Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanynda Aşgabatda Internetiň tizligi pese gaçdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Aşgabat şäherinde raýatlar soňky 4-5 günüň dowamynda Internetiň haýallan tizliginden we “Altyn Asyr” (TMCELL) aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlarynyň kadaly işlemeýändiginden şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Paýtagtda Internet we TMCELL-iň aragatnaşyk we sms hyzmatlary kadaly işlemeýär. Bu ýagdaý paýtagtyň merkezi etraplarynda has-da ýiti duýulýar. Meselem, 3G Internet hyzmaty arkaly ýurtda işleýän ýeke-täk messenjer bolan IMO-dan hem kadaly peýdalanyp bolmaýar. Bu messenjer arkaly daşary döwletlere ýa-da ýurduň içinde surat iberjek bolsaň ýa-da wideo jaň etmek uly bökdençlik. Suratlar ençeme sagat soň barýar. Wideo jaňlarda bir tarapyň sesi eşidilse, beýleki tarapdakynyň eşidilmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 26-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Türkmenistanda häkimiýetler Facebook, Twitter, Vkonatkte ýaly sosial saýtlary, şeýle-de WhatsApp, Telegram ýaly messenjerleri petikli saklaýar. IMO messenjer ýurt içinde petiklenmeýän tilsimleriň biridir.

Habarçynyň sözlerine görä, raýatlar “Altyn Asyr” aragatnaşyk kärhanasynyň merkezi ofisine, ýagny “088” gysga belgisine jaň edende, telefona jogap berýän operator: “Häzirki wagt ulgamda ýükleme köpdür. Soňrak synanyşyp görüň” diýip jogap berýär.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” aragatnaşyk kärhanasynyň birnäçe işgäri Internetiň tizliginiň haýallamagynyň we aragatnaşyk hyzmatlarynyň kadaly işlemezliginiň “howpsuzlyk meseleleri bilen baglanyşyklydygyny” aýtdy.

“Kärhananyň işgärleri Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanynda, Internetiň tizliginiň, megabit goýberilişiniň ýörite pes işledilýändigini aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada “Altyn Asyr” aragatnaşyk kärhanasyndan kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda Internetiň tizliginiň has-da haýallamagy köplenç Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ýaly ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da iri döwlet çäreleriniň öňýanyna gabat gelýär.

16-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri ýerli ýaşaýjylaryň soňky bir aýyň dowamynda Internetiň has-da haýallan tizliginden hem-de ýurtdaky ýeke-täk mobil operatoryň hödürleýän Internet paketleriniň bereketsizliginden zeýrenýändigini habar berdi.

“IMO messenjeri arkaly bir hat ýazyp ugratsaň, hat ertesi güni barýar, arasynda barmaýan halatlary hem bar” diýip, maryly bir ýaşaýjy atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda Internetiň tizligi 11-12-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilen mahaly hem haýallapdy.Şonda bu foruma gatnaşan daşary ýurtly myhman Internetiň tizliginiň “juda pesdigini, hatda aýylganç” derejededigini gürrüň berdi.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda we derňewlerinde Türkmenistan Internetiň hili boýunça iň pes, bahasy boýunça iň gymmat ýurtlaryň hatarynda agzalyp, şeýle-de türkmen häkimiýetleri dürli Internet saýtlaryny, şol sanda garaşsyz habar çeşmelerini hem-de sosial ulgamlary petiklemekde tankyt edilýärler.

“Qurium Media Foundation” şwed guramasynyň şu ýylyň iýul aýynda çap eden barlagynda Türkmenistanda BBC, Reuters ýaly çeşmeleriň saýtlaryny we sosial ulgamlary öz içine alýan azyndan 133 saýtyň petikli bolmagynda galýandygy aýdylýar.

SpeedTest barlag tilsiminiň Internetiň tizligi boýunça maý aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG