Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen türmesinde dereksiz ýiten hasaplanýan Ömrüzak Umarkulyýewiň şübheli wideosy peýda boldy


Ömrüzak Umarkulyýew

Aşgabatdan ýokary bilim alýan ýurdy bolan Türkiýä gitmek üçin eden netijesiz synanyşyklaryndan soň, 2018-nji ýylyň martynda gözden gaýyp bolan Ömrüzak Umarkulyýewi görkezýän wideo Internetde peýda boldy. Wideoda Ömrüzak harby lybasda görkezilýär; hamala, ol 17 aý bäri harby gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören ekeni, ozal ölümi barada habar berlen kakasy Şirinbaý Umarkulyýew bolsa, hamala, diri we tendar ekeni. Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy Ömrüzagyň aman-esenliginden we hususan-da Şirinbaý Umarkulyýewiň sag-salamatlygyndan hoşal. Ýöne Azatlygyň öňki habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýew bilen ilteşikli YouTube kanalda peýda bolan wideo jogapdan beter has köp sorag döredýär. Bellemeli ýeri, Ömruzak barada täzeligiň peýda bolýan wagty, onuň ykbalynyň ÝHHG-nyň Warşawada geçirilýän ýyllyk konferensiýasynda maslahatlaşylýan wagtyna gabat gelýär.

Bu ýagdaýa duçar bolmazdan öň, 26 ýaşly Ömrüzak Umarkulyýew 2018-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Azatlyk Radiosynda efire berlen Dünýä Türkmenleri gepleşigine beren interwýusyndan soň, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň kömek bermeginde aldaw ýoly bilen Türkiýeden çykaryldy. Geçen ýylyň fewralynda Aşgabatdan yzyna, Türkiýä gitmek üçin bir hepdeläp eden netijesiz synanyşyklaryndan soň, ol garaşsyz türkmen internet neşirlerine ýüz tutdy, şol sanda Azatlyk Radiosynyň korrespondenti bilen telefon arkaly gepleşip, öz ýagdaýy barada gürrüň berdi. Ol martyň başlarynda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili bilen hem habarlaşdy. Soňra Umarkulyýew bilen aragatnaşyk kesildi.

Azatlyk Radiosy 2018-nji ýylyň martynda Ömrüzagyň maşgala agzalary bilen habarlaşmaga synanyşdy, ýöne soňra olar biziň bilen aragatnaşykdan boýun gaçyrdylar. Şondan soň, 2018-nji ýylyň iýun aýynyň başlarynda Ömrüzak Umarkulyýewiň 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada ençeme çeşmäniň tassyklan maglumaty peýda boldy. Aradan birnäçe hepde geçenden soň, onuň kakasy, 50 ýaşyndaky Şirinbaý Umarkulyýewiň ölendigi barada maglumat çykdy. Şonda Lebap welaýatynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň haýyşy boýunça Umarkulyýewleriň ýaşaýan ýeri bolan Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşligine baryp gördi. Ol oba ýaşaýjylarynyň ençemesi bilen geçiren gürrüňdeşliklerinden soň, Şirinbaý Umarkulyýewiň aradan çykandygyny tassyklady.

19-njy sentýabrda Azatlyk ýene-de bir gezek Umarkulyýewiň maşgala agzalary bilen aragatnaşyga geçmäge synanyşdy, ýöne bize mälim bolan telefon belgileriň hiç haýsysy jogap bermedi.

Şübheli wideo

Soňky peýda bolan wideonyň awtory Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýew bolup, ol ondan ozal, haçan-da Azatlygyň žurnalistleri tussag edilende ýa-da olara zorluk görkezilende türkmen režimini aklaýan çykyşlarynyň wideosyny çap edipdi. Şeýle-de, onuň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi bilen hyzmatdaşlyk edýändigini görkezýän maglumatlar bar.

Dowamlylygy 3 minutdan az bolan wideoda Ömrüzak Umarkulyýewiň başyna gelen wakalaryň ählisiniň toslamadygy, hamala, onuň 17 aý bäri, garaşsyz habar serişdelerinde ýazylýan zatlardan habarsyz, Türkmenistanyň öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip ýörendigi aýdylýar.

Bellemeli ýeri, wideo “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilenleriň täzelenen sanawyny ÝHHG-niň Warşawada geçiren maslahatynda jemgyýetçilige ýetirmeginden bir gün geçenden soň çap edildi. Täzelenen sanawa Ömrüzak Umarkulyýew hem goşuldy. Bu maslahata Döwletmyrat Ýazgulyýewiň hem gatnaşýandygyny bellemelidir, ýöne onuň haýsy gurama wekilçilik edýändigi häzirlikçe mälim däl.

Azatlyga habarlaşmagy başardan Ýazgulyýew wideoda Ömrüzagy harby gullukçynyň eşiginde görkezdi; ol it bilen oýnaýar, telewizora tomaşa edýär we özi ýaly harby lybasadaky adamlaryň ýanynda nahar iýýär. Ýazgulyýew bu wideony Ömrüzagyň 2018-nji ýylyň maýynda ölen saýylýan kakasy Şirinbaý Umarkulyýewiň haýyşy boýunça taýýarlandygyny aýdýar. Wideoda, hakykatdan-da, Şirinbaý Umarkulyýewe meňzeş bir erkek adam peýda bolýar, ekranyň aşagyndaky ýazgyda bolsa onuň diridigi aýdylýar.

Wideorolik şeýle titr bilen başlanýar: “Adamyň ykbaly bilen oýnap, toslama habarlar bilen “abraý” gazanmak islän käbir habar gulluklary Ömrüzagyň Türkiýeden Türkmenistana getirilip, tussag edilendigi barada aýtdylar” (stilistika üýtgedilmedi – red.)

Wideo ýazgynyň 50-nji sekundyndan başlap, gapdalynda türkmen baýdagy parlaýan näbelli bir binanyň öňünde harby lybasly adamlaryň nyzama durşy gamaşyk sahnada peýda bolýar. Eger siňe syn etseň, wideonyň 8 sekuntlyk segmenti 2 sekuntlyk bölekden kebşirlenipdir, ýagny bu 2 sekuntlyk bölek 8 sekundlyk epizody ýapmak üçin dört gezek gaýtalanýar. Ömrüzak wideonyň 58-nji sekundynda agaçlygyň öňünde harby lybasda peýda bolýar. Soňra ol daňylan it bilen oýnaýar, harby lybasly adamlar bilen oturyp, telewizor görýär, nahar iýýär. Ýöne geň ýeri, wideonyň hiç ýerinde Ömrüzak gürlemeýär, hiç hili çykyş etmeýär. Ýagny, eger-de Ýazgulyýew ony tapmagy, onuň gündeki esger durmuşyny wideo düşürmegi başaran bolsa, onda näme üçin onuň bilen gepleşmedi, näme üçin Ömrüzagyň özi şunça wagtlap nirede bolandygyny gürrüň bermedi? Şunça wagtlap özi barada ýazylmagyndan, ÝHHG, ÝB, BMG, Human Rights Watch ýaly dürli halkara guramalaryň onuň ykbaly barada türkmen hökümetinden maglumat talap edendiklerinden özüniň bihabar bolandygyny aýtmady? Ol hiç zat aýtmazlyk bilen bir hatarda, Ömrüzak asla kamera seretmän, boş bakyşlar bilen nirädir başga tarapa garaýar.

Türkmenistandan islendik maglumat almagyň, aýratyn-da harby gulukçy hakda maglumat almagyň we harby bölüme ygtyýarnama almagyň aňsat däldigini nazarda tutsak, Azatlygyň öňki habarçysynyň, häzir özüni “garaşsyz žurnalist” atlandyrýanyň bu işleriň nädip hötdesinden gelendigi şübheli dälmi? Wideonyň harby bölümde düşürilendigini anyk görkezýän ýekeje-de sahna ýok. Wideo şeýle bir düşürilipdir, hamala, awtor onuň nirede alnandygyny gizlejek bolýan ýaly.

Ýazgulyýew Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde Ömrüzagyň kakasy “töhmet astyndaky maşgalasyna kömek sorandan” soňra Ömrüzak bilen duşuşmak üçin “degişli döwlet edaralaryna” ýüz tutup, rugsat alandygyny öňe sürýär. Ýöne Ýazgulyýew Azatlygyň häzirki wagtda Ömrüzagyň haýsy regionda we haýsy harby bölümde gulluk edýändigi barada beren soragyna, munuň “döwlet syrydygyny” aýdyp, jogap bermekden ýüz öwürdi. Şeýle-de, ol wideonyň düşürilen wagtyny aýan etmekden saklandy.

Şu ýylyň başynda Azatlyk Radiosyna Ömrüzak Umarkulyýewiň, hamala, harby gullukdadygynyň Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasyna habar berlendigi mälim boldy. Şondan soňra Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi bu maglumaty barlap, şol wagtlarda harby gullugy geçýänleriň hatarynda şeýle raýatyň ýokdugyny habar berdi.

Wideo dolanaly! Görkezilýän pursatlaryň birinde sport zalyna onçakly çalym etmeýän otagdaky trenažýorda Ömrüzak beden maşklaryny ýerine ýetirýär. Üstesine, trenažýor örän täze bolup, onuň entek sellofandan edilen daňy hem aýrylmandyr.

Ýene-de bir geň ýeri, Ömrüzak ýanyndaky adamlardan özüniň saçynyň gysgalygy bilen tapawutlanýar. Türkmen goşunynda gulluk eden bir adam wideony görüp, munuň awtoryň 17 aý gulluk edendigini aýdýan esgeri üçin geňdigini aýtdy.

Soňra wideoda Ömrüzagyň kakasy Şirinbaý Umarkulyýewe meňzeýän bir erkek adam peýda bolýar. Ýöne ol hem hiç zat aýtmaýar, hiç geplemeýär, kamera göni seretmeýär; diňe onuň Ýazgulyýew bilen oturyp, oňa maşgala suratlaryny görkezýän pursatlary bar. Kadrda Ömrüzagyň ýiten döwürlerinde Türkiýede bolan aýaly Narjemal Hojamyradowa peýda bolýar. Narjemal Hojamyradowanyň Türkmenistana haçan dolanandygy Azatlyk Radiosyna mälim däl.

2018-nji ýylyň martynda Azatlyk Radiosy Ömrüzagyň aýaly, kakasy we beýleki maşgala agzalary bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne şol wagtlarda onuň ýakynlarynyň hiç haýsysy Azatlyk bilen gepleşmek islemedi.

Wideonyň 1:51 minudyndan başlap, Hojamyradowa özüniň gaýyn atasy Şirinbaý diýlip görkezilýäne maşgala suratlaryny getirip berýär. Suratlarda olardan başga-da Ömrüzagyň ejesi Gyzlargül Umarkulyýewa we gyz dogany Enejan bar. Soňra erkek adam suratlary Ýazgulyýewe görkezýär.

Galyberse-de, ne Şirinbaý ne-de Narjemal hiç zat geplemeýärler, wideoda Gyzlargül we Enejan Umarkulyýewalar asla görkezilmeýärler.

Azatlyk Radiosy bilen geçirilen gürrüňdeşlikde Ýazkulyýew munuň sebäbini duşuşygy Şirinbaýyň özüniň haýyş edendigini, we şol sebäpden diňe onuň bilen görüşendigini düşündirdi. “Onda näme üçin siz Ömrüzagyň aýaly bilen hem görüşipsiňiz” diýip, biz soradyk. Ol muňa Narjemalyň kadrda diňe suratlary getiren wagty peýda bolýandygyny aýdyp jogap berdi.

Bellemeli ýene bir ýagdaý, wideodaky erkek adam suratlarda görkezilýän Şirinbaý Umarkulyýewe örän meňzeş-de bolsa, olaryň arasynda käbir tapawut bar. Ýazgulyýew bilen gepleşip oturan adamyň ýüzünde, burnunda we gulagy bilen maňlaýynyň aralygynda birnäçe meň bar, ýöne suratlarda meň görünmeýär. Belki-de, bu suratyň hili bilen baglydyr, ýa-da surata düşülenden soňky geçen döwürde onuň keşbi üýtgändir.

Hukuk goraýjylar şübhelenýär

Peýda bolan wideo Ömrüzak Umarkulyýewiň ykbalyny yzarlaýan halkara hukuk goraýjylarda hem şübhe döretdi.

Moskwada ýerleşýän “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça direktory Witaliý Ponamarýowa görä, Umarkulyýewiň Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenler boýunça halkara kampaniýalaryň üns merkezinde bolandygy nazarda tutulanda, bu wideo şübhe oýandyrman bilmeýär.

“Geň ýeri, türkmen hökümeti bu adamyň (Ömrüzak Umarkulyýewiň) zor bilen ýitirim edilenler boýunça biziň düzen sanawymyza girizilendigini bilýärdi, ýöne onuň işi bilen bagly halkara hukuk guramalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki halkara düzümleriň beren soraglaryna jogap bermän gelýärdi” diýip, Ponamarýow aýtdy.

“Olary diriň görkeziň!” kampaniýasynyň kordinatory we “Demokratiýa we adam hukuklary boýunça merkeziň” müdiri Ýuriý Jibladze zor bilen ýitirim edilenler boýunça “ýalan maglumat bermekde” Türkmenistanyň “tejribesiniň baýdygyny” aýtdy.

“Öňki tejribelerden biz anyk bilýäris, türkmen hökümeti türkmen türmelerinde ýiten adamlaryň nirededigi barada yzygiderli doly däl, ýalňyşdyrjy ýa-da ýöne bir ýalan maglumatlary berýär. ÝHHG-nyň duşuşyklarynda, ýa-da meselem, ÝB bilen Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça geçirýän geňeşmelerinde we beýleki halkara forumlarda bu şeýle bolýar. Aşgabadyň BMG ugradýan jogaplarynyň biri-birine çapraz gelýän ýagdaýlary köp boldy” diýip, Jibladze aýtdy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew kim?

2008-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli Ýazgulyýew Azatlyk Radiosynyň habarçysy bolup işledi. Ol Abadan şäherindäki harby bölümiň ammarlarynda bolan partlamada wakanyň bolan ýerinden habar ýetiren az sanly žurnalistleriň biridi. Bu wakalardan soň, Ýazgulyýew 2011-nji ýylyň oktýabrynda öz aýalynyň gyz doganyny özüni heläklemäge itermekde galp aýyplamalar bilen 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şonda Ýazgulyýewiň tussag edilmegi Türkmenistanda garaşsyz žurnalist bolmagyň çetindigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Ol tussaglykda wagty Azatlyk Radiosynyň tagallalary bilen Birleşen Ştatlaryň täsirli dört senatory Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümetine žurnalisti azat etmäge çagyrdy. Munuň yzýany Ýazgulyýew prezidentiň günä geçişligi bilen boşadyldy. 2012-nji ýylda Azatlyk Radiosynyň ony Hellman-Hammett sylagyna hödürlemeginde Ýazgulyýew bu sylaga mynasyp boldy.

Soňra ol çak bilen türkmen hökümetiniň basyşlary sebäpli, Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk etmegi bes etdi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylmy işgär wezipesine eýe boldy. Haçan-da 2016-njy ýylyň dekabrynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edilende Ýazgulyýew onuň tussag edilmegini goldap, ilkinji wideosyny goýberdi. Ýazgulyýew wideo çykyşynda Allaşowy jenaýatçy atlandyrdy, Azatlygyň Türkmenistandaky beýleki habarçylary barada-da ýaramaz sözler aýtdy.

20-nji sentýabra Azatlygyň korrespondenti Ýazgulyýewden onuň näme sebäpden Allaşowy jenaýatçy atlandyrandygyny sorady. Ol Allaşowyň boşadylmagyndan soň onuň bilen hut özüniň duşuşandygyny we onuň “jenaýata baş goşandygyny özüniň boýun alandygyny, toba gelendigini” aýtdy. Şeýle-de, Ýazgulyýew Allaşow bilen hem onuň dogan-garyndaşlarynyň haýyşy boýunça duşuşandygyny öňe sürdi.

Geň ýeri, türkmen hökümeti tarapyndan represiýa duçar edilen adamlar özleriniň represiýanyň pidasy bolandyklary baradaky maglumatlary ret etmek üçin näme üçindir Ýazgulyýewe ýüz tutýarlar. Ýazgulyýewiň ynanjyna görä, bu adamlar oňa ýüz tutýarlar, sebäbi ol "ýurtda tanalýan garaşsyz žurnalist”.

Onuň bilen söhbetdeşlikde Azatlyk onuň Türkmenistanyň MHM-si bilen hyzmtdaşlyk edip etmeýändigi bilen hem gyzyklandy. Bu sorag Ýazgulyýewiň örän gaharyny getirdi.

Şu ýylyň aprelinde biziň habarçymyz Amanmyrat Bugaýewiň pajygaly ýagdaýda aradan çykmagyndan soň, Ýazgulyýew Azatlygyň redaksiýasy bilen habarlaşyp, hyzmatdaşlygy täzeden dikeltmegi sorady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň redaksiýasynda onuň teklibini kabul etmezlige sebäp bardy.

Jibladze Ýazgulyýewi köp wagtdan bäri tanaýar we onuň özüni “tanymal garaşsyz žurnalist” diýip atlandyrmagynyň birhili hakykata gabat gelmeýändigini, onuň Berdimuhamedowyň awtoritar režiminiň represiýasynyň pidalaryny garalap çykarýan hökümetçi wideolarynyň onuň öz abraýyna düzedip bolmajak derejede şek ýetirendigini aýdýar.

Azatlyk Ýazgulyýewiň hyzmatdaşlyk hödürläp, ýüz tutan ýeke-täk guramasy däl. Jibladzeniň aýtmagyna görä, ol halkara guramalar bilen hem hyzmatdaşlyk etmäge synanyşdy.

“Ol ÝHHG bilen işleşýän hökümete degişli bolmadyk halkara guramalaryň koalisiýasyna agza bolmak üçin hem arza bermäge synanyşdy. Ýöne onuň arzasy ret edildi, sebäbi, onuň hökümete degişli bolmadyk hakyky guramalara däl-de, hökümete degişli bolmadyk toslama guramalara wekilçilik edýändigini biz bilýäris” diýip, Ýuriý Jibladze aýtdy.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG