Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly üç zenan bahasy $60000-a barabar mobil telefonlary bikanun Türkiýä getirmekde saklandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Trabzon şäherindäki aeroportunda türkmenistanly üç zenan bahasy 60 müň amerikan dollaryna barabar mobil telefonlary gümrükden bikanun geçirmekde saklandy. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýärler.

“Trabzonyň gaçakçylyk we aňtaw müdirliginiň toparlary barlag we gözegçilik işlerini geçirende Birleşen Arap Emirliklerindäki Şarjah halkara aeroportundan Trabzonyň aeroportuna gelen Türkmenistanyň üç raýatynyň – R.G, M.B. we A.O-nyň – özüni alyp barşyndan şübhelenýär” diýlip, Türkiýäniň Haberler.com neşiriniň 20-nji sentýabrda çap eden habarynda aýdylýar.

Habarda geçirilen barlaglaryň netijesinde şübhelileriň biriniň bilindäki korsetde gizlenen 31 sany, beýleki zenanyň x-raý guralynda tutulmazlygy üçin ýörite taýýarlanan maýkasynyň jübülerinde 55 sany gümrükden bikanun geçirilen mobil telefonyň ele salnandygy bellenilýär.

“Bazardaky bahasy 350 müň türk lirasyna golaý, ýagny ortaça 60 müň amerikan dollaryna barabar bolan 86 sany mobil telefon ele salyndy” diýlip, türk habar serişdesiniň maglumatynda aýdylýar.

Şahsyýeti doly köpçülige mälim edilmeýän türkmenistanly zenanlar sud öňüne çykarylanda, türk kazyýeti olaryň tussag edilmän, sud işiniň dowam etmelidigi barada karar çykardy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Trabzonyň gaçakçylyk we aňtaw müdirliginden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi. Şeýle-de, türkmenistanly zenanlaryň şahsyýetini anyklamak hem häzirlikçe başartmady.

Bu soňky bir hepdäniň dowamynda Türkiýede türkmenistanly raýatlar barada çykan ikinji habardyr. Geçen hepde Türkiýede işdeş ýoldaşyny öldürmekde aýyplanýan türkmen migrantynyň türme tussaglygyna höküm edilendigi mälim boldy.

Türkiýäniň “Haberler.com” neşiriniň 17-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, Antalýa şäheriniň Manawgat etrabynda işdeş ýoldaşy, 43 ýaşly Hakan Akdogany pyçaklap öldürmekde güman edilip, sud edilen türkmenistanly 25 ýaşly Ruslan Narmetow 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Mundan bir aý gowrak öň, has takygy 16-njy awgustda Türkiýäniň Stambul şäheriniň Beýoglu etrabyndaky taşlanan, boş bir jaýda türkmenistanly bir raýatyň jesedi tapyldy. “Hürriýet” neşiri wakany derňän polisiýa işgärleriniň jesediň Türkmenistanyň raýaty 32 ýaşyndaky Şakir Penjiýewe degişlidigini anyklandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we türkmenistanlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, Türkiýe, Russiýa we GDA döwletleri türkmen raýatlarynyň gazanç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlary hasaplanýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna işlemäge, okamaga ýa-da ýaşamaga gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine mälim etmeýärler.

Türk statistika gullugynyň 23-nji iýulda ýaýradan hasabatynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýatynyň Türkiýä göçüp barandygy aýdylýar.

Ýokardaky maglumatlar Türkiýe döwletiniň berýän resmi sanlary bolup, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň we çeşmeleriniň onlarçasy bu ýurtda eklenç gözleginde zähmet çekýän türkmenistanlylaryň resmi bolmadyk sanynyň on müňlerçedigini aýdýarlar.

Bu habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we Türkiýedäki türkmen migrantlary Türkmenistanda raýatlaryň daşary döwletlere, şol sanda Türkiýä we Demirgazyk Kipre okamaga we işlemäge gitmekde kynçylyklara duçar bolýandygyny, olaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmeýändigini barada habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG