Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ özüniň owgan parahatçylygy baradaky baş wekilini yzyna çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň owgan parahatçylygy baradaky baş wekili Zalmaý Halilzad we Owganystanyň prezidenti Mohammad Aşraf Gani

Amerikan prezidenti Donald Tramp “Talyban” güýçleriniň golaýda Kabulda bomba ýerleşdirilen awtoulagy partladyp, 12 adamy, şol sanda bir amerikan esgerini öldürmegi sebäpli bu toparyň iki liderini öz içine aljak gizlin duşuşygy goýbolsun edeninden bir gün soňra, Birleşen Ştatlar özüniň owgan parahatçylygy baradaky baş wekilini yzyna çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo 8-nji sentýabrda telewideniýede eden çykyşynda Amerikanyň “Talyban” bilen gepleşik alyp barýan ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň yzyna çagyrylandygyny aýdyp, parahatçylyk gepleşikleriniň häzirlikçe soňlanandygyny bildirdi.

Ol “Talybanyň” ulag bombasy bilen “hetden aşyp”, Trampyň kararyna sebäp bolandygyny we “edim-gylymlaryny üýtgetmegiň” bu söweşiji toparyň özüne baglydygyny aýtdy.

Pompeo “Fox News” telekanalynda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Talyban özleriniň bu işe ýa meýilli däldiklerini, ýa-da ... ol ýerde gazaply hereketleri çäklendirmek barada üstlerine alan borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýändiklerini görkezdiler” diýdi.

Tramp 7-nji sentýabrda Twitterde 9/11-iň ýyldönüminden bir gün öň iki tarap bilen Kamp Dawidde duşuşmagy planlaşdyrandygyny mälim edipdi. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabry Al-Kaýda tarapyndan amala aşyrylan we Birleşen Ştatlaryň taryhynda iň köp adamyň başyna ýeten terroristik hüjüm senesidir.

Tramp “Talybany” 5-nji sentýabrda ulag partlamasyny amala aşyrmak bilen gepleşiklerde öz tutumyny güýçlendirmäge synanyşmakda aýyplady. Bomba Kabulda ilçihanalaryň, hökümet binalarynyň we ýerli NATO güýçleriniň baş ştabynyň ýerleşýän mähellesinde partlady.

“Olar şu juda möhüm parahatçylyk gepleşikleri dowam edýärkä, atyşygy bes etmek bilen ylalaşyp bilmän, hatda 12 sany bigünä adamy öldürýän bolsalar, onda, ähtimal, olaryň manydar ylalaşyk hakda gürleşmäge gudraty ýokdur” diýip, Tramp Twitterde ýazdy.

“Talyban” hem 8-nji sentýabrda bir beýannamada muňa jogap berip, onda “her bir adamdan öň Birleşen Ştatlaryň özüne zyýan ýetirip, onuň ynamdarlygyny gowşadar” diýdi.

Söweşiji topar özüniň owganara dialog üçin bir sene belländigini we munuň parahatçylyk gepleşikleri üçin gaty möhümdigini aýdyp, parahatçylyk gepleşikleri gaýtadan dowam eder diýip umyt bildirdi.

Pompeo “Talybanyň” jogabyny “köp adamlaryň boş gürlemegi” diýip atlandyryp, Birleşen Ştatlar “hiç bir amerikanlynyň ölmegini islänok”, amerikanlaryň janyny goramak üçin Birleşen Ştatlaryň ýaragly güýçleri Owganystanda “zerur bolan ähli zady etmäge doly ygtyýarly” diýdi.

Owgan prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň edarasy bolan wakalarda “Talybany” günläp, hakyky asudalyk “Talyban” gazaply hereketleri togtadyp, hökümet bilen göni gepleşiklere giren halatynda bolar diýdi.

“Hakyky parahatçylyk Talyban atyşyklary bes etmek bilen ylalaşanda bolar” diýip, Ganiniň işgärleri bir beýanatda aýdylar.

Tramp Owganystanda 18 ýyla golaý bäri dowam edýän konfliktiň soňuna çykyp, amerikan esgerlerini ol ýerden çekmek bilen özüniň 2016-njy ýylda kampaniýa döwründe beren wadasyny ýerine ýetirmek isleýär.

“Talyban” owgan hökümeti Birleşen Ştatlaryň oýnatgysy diýip, onuň bilen gepleşik geçirmegi şu wagta çenli ret edip geldi.

Talyban güýçleri 2001-nji ýylda uruş başlaly bäri häzir iň köp territoriýa kontrollyk edýär. Olar soňky günlerde amerikan tarapy bilen Talyban tarapy gepleşiklerde birek-birege has ýakynlaşanlarynda, harby operasiýalary güýçlendirdiler.

“Talyban” 6-nji sentýabrda Farah şäherine garşy hüjüme geçdi. Üçünji welaýat merkezi bir hepdä golaý hüjüm astynda durdy.

Partlamalar amerikanyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad söweşijiler bilen Katarda dokuz gezek duşuşyp, “aslynda” ylalaşyga gelensoň başlandy.

Owganystanyň ministrleriniň biri, adynyň aýdylmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosyna 6-njy sentýabrda Amerikan hökümetiniň Gani bilen Kamp Dawidde geçjek duşuşygy goýbolsun edendigini aýtdy.

Ganiniň edarasy özüniň “mertebeli we uzak ömürli asudalyk” ugrunda Birleşen Ştatlar we beýleki ýaranlar bilen bile işleşmäge ygrarlydygyny aýdyp, 28-nji sentýabrdaky prezident saýlawynyň möhümdigini nygtady.

Gani öňdäki saýlawda ikinji möhlete ymtylýar, “Talyban” bolsa amerikanlar bilen ýaraşyk ylalaşygyna gol çekişmegiň bir şerti hökmünde saýlawlaryň ýatyrylmagyny isleýär.

Beýannamada şeýle diýilýär, Ganiniň administrasiýasy “güýçli, kanuny we legal hökümet häzir barýan parahatçylyk prosesini öňdäki saýlawlar arkaly bütinleý takyklyk we dykgat bilen ilerletmegi” goldaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG