Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran ABŞ-nyň saudy nebit desgalaryna edilen hüjümiň aňyrsynda Eýran dur diýýän aýyplamasyny ret etdi


Wakanyň bolan ýeriniň golaýyndan düşürilen wideo ýazgyndan alnan surat. 14-nji sentýabr, 2019 ý.

Tähran Birleşen Ştatlaryň Saud Arabystanynyň nebit öňümçiliginiň ýarpysyny hatardan çykaran hüjümiň, ýagny dünýäniň çig nebit üpjünçiligine ýeten iň uly päsgelçiligiň aňyrsynda Eýran dur diýýän aýyplamasyny ret etdi.

Ýurduň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Abbas Musewi 16-njy sentýabrda döwlet telekanalynda eden beýanatynda: “Bu aýdylýanlar kabul ederliksiz we tutuşlygyna esassyz” diýdi.

Amerikan resmileri 14-nji sentýabr hüjüminden alnan subutnama hüjümiň aňyrsynda duranyň, jogapkärçiligi öz üstüne alsa-da, ýemenli huti topary däl-de, Eýrandygyny görkezýär diýýärler.

15-nji sentýabrda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň dünýäniň iň uly nebit desgasyna edilen hüjüme jogap edip, öç almaga taýýardygyny aýtdy.

Tramp 15-nji sentýabrda Twitterde şeýle diýdi: “Saud Arabystanynyň nebit üpjünçiligine hüjüm edildi. Bu işi kimiň edenini bilýändigimize delil bar, subutnama bagly, ýöne [Saud] patyşalygy bu hüjüme sebäpkär kim diýip pikir edýär we haýsy şertlerde işe girişmeli, biz häzir şoňa garaşýarys”.

Waşington belli bir tarapy günälese-de, beýleki ýurtlar dron bilen hüjümiň töwereginden alnan surat aýdyňlaşylýança sowukganlylyga çagyrýarlar.

Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab hüjümi “halkara hukugynyň bilgeşleýin bozulmagy” diýip atlandyrsa-da, “kimiň jogapkärdigi hakda surat dolulygyna aýdyň däl” diýdi.

Şonuň ýaly Hytaý-da “gutarnykly derňew ýa hökümiň ýok ýerinde beýlekileri aýyplamak jogapkärçiliksiz” diýdi.

Hepdäniň aýagynda bolan hüjüm dünýäniň energiýa bazaryny galagopluga düşürdi.

Tramp “gerek bolan halatynda” energiýa bazaryny durnuklaşdyrmak üçin Amerikanyň strategik nebit rezerwleriniň goýberilmegi hakda ygtyýarlyk berendigini aýtdy. Resmi maglumata görä, gorda takmynan 630 million barrel nebit saklanýar. Bahalaryň aşa ýokarlanmagyndan gorkulan mahallarynda, öňki prezidentler hem mundan belli mukdarda bazara salynmagyna rugsat edipdiler.

16-njy sentýabrda söwda başlanan badyna çig nebitiň bahasy barrel başyna 71,95 dollara bardy. “West Texas Intermediate” hem 16 prosente çenli ýokarlap, 63,34 dollar boldy.

‘Ozal görlüp-eşidilmedik hüjüm’

Döwlet nebit ägirdi “Saudi Aramkonyň” bellemegine görä, 14-nji sentýabrdaky hüjüm nebit önümçiligini günde 5,7 million barrele çenli aşakladyp, Saud Arabystanynyň bu ugurdaky önümçiligini tas ýarpa getirdi. Habar gullugy “Reuters” bilen “Wall Street Journal” gazetiniň ýazmagyna görä, bu bir günde dünýäde öndürilýän nebitiň 5 prosentine öz täsirini ýetirýär.

Saudy resmileri çig nebit önümçiliginiň üçden biri 16-njy sentýabrda ýene liniýada bolar diýdiler.

Amerikan resmileri hüjümleriň aňyrsynda Eýranyň durandygyny görkezýän alamatlara salgylanyp, munda, Eýran tarapdan goldalýan huti pitneçileriniň aýdyşy ýaly dron däl-de, ganatly raketalaryň ulanylan bolmagy mümkin diýýärler.

Tähran Birleşen Ştatlaryň hüjümiň aňyrsynda Eýran dur diýýän aýyplamasyny ret edip, Amerikanyň regiondaky gury ýer we deňiz güýçleriniň öz raketalarynyň aýak ýetirindedigini aýdyp, duýduryş berdi.

Eýranyň ýokary derejeli resmileri tarapyndan 15-nji sentýabrda berlen beýanatlardan öň, Amerikanyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Tährany global energiýa üpjünçiligine garşy “ozal görlüp-eşidilmedik hüjümi” ýola goýanlykda aýyplady.

“Saud Arabystanyna edilen 100-e golaý hüjümiň aňyrsynda Tähran dur, [Eýranyň prezidenti Hassan] Rohani bilen [daşary işler ministri Mohammad Jawad] Zarif bolsa, diplomat bolan bolýarlar” diýip, Pompeo Twitterde aýtdy.

Dartgynlyklaryň artmagyna garamazdan, Ak tam gapyny açyk goýup, Trampyň Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda 17-nji sentýabrda başlanjak baş assambleýasynda Rohani bilen duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ozal Amerikanyň aýyplamalarynyň Eýrana garşy “indiki hereketleri” aklamaga niýetlenilendigini aýdan Musewi bular ýaly duşuşygy ret edip, “biz bu duşuşygy planlaşdyramyzok, men Nýu-Ýorkda beýle zat bolar diýip hem pikir edemok” diýdi.

Bu aralykda, Eýranyň rewolýusiýa sakçylarynyň ýokary derejeli serkerdeleriniň biri ýurduň urşa taýýardygyny aýdyp duýduryş berdi.

Ýarym resmi habar gullugy “Tasnim” Amirali Hajizadä salgylanyp, şeýle diýdi: “Amerikanyň bazarlarynyň we uçar göteriji gämileriniň Eýranyň 2000 kilometrlik töwereginde, raketalarymyzyň aýak ýetirindedigini hemmeler bilmelidir”.

2015-nji ýylyň martyndan bäri saudylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa regiondaky Eýran bilen ýaran söweşiji toparlaryň biri bolan huti pitneçilerine garşy söweş alyp barýar. Ýemeniň paýtagty Sanaa we arap dünýäsindäki iň garyp ýurduň beýleki territoriýalary bu şaýy pitneçi toparyň kontrollygynda dur.

Konfliktde ençe ýyl bäri harby taýdan üýtgän zat ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG