Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iman Kerimowa korrupsiýa degişli gizlin faktlary tutuş dünýä aýan ederin diýip, özbek hökümetine duýdurýar


Adwokat Greguar Manža Londondan Daşkende uçup gelen Iman Kerimowanyň öz ejesiniň üstünden geçýän sud mejlisine gatnaşmaga rugsat edilmändigini aýtdy.

Daşkentde ýurduň öňki merhum prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň üstünden, ýene bir gizlin sud işi başlandy. Bu barada 16-njy sentýabrda onuň şweýsariýaly aklawçysy Greguar Manža (Grégoire Mangeat) öz Twitter'ine mälim etdi. Şol gün hem Gülnara Kerimowanyň gyzy Iman Kerimowa Şawkat Mirziýaýewiň hökümetine Özbegistanyň korrupsiýa bilen baglanyşykly gizlin maglumatlary ýakyn günlerde dünýä jemgyýetçiligine aýan ederin diýip duýduryş etdi.

Kerimowanyň tarapy duýdurýar...

Özbegistanyň aradan çykan öňki prezidentiniň türmede oturan uly gyzy Gülnara Kerimowanyň gyzy 16-njy sentýabrda Daşkende resmi duýduryşyny yglan etdi.

Gülnaranyň Londonda ýaşaýan gyzy Iman Kerimowa öz Instagram-akkauntynda ejesiniň üstünden geçýän sud diňlenişigini «sirkdäki masgarabazlyk» diýip atlandyrdy. Onuň pikiriçe, «ýurtda batly beýannamalardan hem ýüzleý üýtgeşmelerden başga hiç zadyň üýtgemeýändigi barha we barha aýan bolýar, ýurta başga öňe ilerleme ýok».

«Geljek ýakyn günleriň dowamynda her bir halkara suduna hem-de korrupsiýany yzarlaýan belli halkara kompaniýalaryna meniň ejemiň hem biziň elimizde bolan dokumentleriň (başlangyç üçin) birnäçesi iberiler, ol faktlardan hökümetler gorkýar. Orta derejedäki tanalýan blogerleriň hyzmatyndan peýdalanmaga synanyşsalar-da, bu maglumat babatynda halkyň ünsüni sowmak başartmaz» diýip, Iman Kerimowa ýazýar.

Iman Kerimowa takyk adam atlaryny aýtmasa-da, hamana häzirki hökümet çinownikleriniň korrupsiýany goldaýandygy baradaky faktlar dogrusynda gürrüň gidýändigini ýaňzydýar.

Şweýsariýaly adwokata öz goragyna alan müşderisi bilen duşuşmaga ýene-de rugsat edilmedi

Iman Kerimowanyň bu duýduryşy yglan eden güni Gülnara Kerimowanyň şweýsariýaly aklawçysy Greguar Manža (Grégoire Mangeat) öz Twitter'ndе onuň goraga alan müşderisiniň 16-njy sentýabr agşamy sud diňlenişiginiň geçýän ýeri Ýaşnabat raýon sudundan, näbelli bir ugra alnyp gidilendigini habar berdi. Adwokatyň sözüne görä, G. Kerimowanyň gyzy Imany sud mejlisine goýbermändirler. Adwokat Manža mundan iki hepde öň onuň suda gatnaşmagy üçin resmi arza berlendigini aýdýar. Muňa garamazdan, ol suduň barşyna gatnaşmaga rugsat alyp bilmändir.

«Özbek adwokaty bu diňlenişik barada şu gün habarly edilen bolsa gerek. Gyzyny suduň geçýän zalyna goýbermediler. Mundan iki hepde öň berlen resmi haýyşnama bardygyna garamazdan, muňa rugsat berilmedi» diýip, şweýsariýaly adwokat ýazýar.

Ýatlatsak, geçen aýda Özbegistanyň Baş prokuraturasy Gülnara Kerimowanyň garşysyna täze jenaýat işleriniň gozgalandygyny mälim edipdi. Ol döwlet emlägini ogurlamakda, Özbegistanyň bähbitlerine garşy gidýän şertnamalary baglaşmakda hem haýbat atmak ýoly bilen köp mukdardaky kesekiniň emlägini öz haýryna geçirmekde aýyplanýar.

Ýöne onuň gyzy Iman ejesiniň garşysyna täze jenaýat işiniň gozgalmagyny «syýasy oýun» diýip atlandyrdy.

Korrupsiýa bilen baglanyşykly birnäçe jenaýat işinde Gülnara Kerimowanyň ady geçýär, şeýle hem ABŞ-da, Özbegistanda hem Ýewropanyň birnäçe ýurdunda döredilen galp emlägi ‘ýuwmakda’ derňew astynda duran esasy adam saýylýar. Derňew organlarynyň tassyklamagyna görä, G. Kerimowa esasan daşary ýurtlara degişli bolan telekommunikasiýa we beýleki kompaniýalardan, mobil aragatnaşygy ulgamyndan lisenziýa almak hem ony çalyşmak işleri üçin 1 milliard dollara golaýa para alypdyr.

Ýatlatsak, 2017-nji ýylda Gülnara Kerimowa Özbegistanda salgyt tölemekden gaçandygy, döwlet emlägini talandygy, mejbur edip para alandygy, ofşor kompaniýalaryň dokumentlerini ýoklandygy üçin, 10 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

2019-njy ýylyň martynda ol öý tussaglygynyň şertlerini «bilgeşleýin» bozandygy üçin, Daşkent welaýatynyň Zangiota raýonyndaky 21-nji aýallar türmesinde geçirildi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG