Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko Türkmenistandaky täze ilçisine Garlyk kombinaty bilen bagly ýagdaýa “mynasyp çykalga” tapmagy tabşyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko (sagda)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko (sagda)

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Wýaçeslaw Beskostogony Belarusyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly iň uly problemanyň Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumdygyny aýtdy.

Bu barada Belarusyň döwlet baştutanynyň resmi saýtyna salgylanyp, Fergana agentligi habar berýär.

“Bize ol ýerde gurluşyk işlerine, ilkinjilik bilen Garlyk kombinatynyň gurluşyk işlerine gatnaşan resmiler bilen duşuşmak zerur; bu ýagdaýdan abraý bilen çykmak gerek. Bu beýle bolmaly däl ahbetin, biz näme indi, dostlukly halk bilen dawalarymyzy kazyýetde çözüp başlamalymy” diýip, Lukaşenko aýtdy. Ol ilçä bu meseläni Respublika Geňeşiniň (parlamentiň ýokary palatasy) başlygy, 2010-2014-nji ýyllarda ýurduň premýer ministri bolan Mihail Mýasnikowiç bilen ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy. “Bu desganyň häzirki bikärçiliginiň nämesi gowy. Bireýýäm kaliý duzuny öndürip, ony satmak arkaly ummasyz girdeji gazanmak mümkindi” diýip, prezident belledi.

Lukaşenko başga hiç bir hyzmatdaşyň Türkmenistana Belarusyň hödürleýän amatly şertlerini hödürlemejekdigini nygtady. “Meniň pikirimçe, birek-biregi garalaman, ýöne bir gepleşikleri täzeden dikeltmek gerek. Şonda-da bolmajak bolsa, onda her kim öz ýoluna gider” diýip, ol aýtdy.

Lukaşenkonyň çykyşyny hökümetçi türkmen neşiri bolan Orient teswirledi. Bu teswirleme, umuman, agzalýan problema boýunça Belarus prezidentiniň çemeleşigini makullaýar, ýöne şonda-da günäni belarus potratçylaryna atmakda aýak direýär.

“Özüňiz pikir edip görüň, potratçynyň ýyllyk 350 müň tonna diýip mälim eden önümçilik kuwwatynyň ilkinji ýylynda 5 göterimi hem öndürilmedi” diýip, neşir belleýär. Žurnalist nygtaýar: “Ýöne Türkmenistan kaliý dökün kombinaty üçin 1 milliard dollardan gowrak pul töledi. Ýurisprudensiýada “ýitik girdeji” diýlen bir zat hem bar. Ýagny, şertnama laýyklykda kaliýe kombinaty iki ýyl bäri Türkmenistanda we regionda isleg bildirilýän kaliý dökünini öndürmelidi, ýöne iş ýüzünde bu kärhana iki ýyl bäri işlemeýär”. Türkmenistan potratça töleg tölenmändigini boýun almaýar.

Şu hepdäniň dowamynda “Kompromat Belarus” Telegram kanaly Türkmenistanyň Belarusa 200 million dollar töweregi bergisiniň bardygyny, hem-de häzirki wagtda bu meselä Stokgolmyň arbitražynda garalýandygyny habar berdi.

Bahasy 1 miliard dollardan gowrak bolan Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýrugy bilen, Belarusyň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti gurdy.

2009-2017 – njy ýyllar aralygynda gurlan kombinatyň ulanylmaga berilmeli wagty birnäçe gezek yza süýşürildi. Munuň bilen baglylykda, taraplar ýeri gelende birek-biregi aýyplady.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Minsk bu toplumyň gurluşygy bilen baglylykda Aşgabady maliýe bökdençliklerini döretmekde aýyplady.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň ylalaşyklar boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigine aladalanma bildirdi.

2017-nji ýylyň martynda ulanylmaga berlen kärhananyň işinden Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabrynda nägile boldy, hem-de degişli resmilere “bu toplumyň işi bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara arbitraža degişli resminamalary taýýarlamagy we ýollamagy” tabşyrdy.

2019-njy ýylyň fewralynda garaşsyz žurnalistler Türkmenistanyň “Belgorhimproma” degişli bahasy 7 million dollara barabar gurluşyk enjamlarynyň ýurtdan çykarylmagyna rugsat berilmeýändigini anyklady.

Şol ýylyň martynda Türkmenistanyň hökümetçi neşirleri "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasynyň Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinaty gurmak boýunça berjaý etmedik borçlary bilen baglylykda Şwesiýada ýerleşýän halkara arbitraž suduna tabşyrandygyny habar berdi.

“Belgorhimpromyň” resmi saýtynyň maglumatyna görä, belarus kompaniýasy Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden 150 million dollardan gowrak algysyny alyp bilmeýändigini aýdyp, 2019-njy ýylyň ýanwarynda Stokgolmyň Söwda palatasynyň Arbitraž edarasyna ýüz tutupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG