Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýaşlar üçin ähli şertiň döredilendigini aýtdy, ýaşlar ‘para bermeseň gyzyldan bolsaňam, ne okuw, ne-de iş bar’ diýýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda çykyş edip, ýurtda ýaşlaryň islän ýokary okuw jaýyny saýlap almagy, işlemegi we ýaşamagy üçin ähli şertiň döredilendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanly ýaşlaryň ençemesi prezidentiň bu aýdanlary bilen iş ýüzündäki hakykatlaryň bir-birine çapraz gelýändigini aýdýar.

11-nji sentýabrda Berdimuhamedow ýaşlar bilen duşuşmak üçin paýtagtyň “Mekan” köşgüne bardy. Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) prezidentiň bu ýere barmagynyň gurultaýyň wekilleri üçin garaşylmadyk ýakymly waka öwrülendigini habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda çykyş eden türkmen lideri “biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr diýip, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini we iri senagat kärhanalarynyň ulanylmaga berilmegi netijesinde ýaşlaryň täze iş orunlary bilen üpjün edilýändigini” aýtdy.

“Ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Ýaşlarymyza okuw jaýyny, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär” diýip, TDH Berdimuhamedowyň sözlerini getirdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanly ýaşlaryň onlarçasy prezidentiň edýän çykyşlaryny ýa-da döwlet mediasynda görkezilýän reportažlary nazara alanyňda, ýaşlaryň ýaşamagy üçin dünýäde iň amatly ýurt Türkmenistan ýaly bolup görünýändigini, ýöne munuň hakykatdan juda daşdadygyny aýdýar.

“Eger-de seniň ejeň-kakaň ýa-da ýakyn dogan-garyndaşlaryň ýokary wezipede işleýän bolsa, onda Türkmenistan ýaşamak üçin gowy ýurt bolup biler. Sebäbi okuwa girjek bolsaň, işe ýerleşjek bolsaň ýa-da jaý, mellek ýerini satyn aljak bolsaň, olaryň kömegi bilen bularyň ählisine aňsatlyk bilen ýetip bilýärsiň. Ýöne adaty bir maşgalanyň agzasy bolsaň, onda sen gyzyl ýaly ýanyp dursaň-da, bularyň ählisine ýetmek üçin para bermeli bolýarsyň. Parasyz ähli ýollar böwetli” diýip, häzirki wagt Türkiýede doktorlyk işini goramak üçin okaýan türkmenistanly student Mähri gürrüň berdi.

Üstesine-de, ol şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda diplomlary kabul edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawynyň yglan edilmegine ünsi çekip, munuň ýaşlaryň öz islän ýokary okuw jaýynda okamak hukugyny gös-göni çäklendirýändigini hem aýtdy.

“Bu çäklendirme ýaşlara okuw jaýyny, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýändigi barada prezidentiň aýdan sözlerine çapraz gelýär” diýip, türkmenistanly student Mähri belledi.

Azatlyk Radiosy türkmen häkimiýetleriniň eýýäm daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okap ýören raýatlar dynç alyşda öýlerine (Türkmenistana) dolananda, olaryň gaýtadan ýurtdan çykmagynyň öňüni almaga synanyşýandygy barada hem habar berdi.

Şeýle-de, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýalaryny tamamlap gelen türkmen ýaşlarynyň Türkmenistanda ilki diplomlaryny tassyklatmakda, soňra-da işe ýerleşmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada hem habarlar bar.

Türkmenistanda diňe daşary döwletlerde okuwyny tamamlap gelen ýaşlar däl-de, eýse ýurduň orta hünär mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlaryň hem işe ýerleşip bilmän kösenýändigi barada Azatlyk Radiosy mundan ozal ençeme gezek habar berdi.

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet Mugallymçylyk institutynyň binýadyndaky "terbiýeçilik hünäri boýunça kadr taýýarlaýan 8 aýlyk kurs merkezini" tölegli esasda tamamlan 25 ýaşly Bilbil 1 ýyl töweregi wagt bäri öz ugry boýunça işe ýerleşip bilmeýändigini gürrüň berdi.

Şu ýylyň mart aýynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Bilbil Türkmenabadyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik müdirliginiň bir işgäriniň özüni işe ýerleşdirmek üçin 1.000 dollar möçberinde para sorandygyny gürrüň beripdi.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän ýerli we halkara synçylarynyň ençemesi ýurtda korrupsiýanyň çagalar bagyndan başlaýandygyny we döwletiň ähli pudagynda giňden ýaýrandygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG