Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlygyň öňýany Aşgabatda öýsüz haýwanlar tutulýar


Aşgabat (arhiw suraty)
Aşgabat (arhiw suraty)

Aşgabatda Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň nobatdaky tapgyry alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetleriň şeýle çäreleri soňky günlerde Parahat-3, Parahat-4, Parahat-11 we Gaudan etrapçalarynda geçirýändigini habar berýärler.

- Şäheriň içi "awçylaryň" toparlaryndan doldy, Garaşsyzlyk gününe arassalaýarlar. Bu käbir ýerler bilen çäklenilmeýär, baýramçylyga tutuş şäherde arassalaýyşlar geçirilýär, oňa ähli jemagat işgärleri gatnaşdyrylýar, - diýip Aşgabatdaky habarçymyz 9-njy sentýabrda habar berdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda öýsüz haýwanlary tutmak işini jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri, şol sanda köçe süpürijiler amala aşyrýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda haýwanlary tutýanlaryň arasynda adaty raýat geýimli adamlar köp.

- Biziň etrabymyzda üç sany it bardy, men olara ideg edýärin, indi diňe ikisi galdy. Olar bir maşgala, olar 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň öňýany [haýwanlar rehimsiz awlananda] aman galypdy" diýip, Aşgabadyň merkezi etraplarynyň biriniň ýaşaýjysy adyny efirde agzamazlyk şerti bilen 9-njy sentýabrda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, Aşgabadyň häkimiýetleri baýramçylyklaryň öňüsyrasynda öýsüz itleri we pişikleri ýok etmek boýunça çärelerini güýçlendirýärler.

Şu günler Aşgabatda idegsiz itleri tutmak boýunça geçirilýän çärelere garşy çykan haýwanlary goraýjy aktiwist Galina Kuçerenko öz adyna haýbat atylmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

​- Ir sagat sekizde köçe süpürijiler gelip, onuň öýüniň öňünde pişikleri bukudan çykarmaga synanyşyp başladylar. Ol öz gyzy bilen bilelikde olary utandyrmaga we kowmaga synanyşdy. Şonda köçe süpüriji zenanlaryň biri: "Sen türmeden oturyp çykdyň we ýene basarlar" diýip, dessine polisiýa jaň edip başlady" diýip, aktiwistiň jorasy adyny agzamazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna 10-njy sentýabrda habar berdi.

Haýwanlary goraýjy Galina Kuçerenko 2017-nji ýylyň dekabrynda 15 günlük türme tussaglygyny başdan geçiripdi. Şonda Galina we onuň gyzy Waleriýa 7-nji dekabrda özlerini tanatmadyk adamlar tarapyndan, Aşgabatdaky öýünden zor bilen äkidilipdi, şondan soň onuň ykbaly birnäçe günläp nämälim boldy. Aktiwist 22-nji dekabrda tussaglykdan boşadyldy.

Galina Kuçerenko birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda öýsüz haýwanlary goramak, olaryň häkimiýetler tarapyndan guramaçylykly öldürilýändigi hakynda maglumat bermek boýunça aktiw iş alyp bardy.

Kuçerenko häkimiýetleriň haýbatlaryna ençeme gezek sezewar boldy.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary we Orsýetiň daşary işler ministrligi Türkmenistanyň häkimiýetlerini Galina Kuçerenkonyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, saklanýan ýeriniň üstüni açmaga, dessine we şert goýmazdan boşatmaga çagyrdylar.

Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumat
Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumat

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler Aşgabatda öýsüz haýwanlaryň awlanmagyna käbir ýaşaýjylar garşylyk görkezmäge çalyşýarlar, emma jemagat hojalygy işgärleri dessine polisiýany çagyrýarlar.

Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumat
Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumat


Habarçymyzyň bellemegine görä, ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda, ýerzeminlerde ýaşaýan haýwanlary tutdurmak üçin ýaşaýjylaryň özleriniň hem köçe süpürijileri çagyrýan pursatlary bolýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, sosial mediada ýaşaýjylar Aşgabatda haýwanlaryň awlanmagyna reaksiýa bildirýärler.

Soňky günlerde idegsiz itleriň tutulmagyny ýazgarýan we rehim etmäge çagyrýan maglumatlaryň ençemesi peýda boldy.

Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumat
Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumat

Aşgabatda idegsiz itleri we pişikleriň tutmak we ýok etmek boýunça işler şu ýylyň başynda has güýçlendi. Haýwanlary tutýan işgärler käte olary köpçüligiň, şol sanda çagalaryň gözüniň öňünde gynap öldürýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan köçe süpürijiler bolsa özleriniň bu işe mejbur edilýändigini, sebäbi özlerine haýwanlary tutmak boýunça gündeki planyň kesgitlenýändigini we onuň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda işden kowulmak haýbatynyň atylýandygyny gürrüň beripdi.

Aşgabadyň häkimiýetleri idegsiz haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilmegini resmi taýdan kommentirlemeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG