Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki mazarlyklaryň birinde rus prezidenti Wladimir Putiniň we beýleki ýokary derejeli resmileriň suratlary tapylandan soň, polisiýa üç aktiwisti saklady.
21-nji sentýabrda ýogalanlary we olaryň jesetlerini garalamakda aýyplanyp saklananlaryň üçüsi hem Agit Russiýa toparynyň agzalarydyr. Bu topar ozal hem şular ýaly çäreleri geçiripdi.
Polisiýa saklananlaryň ikisini goýberdi. Üçünji şahsyýet heniz hem tussaglykda saklanylýar. Eger-de onuň günäsi subut edilse, oňa bäş ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.
“Agit Russiýa bu herekete baş goşandygyny resmi ýagdaýda inkär edýär. Bu toparyň agzalaryna eden-etdilikli ýagdaýda jenaýat işini açmak üçin ulanylýar” diýip, topar 21-nji sentýabrda beýanat ýaýratdy.
Mundan öň, Agit Russsiýa Sankt-Peterburgyň kiliseleriniň biriniň öňünde Putiniň ady ýazylan mazar daşyny ýerleşdirendigini boýun alypdy.