Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýaşlaryň iş üpjünçiligi baradaky maksatnamany kabul etdi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek” üçin 2018-2020-nji ýyllar boýunça ýörite maksatnamany kabul etdi we bu baradaky karara gol goýdy.

Bu maksatnama türkmenistanly ýaşlaryň ýurtdaky syýasy-ykdysady ýagdaýlar, sosial meseleler sebäpli barha kän daşary ýurtlarda, ýokary bilim alan ýerlerinde galmaga çalyşýandygy we ýurda dolanan ýaşlaryň-da işe ýerleşmekde kynçylyk çekýändigi barada ýaýran resmi bolmadyk maglumatlaryň yz ýanynda kabul edildi.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň 2-nji martda beren maglumatyna görä, anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary G.Myradow bu maksatnamanyň “prezidentiň maslahatlary nazara alnyp işlenilip taýýarlanylandygyny hem-de degişli pudak edaralary bilen ylalaşylandygyny” aýtdy.

Resminamada ýakyn geljekde bu ulgamda hereket edýän kanunçylygy seljermek we olara zerur üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek, ýaşlary işe ýerleşdirmek barada döwlet statistiki hasabatlylygynyň görnüşini girizmek göz öňünde tutulýar diýlip, resmi habarda bellenilýär. Emma maglumatda kanunçylyga girizilmegi planlaşdyrylýan üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şeýle hem gürrüňi edilýän maksatnama laýyklykda, ýaş­la­ryň ýa­şa­ýyş-du­muş şert­le­ri­niň has-da go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça şert­le­ri dö­ret­mek we döw­let tararyndan gol­daw ber­mek, hu­su­san-da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak ýa-da satyn al­mak üçin ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ul­ga­my­ny dö­ret­mek meýilleşdirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, ýaş kadrlaryň jaý meselesiniň häzir ýurtda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklar ýagdaýynda haýsy serişdeleriň hasabyna çözüljekdigi barada mesele gozgalmaýar.

Galyberse-de, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi türkmen hökümetiniň mundan öň hem ýaş çatynjalara jaý edinmekleri üçin ýeňillikli kredit bermek hakynda döwlet derejesinde karar kabul edendigini, emma bu kararyň doly görnüşde ýerine ýetirilmän gelýändigini aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ýaş kadrlary, hususan-da daşary ýurtlaryň okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlary işe ýerleşdirmek, olaryň diplomlaryny ykrar etmek barada mundan öňki hökümet maslahatlarynda hem ençeme gezek mesele gozgapdylar.

2017-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanda ýaş kadrlary işe ýerleşdirmek boýunça ýörite topar döredildi. Şonda türkmen resmileri geljekde ýaş kadrlara, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklary ýa-da satyn almaklary üçin, ýeňillikli bank karzlaryny almak mümkinçiligini döretmekligiň hem nazarda tutulýandygyny aýdypdylar.

Emma aradan alty aýdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça taýýarlanan we döredilen proýektiň hem-de “pudagara toparyň” edýän işi we häzirki wagt nähili tapgyrdadygy barada hiç hili maglumat berilmeýär. Şeýle-de, bu barada geçen anna güni geçirilen hökümet maslahatynda hem agzalyp geçilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň köpüsiniň öz diplomlaryny tassykladansoň, işe ýerleşmekde kynçylyk çekýändigi barada Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumatlar gowuşýar. Hat-da, türkmen resmileriniň käte ýokary diplomly ýaşlara öz ugry boýunça iş däl-de, kärende ýerini teklip edýändigi hem aýdylýar.

“Türkmenistanyň Ministrler Kabineti iş sorap ýazan arzama ‘öz etrabyňda kärende ýerini alyp, ekerançylyk bilen meşgullan’ diýen jogaby berdi” diýip, nebit-gaz ugry boýunça ýokary derejeli ýaş spesialist Mergen (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) Azatlyk Radiosyna şu ýylyň ýanwar aýynda gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň döwlet gazetlerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli spesialistleriň ýetmezçilik edýändigi barada ýygy-ýygydan bildirişler çap edilse-de, ýurtda işe ýerleşmek meselesinde tanyş-biliş we para almak-bermek tejribesiniň giňden ýaýrandygyny, şol sebäpli ýaşlaryň köpüsiniň işiň gözleginde daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýandygyny, ýagdaýdan habarly ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi aýdýarlar.

2017-nji ýylyň martynda Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 60%-e golaýdygyny, bu mesele barada ýurduň Merkezi bankynda bolan maslahatda gürrüň edilendigini habar beripdi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda işsizleriň sany, şol sanda her ýyl daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň sanawy, olaryň näçesiniň ýurda dolanyp gelendigi, şeýle-de näçesiniň işe ýerleşendigi we näçesiniň işsizdigi baradaky resmi statistiki maglumatlar ilat köpçüligine elýetersiz bolmagynda galýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG