Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti tigiriň ýadygärliginiň şekilini tassyklady we ýörişine rugsat berdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Wise-premýer Şamuhamet Durdylyýew
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Wise-premýer Şamuhamet Durdylyýew

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welosiped gününe dikiljek ýadygärligiň dizaýnini tassyklady we şenbe güni tigirli ýöriş geçirmek ideýasyny makullady.

Resmi medianyň habar bermegine görä, ýadygärlik Çandybyl we Bekrewe köçeleriniň çatrygynda dikiler, ol prezidentiň talaby boýunça "aýlanýan ýer şarynyň şekilinde bolmaly we türkmen halkynyň adamzadyň taryhyndaky roluny şekillendirmeli".

Türkmenistanda welosiped sporty döwlet derejesinde propagandirlenýär, döwlet baştutany inisiator bolup çykyş edýär.

Prezident G.Berdimuhamedowyň tigirli syýahaty, 25-nji oktýabr, 2018
Prezident G.Berdimuhamedowyň tigirli syýahaty, 25-nji oktýabr, 2018

Döwlet metbugatynda tigirli sportuň ýurtda gitdigiçe ýaýbaňlanýandygy, ilatyň ony maşgala syýahatlary üçin, şeýle-de, oňaýly we ekologik ulag hökmünde ulanýandygy aýdylýar.

"Ýeri gelende bellesek, bu sport görnüşiniň Türkmenistanda uly taryhy bar - tigir sürüjileriň ilkinji jemgyýeti Aşgabatda 1894-nji ýylda döredilipdi" diýip, TDH döwlet habar agentligi ýazýar. Şeýle-de, maglumatda tigir sürmegiň diňe bir wagtyňy ýakymly geçirmek däl, eýsem, adamyň saglygyna, özüni duýşyna we keýpine täsir ýetirýändigi bellenýär.

Öz nobatynda Türkmenistanyň ýaşaýjylary tigirli adamlaryň şu günki gün köçelerde henizem seýrek göze ilýändigini aýdýarlar, zerur infrastrukturanyň, şol sanda tigir sürmek üçin ýörite ýodalaryň bolmazlygynyň, etrapçalarda, oba ýerlerinde ýollaryň hiliniň ýaramazlygynyň, şeýle-de tigiriň bahasynyň gymmatlygynyň muňa sebäp bolýandygyny belleýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda tigiriň bahasy 800-1800 manat aralygynda, bu resmi kursdan 228-514 amerikan dollary aralygyna barabar.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, döwlet propagandasyna garamazdan, tigir sürmek üçin hatda paýtagtda hem zerur şertler döredilmeýär, ýörite ýodalar we duralgalar ýok, tigir ilat tarapyndan ulag hökmünde köplenç ýollaryň köpçülikleýin ýapylýan pursatlarynda we jemgyýetçilik transportyň işiniň togtadylýan döwürlerinde has aktiw ulanylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, tomsuň başynda Daşoguzda häkimiýetleriň ýerli tigir sürüjilerden ulagyň tehniki guratlygy hakynda kagyzlary we tigir sürmek üçin rugsat hatyny talap edip başlandygyny ýerli habarçylarymyz gürrüň beripdi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda prezidentiň we hökümet agzalarynyň gatnamagyndaky köpçülikleýin tigirli ýörişler yzygiderli geçirilýär. Bu tigirli ýörişlere döwlet işgärleri, studentler we mekdep okuwçylary köpçülikleýin çekilýärler, olar tigirleri we sport geýimlerini öz hasabyna satyn alýarlar.

Şu ýyl Türkmenistan ilkinji gezek döwlet derejesinde tigir gününi belledi. Şonda prezident Berdimuhamedow Aşgabadyň merkezi köçeleriniň birinde tigire ýadygärlik dikmek inisiatiwasy bilen çykyş etdi. "Ýadygärlik dabaraly ýagdaýda indiki ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä tigir güni açylsa örän gowy bolardy" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de, iýunyň başynda Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin tigirli sport maşklary "iň köp gatnaşyjyly tigirli sport sapagy" hökmünde Gines rekordlar kitabyna girdi.

Türkmenistanyň prezidenti sporty propagandirlemekde özüni tanatdy we öňe saýlandy. Döwlet telewideniýesi prezidentiň tigirli ýörişlerde, atly we awtoulagly ýaryşlarda, şeýle-de, golf, göreş we beýleki sport görnüşlerinde üstünlikli çykyş edýändigini habar berip gelýär.

Berdimuhamedow sport maşklaryny ýerine ýetirdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

XS
SM
MD
LG