Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda tussag edilen studentiň kakasynyň mazaryna mazar daşyny oturtmak gadagan edildi


Ömruzak Omarkulyýewiň kakasy Şirinbaý Omarkulyýewiň mazary. Lebap welaýaty, 2018-nji ýylyň maý aýy
Ömruzak Omarkulyýewiň kakasy Şirinbaý Omarkulyýewiň mazary. Lebap welaýaty, 2018-nji ýylyň maý aýy

Türkmen häkimiýetleri golaýda Türkmenistanda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Ömruzak Omarkulyýewiň aradan çykan kakasynyň mazaryna mazar daşyny ýa-da islendik belgini oturtmagy gadagan etdiler. Bu barada “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Saýtyň ýazmagyna görä, merhumyň aýaly Gyzlargül orta mekdepde taryh mugallymy bolup işleýär. Ony 26-njy iýunda oba geňeşligine çagyryp, merhumyň mazaryna onuň ýaşan ýyllaryny we adyny görkezýän mazar daşyny oturtmazlygy berk tabşyrýarlar. Tabşyrygy berenler özleriniň kimdigini tanyşdyrmaýar. Haçan-da Gyzlargül olaryň maslahatyna eýermejekdigini aýdanda oňa “Gyzlaryň hakda oýlan!” diýip, ar almak haýbatyny atýarlar.

Türkiýäniň Osmaniýe şäherinde ýerleşýän Gorkut ata uniwersitetinde okap ýören wagty fewralyň ortasynda aldawa salnyp Türkmenistana äkidilensoň, tussag edilen Ömruzak Omarkulyýewiň Dostluk şäherinde ýaşaýan 50 ýaşly kakasy Şirinbaý Omarkulyýew maý aýynyň birinji ýarymynda ýüreginden tutup aradan çykdy.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri merhumyň Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň gonamçylygynda jaýlanandygyny habar beripdi.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň habar bermegine görä, merhumyň yzynda galan aýaly we iki gyzy ýerli häkimiýetleriň basyşlaryna sezewar bolýar.

TAH-yň çeşmesi Ömruzagyň ejesiniň çar tarapdan basyşlara duçar bolýandygyny, oňa hem jaň edilip, hem gürrüňdeşlige çagyrylyp ogly we wepat bolan adamsy barada dymmagyň tabşyrylýandygyny habar beripdir.

Mundan ozal Azatlyk howpsuzlyk gulluklarynyň ýas ýerini gabawda saklaýandygyny, hatda ýasa baran adamlaryň surata alnyp, soňra polisiýada soraga çekilýändigini habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň başga bir çeşmesi merhumyň kyrkynyň bellenmeginiň öňüsyrasynda beren maglumatynda häkimiýetleriň basyşy sebäpli köp adamyň ýasa barmakdan asla çekinýändigini aýdypdy.

“Obadaşlary 'onuň ogly syýasata goşuldy' diýip, köpüsi ýasa barmakdan hem çekinýärler” diýip, çeşme maglumat beripdi.

Ömruzak Omarkulyýew Türkiýede türkmen talyplarynyň raýdaşlyk jemgyýetini döretmäge gatnaşýar. Hökümete degişli bolmadyk guramanyň resmi Facebook sahypasyndan mälim bolşuna görä, raýdaşlyk jemgyýeti 2-nji ýanwarda öz işine başlaýar.

Omarkulyýew özüniň alyp barýan işleri barada 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň “Dünýä Türkmenleri” gepleşiginde çykyş edýär.

Guramanyň feýsbuk sahypasynda iň soňky gezek 12-nji fewralda Türkiýede okaýan we işleýän türkmenistanlylary saýlawa çagyryp maglumat çap edilýär.

Şondan soň, Azatlyga elýeterli maglumatlara görä, Omarkulyýew 14-nji fewralda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň howandyrlygynda Aşgabada barýar. Ol 22-nji fewral güni ýurtdan çykmaga synanyşýar, ýöne häkimiýetler muňa ýol bermeýär.

Azatlygyň birnäçe çeşmesiniň maglumatyna görä, Ömruzak Omarkulyýew ýapyk suduň netijesinde 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol häzirki wagtda Owadandepe türmesinde saklanýar.

XS
SM
MD
LG