen we TW-de görkezilen Gurban baýramy üçin ähli goýun-geçä, azyk önümlerine degişli çykdaýjylar şäher medeniýet öýüniň işgärleriniň hasabyna geçirilipdir. Her bir işgärden alýan aýlyklaryna görä, 800-1500 manat aralygynda pul ýygnalyp alnypdyr. Işgärleriň aýlyk geçirlen plastik kartlary ellerinden alnyp, pul bermekden ýüz öwürenlere işden kowulmak haýbaty atylyp, olaryň hatda syýasata garşy çykmakda aýyplanyp biljegi aýdylypdyr” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda Gurban baýramy şu ýyl 11-13-nji awgustda bellendi. Käbir welaýatlarda baýramçylyk toýlary döwlet telewideniýesinde görkezilmegi üçin birnäçe gün öňünden geçirildi.

Azatlyk Radiosyna Lebapda býujet edaralaryň işgärlerinden şu günler pul toplanýandygy baradaky maglumatlar boýunça welaýatyň we Türkmenabat şäheriniň resmilerinden kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanyň beýeki welaýatlarynda hem ilatdan pul toplanýar. Diňe bir awgust aýynyň dowamynda Maryda döwlet edaralaryň ençemesiniň işgärleri şäher abadanlaşdyryş işleri üçin pul tabşyrmaly edildi.

Awgust aýynyň başynda Daşoguzda býujet işgärlerinden indiki aýlaryň öý hojalyk hyzmatlary üçin pul toplandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG