Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewiň harby mekdebinde ýaş gyzlar ilkinji gezek okuwa başlady


Ukrainanyň harby häkimiýetleriniň sözlerine görä, ukrain Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän işgärleriň ortaça 10%-ni zenanlar emele geitrýär.
Ukrainanyň harby häkimiýetleriniň sözlerine görä, ukrain Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän işgärleriň ortaça 10%-ni zenanlar emele geitrýär.

1-nji sentýabrda Ukrainada 20 sany ýaş gyz Kiýewiň Iwan Bohun adyndaky abraýly harby mekdebinde okuwa başlady. Bu ýerde mekdebiň taryhynda ilkinji gezek gyzlara harby bilim berilýär.

“Mekdebe giriş synaglary döwründe Iwan Bohun adyndaky harby liseýiň ýokary derejeli titulyna mynasyp bolan gyzlara – mekdebiň taryhynda ilkinji gezek – harby bilim berler” diýip, mekdebiň direktory, general-maýor Ihor Hordiýçuk gyzlary garşy almak boýunça geçirilen dabarada aýtdy.

Şeýle-de, ol mekdebe kabul edilýän 300 student, has takygy oglanlar we gyzlar üçin bilim derejesi, fiziki taýýarlygy we Ukrainanyň Ýaragly Güýçlerinde ofiser bolup işlemek islegleri boýunça geçirilen giriş standartlarynyň birmeňzeşdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Mart aýynda Hordiçýuk bu bilim edarasynda şu ýyl ilkinji gezek gyzlaryň bilim almagyna rugsat beriljekdigini, ýöne birinji synp gyzlaryň bu mekdep üçin has kiçidigini öňe sürüpdi.

“Eger bu ýyl gowy ýyl bolsa, onda biz [mekdebiň] ýolbaşçylaryna teklipleri esaslandyrarys we olaryň [gyz okuwçylaryň] sanyny artdyrarys” diýip, Ukrainanyň “Hromadske” onlaýn neşiri Hordiýçugyň sözlerini geçirdi.

XS
SM
MD
LG