Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” ABŞ bilen gepleşikleri dikeltmek üçin “gapylarynyň açykdygyny” aýdýar


 Parwan welaýatynda guralan hüjümde 26 adam öldi.
Parwan welaýatynda guralan hüjümde 26 adam öldi.

“Talybanyň” baş gepleşikçisi, jeňçi topar Owganystanda 50-ä golaý adamy öldürendigini boýun alandan birnaçe sagat soň, özleriniň ABŞ bilen gepleşikleri dikeltmek üçin “gapylarynyň açykdygyny” aýdýar.

ABŞ bilen “Talybanyň” arasynda Birleşen Ştatlaryň müňlerçe esgerini ýurtdan çykarmak ylalaşygyny nazarlaýan parahatçylyk gepleşikleri geçen hepde bes edildi, prezident Donald Tramp gepleşikleriň bir amerikan esgeriniň öldürilmegine getiren hüjüm sebäpli ýatyrylýandygyny aýtdy.

Bu gepleşikler owgan hökümetini öz içine almaýardy.

Şer Mohammad Abbas Stanikzai BBC-ä gozgalaňçylaryň gepleşik barýan wagtynda söweşlerini dowam etdirmek bilen hiç bir ýalňyş iş etmändigini aýtdy.

Stanikzai amerikanlaryň hem gepleşikler wagtynda müňlerçe “Talybany” öldürendiklerini tassyklandygyny belledi.

"Biz tarapdan, gepleşikler üçin biziň gapylarymyz açyk” diýip, onuň aýdan sözleri sitirlendi.

17-nji sentýabrda Parwan welaýatynda prezident Aşraf Ganiniň ýygnanyşygyna edilen hüjümde azyndan 26 adam, bir sagat soňra Kabulda guralan hüjümde 22 adam öldi, onlarça adam ýaralandy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo prezident saýlawlarynyň 11 gün öňünden edilen hüjümi ýazgaryp çykyş etdi. “Talyban” bu saýlawlary bulaşdyrmagy wada berdi.

XS
SM
MD
LG