Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk häkimiýetleri Ömruzak Omarkulyýewiň döreden guramasyny ýapdylar


Ömruzak Omarkulyýew

Türkiýäniň Osmaniýa şäheriniň häkimiýetleri Türkmenistanly studentleriň raýadaşlyk we özara kömek guramasyny ýapdylar diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.

Bu gurama Türkiýäniň Gorkut Ata uniwersitetiniň ikinji kursunyň studenti Ömruzak Omarkulyýewiň ýolbaşçylygynda döredildi. Emma ol aldaw ýoly bilen Türkmenistana getirilip, ilki ýurtdan goýberilmedi, soňra uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Turkmen.news neşiri özünde Osmaniýa şäher häkimliginiň suduň karary esasynda 2019-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda ýazan habardarlyk hatynyň bardygyny aýdýar.

Şeýle-de neşir öz çeşmelerine salgylanyp,bu guramanyň ýapylmagynyň arkasynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň eliniň bardygyny öňe sürýär.

“Ömruzak alnyp gaýdylandan soň, türkmen ýörite gulluklarynyň işgärleri diplomat lybasyna girip, şäher häkimiýetlerini, sud organlaryny we prokuraturany türkmen studentleriniň birleşiginiň bir-birege kömek bahanasyna duwlanyp, syýasat bilen meşgullanýandygyna ynandyrmak üçin ägirt uly iş geçirdiler” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme neşire habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosyna ýokarky maglumaty tassyklatmak başartmady.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden türkmenistanly ýaş aktiwist Azatlyk Radiosynda çykyş edip, öz döreden guramasynyň işine Türkmenistanyň ilçihanasynyň gyzyklanma bildirip, goldaw hödürländigini buýsanç bilen gürrüň beripdi.

Emma yzýany, ýagny 14-nji fewralda Türkmenistanyň ilçihanasynyň howandarlygynda Türkmenistana barandan soňra Ömruzak ýurtdan gaýdyp çykarylmady. Ömruzak bu barada Azatlyk Radiosyna mart aýynda habar ýetirdi.

Şondan soň türkmenistanly ýaş aktiwistden hiç hili habar bolman, üç aýa golaý wagtdan soň onuň tussaglykda saklanýandygy belli boldy. Birnäçe çeşmelerden gowşan maglumatlara görä, Ömruzak Omarkulyýew ýapyk suduň netijesine 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, Owadandepe türmesinde saklanýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG