Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda öýsüz itler we pişikler ýene tutulýar hem-de öldürilýär


Öýsüz itler

Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň we öldürilmeginiň nobatdaky tapgyry amala aşyrylýar. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary häkimiýetleriň şeýle çäreleri Parahat-1 we Parahat-2 etrapçalarynda geçirýändigini gürrüň berdiler.

“Itleri we pişikleri ýene öldürýärler. Öýsüz haýwanlary tutmak işini jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri, şol sanda köçe süpürijiler amala aşyrýarlar. Olaryň arasynda adaty raýat geýimli adamlar hem bar. Olar itleri we pişikleri tutup, uly haltalara salyp alyp gidýärler. Ol haltalardaky itleriň we pişikleriň aglabasy eýýäm haltada ölýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçylarymyzyň biri 18-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şu günler paýtagtda öýsüz haýwanlaryň awlanmagyna käbir ýaşaýjylar garşylyk görkezmäge çalyşýarlar, käte jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen ýerli ilatyň arasynda dawa-jenjel hem bolýar.

“Düýn, ýagny 17-nji sentýabrda bir aýal itleri we pişikleri tutup öldürýän bir işgär bilen dawalaşyp, onuň elindäki haltasyny aldy we ony açdy. Şonda haltada diri itler we pişikler hem bardy. Olar haltanyň agzy açylan dessine gaçyp gitdiler. Ýöne onuň içinde eýýäm ölen itler we pişikler hem bardy” diýip, habarçy şaýat bolan bir wakasyny gürrüň berdi.

Habarçy jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň we köçe süpürijileriň itleri we pişikleri köpçülikleýin tutmak we öldürmek çärelerine köplenç daň atanda başlaýandygyny aýdyp, şeýle diýýär:

“Itler we pişikler gün doganda, ýagtylykda özlerine howp abanýandygyny bilýärler.Paýtagtda pişikleriň tutulyp öldürilmegi sebäpli syçanlar we alakalar hem köpelýär” diýip, habarçy belledi.

Aşgabadyň häkimiýetleri Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ýa-da Täze ýyl ýaly ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da halkara çäreleriň öňüsyrasynda öýsüz itleri we pişikleri ýok etmek boýunça çärelerini güýçlendirýärler.

9-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtda Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň nobatdaky tapgyrynyň alnyp barylýandygyny habar berdiler. Şonda habarçy häkimiýetleriň şeýle çäreleri Parahat-3, Parahat-4, Parahat-11 we Gaudan etrapçalarynda geçirýändigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleriniň öýsüz itleri we pişikleri köpçülikleýin “awlamak” boýunça geçirýän soňky çäreleri, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir kitabyny - türkmeniň alabaý iti baradaky eserini ýazyp tamamlan mahalyna gabat geldi.

13-nji sentýabrda Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) bu kitapda ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen durmuşynyň bir bölegine öwrülen alabaýyň gylyk-häsiýetleriniň we ähmiýetiniň beýan edilýändigini aýtdy.

15-nji iýulda bolsa, döwlet telewideniýesi türkmen prezidentiniň agtyklary bilen arassa howada gezim edýän we jaýyň içinde pişikler bilen oýnaýan pursatlaryny görkezdi.

Aşgabadyň häkimiýetleri idegsiz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilmegini resmi taýdan kommentirlemeýärler. Bu barada remi metbugatda hem mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG