Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Maryda edara-kärhanalaryň işgärlerinden “welosiped üçin” 40 manatdan pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty

Häkimiýetler Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden welosiped satyn almagy talap edýär.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary öz garamagyndakyklardan welosiped satyn almak üçin her adam başyna 40 manat möçberinde pul ýygnaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 20-nji sentýabrda habar berdi.

“Edaralaryň başlyklary öz işgärlerinden 40 manat möçberinde pul ýygnaýarlar. Welosiped almagyň sebäbini welosipedli ýöriş çäreleri bilen düşündirýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatyna görä, döwlete degişli ähli edaralara, şolaryň hatarynda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň hassahanalaryna welosiped satyn almak boýunça dilden görkezme berildi.

“Bu görkezme iň bärikisi keramzit kärhanasyna we şuňa meňzeş beýleki kärhanalara-da degişli bolup durýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, işgärleriň aýlyk haklary tölenen edaralaryň başlyklary öz garamagyndakylardan 40 manat tölegi dessine tölemegi, heniz aýlyk haklary geçmediklerden bolsa, ilkinji mümkinçilikde bu tölegi geçirmegi talap edýär.

“Işgärlerden iň ýakyn wagtda öz plastik kartlaryndan pul nagtlaşdyryp, 40 manat möçberindäki puly başlygyň eline tabşyrmak talap edilýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmenistanda resmiler jemgyýetçilik çykyşlarynda ýurtda welosiped sportynyň ösdürilýändigini gaýtalaýarlar, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan birnäçe ýerli ýaşaýjy, şolaryň hatarynda ençeme býujet işgäri welosipedli çärelere özleriniň mejbury gatnaşdyrylýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylary býujet işgärlerinden ol ýa-da beýleki maksatlar üçin dilden görkezme bilen ýygnalýan pullara degişli kwitansiýa berilmeýändigini aýdýarlar.

Tigir satyn almak boýunça döwlet-kärhanalarynyň işgärlerinden edilýän talaplaryň fonunda, Azatlygyň habarçylary mundan ozal, ýurduň regionlarynda, hatda paýtagt Aşgabatda ýeterlik derejede tigir ýodalarynyň ýokdugyny, welosiped sürmäge degişli infrastrukturanyň ýetmezçilik edýändigini gürrüň beridiler.

Muňa garamazdan, tigirli raýatlardan öz eýeçiligindäki tigriň Guratlyk haty, tigir sürmek üçin Rugsat haty ýaly resminamalar berk talap edilýär.

Geçen ýyl her ýylyň 3-nji iýuny Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynda “Bütindünýä welosiped güni” yglan edildi.

Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň iýunynda Aşgabatda welosipediň ýadygärligini oturtmagy teklip etdi.

"Ýadygärlik dabaraly ýagdaýda indiki ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä tigir güni açylsa örän gowy bolardy" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow şonda aýdypdy. Ýöne heniz bu ýadygärligiň açylyp-açylmandygy barada resmi maglumat ýaýramady.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda prezidentiň we hökümet agzalarynyň gatnamagyndaky köpçülikleýin tigirli ýörişler yzygiderli geçirilýär. Bu tigirli ýörişlere döwlet işgärleri, studentler we mekdep okuwçylary köpçülikleýin çekilýärler, olar tigirleri we sport geýimlerini öz hasabyna satyn alýarlar.

2019-njy ýylyň 1-nji iýun güni Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin tigirli ýöriş, bir hatara düzülen welosipedçileriň sany boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Türkmenistan iň köp adamyň gatnaşan welosiped sapagy bilen baglylykda hem Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.

Ýöne resmiler welosiped üçin raýatlardan mejbury pul ýygnalmagy ýaly ýagdaýlar boýunça beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG