Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň sport mekdepleriniň işgärlerinden saglyk aýynyň çäreçileri üçin pul ýygnalýar


Aşgabadyň çäreçileri (arhiw suraty)
Aşgabadyň çäreçileri (arhiw suraty)

Aşgabadyň sport mekdeplerinde işgärlerden, ýene-de pul toplaýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler sport mekdepleriniň işgärlerinden 150 manat tabşyrmagy talap etdiler.

"Ählisinden pul ýygnaýarlar. Pul saglyk aýynyň çärelerine her mekdepden gatnaşýan bäş adamyň sport geýimleri üçin niýetlenýär. Başda 100 manat, soňra ýene 50 manat. Adatdakysy ýaly puly nagt alyp, hiç hili kwitansiýa bermeýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy 11-nji aprelde habar berýär.

2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda aprelde saglyk aýy bellenýär. Bir aýyň dowamynda tutuş ýurt boýunça geçirilýän syýasy we sport çärelerine döwlet edaralary guramaçylyk edýär.

Aşgabadyň sport mekdepleriniň işgärleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geçen gezek olardan köpçülikleýin çäreleriň gatnaşyjylarynyň sport geýimleri üçin puly oktýabr aýynda toplapdyrlar. Şonda her mekdepden bäş adam üçin niýetlenen bahasy her biri 500 manatlyk sport geýiminiň puly toplanypdyr.

"Olar nirä gidýär, belli däl. Çäreleriň gatnaşyjylary ulanandan soň geýimleri sport edarasyna tabşyrmaly we ol ýerde geýimler, öň pul ýygnalyp alnan tigirler, nasoslar we beýleki zatlar bilen bilelikde näbelli bir ýere ýok bolýar. Iki ýyl mundan ozal täze geýimler üçin ýygnalan pula täze diýip, ýuwlan köne geýimler tas satyn alnypdy" diýip, Aşgabadyň sport mekdepleriniň biriniň işgäri gürrüň berdi.

Häzirki wagtda sport geýimlerini satyn almak üçin ýygnalýan puldan başga-da, sport mekdepleriniň işgärlerinden täze sport žurnaly üçin 80 manat möçberinde pul tabşyrmak talap edilýär.

Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri köçeleriň abatlanmagy we arassalanmagy, nahal ekmek we baglara seretmek, döwlet metbugatyna ýazylmak, baýramçylyk we sport geýimlerini satyn almak, şeýle-de resmi köpçülikleýin çärelere gatnaşmak üçin dürli gurallary satyn almak maksatly pul tabşyrmaga mejbur edilýärler.

Üstesine, Aşgabadyň sport mekdepleriniň trenerleri özleriniň boş wagty we öz hasabyna okuwçylaryny kino gatnatmaga, orta mekdepleriň mugallymlary bolsa okuwçylaryny ekskursiýalara gatnatmaga mejbur edilipdi.

Türkmenistanda ýylda geçirilýän ýüzlerçe mejbury çäreleriň we olara gatnaşdyrylýan çäreçileriň sanawlary her aýda düzülýär.

Türkmenistanda apreldäki saglyk aýyndan daşary, welosiped güni hem resmi taýdan döredildi.

Geçen ýylda 3-nji iýuna bellenen bu senäniň öňüsyrasynda ýurduň baş sport edarasy sport mekdepleriniň müdirlerine tigir, sport geýimlerini, baýdajyklary we tigir üçin nasoslary satyn almak üçin pul ýygnamagy dil üsti bilen tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG