Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk baýramynyň öňýany Türkmenistanda Internet has-da haýallady ilata hödürlenýän paketleriň “görnügi ýok”


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Internetiň tizligi boýunça ýaýradylýan halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzky orunlary eýeleýän Türkmenistanda raýatlar soňky günlerde Internetiň has-da haýallan tizliginden hem-de Internet paketleriniň bereketsizliginden şikaýat edýärler.

16-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Mary welaýatynyň administratiw merkezinde we etraplarynda Internet hyzmatlarynyň ýagdaýy barada habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylar soňky bir aýyň dowamynda Internetiň has-da haýallan tizliginden hem-de ýurtdaky ýeke-täk mobil operatoryň hödürleýän Internet paketleriniň bereketsizliginden zeýrenýärler.

“IMO messenjeri arkaly bir hat ýazyp ugratsaň, hat ertesi güni barýar, arasynda barmaýan halatlary hem bar” diýip, maryly bir ýaşaýjy atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“3 manat pul salyp 50 megabaýtlyk Internet hyzmatyna birikdirýäris emma 50 megabaýtlyk paket hiç zat ýazyşmasaň-da şol güni iki sagada ýetmän gutarýar “ýene birikdiriň” diýip sms gelýär” diýip, ol aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýetler Facebook, Twitter, Vkonatkte ýaly sosial saýtlary, şeýle-de WhatsApp, Telegram ýaly messenjerleri petikli saklaýar.

IMO messenjer ýurt içinde petiklenmeýän tilsimleriň hataryndadyr. Ýurt raýatlary petikli saýtlardan VPN arkaly peýdalanýarlar. Ýöne habarçynyň soňky maglumatyna görä, soňky wagtlarda VPN hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen bagly hem dürli pägelçilikler bar:

“VPN tilsimlerini açsaň, birbada göni iki minut kadaly işleýär, soňra Internet gaty haýallaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Maryda ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň ilaty kanagatlanarmaýandygyny aýdýarlar.

“Altyn Asyr Mary şäheriniň käbir ýerlerinde asla işlemeýär, ýagny jaň edip, sms ýazyp bolmaýar. Mysal üçin, şäheriň ortasyndaky “Belent” söwda merkeziniň içinde we daş ýüzünde asla, şol ýerden aýrylmasaň ýa-da daşyrak gidip jaň edäýmeseň, hiç kim bilen telefonda gürleşip bolmaýar. Şol ýerde 3G belligi aýrylýar, 2G peýda bolýar, şol ýerde duran wagtyň hiç kime sms gitmeýär. Altyn Asyryň telefon hyzmaty gaty pes, başga aragatnaşyk kärhanasy bolmansoň, alaçsyz ulanmaly bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol şu aýyň dowamynda ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň Türkiýede ýa-da özge ýurtlarda bilim alýan ýa-da işleýän dogan garyndaşlary bilen Internet arkaly arkaýyn habarlaşyp bilmeýändigini sözüne goşdy.

“24 manat salsaň her aý gepleşmek üçin 1000 minut ýazyşmak üçin 500 sms we Internet üçin 200 megabaýt bolýar emma şu aý kimi görseň “megabaýtym biderek gidýär, Internet işlemeýär” diýýärler. Bu ýagdaý adamlary howsala salýar” diýip, habarçy aýtdy.

Döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” aragatnaşyk kärhanasy, 2013-nji ýylyň ýanwarynda ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi. Onuň öňýany, 2012-nji ýylyň oktýabrynda “Altyn Asyryň” tehniki binýady Hytaýyň “Huawei Technologies” hem-de düýbi Seulda ýerleşýän “Nokia Siemens Networks Korea Co Ltd” kompaniýasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Türkmenistanda Internetiň tizliginiň has-da haýallamagy ýurtda geçiriljek iri döwlet çäreleriniň, şol sanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanyna gabat gelýär.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda dürli Internet saýtlarynyň, şol sanda garaşsyz habar çeşmeleriniň hem-de sosial ulgamlaryň häkimiýetler tarapyndan petiklenmegini tankyt edýärler.

SpeedTest barlag tilsiminiň Internetiň tizligi boýunça maý aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG