Moskwanyň Şäher Sudy aktýor Pawel Ustinowyň 3,5 ýyl türme tussaglyk möhletini bir ýyl şertli tussaglyga üýtgetdi.
Bu şu ýylyň tomsunda demokratik protestleriň dowamynda tussag edilenlere çykarylan hökümlere garşy dörän tankytlaryň fonunda bolup geçdi.
30-njy sentýabrda sud Ustinowyň iki ýyl synag möhletinde boljakdygy barada hem höküm çykardy.
Ustinow we onuň aklawçysy, awgust aýynda geçirilen ýörişiň dowamynda hukuk goraýjy ofiserine hüjüm edendigi aýdylyp çykarylan hökümiň adalatsyz bolandygyny aýdyp, doly aklanmagyny soradylar.
Ozal Milli Gwardiýanyň ofiseri hem bolan 23 ýaşly Ustinow özüniň günäsizdigini aýtdy. Ol ýörişe gatnaşman, diňe gyrada durandygyny belledi.
Şol pursat aktiwistler Moskwa geňeşine 8-nji sentýabrda geçirilmeli saýlawlara oppozisiýa we garaşsyz dalaşgärleriň hasaba alynmaýandygyna nägilelik bildirip, ýöriş geçiripdiler.
Ustinowyň tussag edilýän pursadyny görkezýän wideonyň onuň aýdanlaryna delil geçýänine çalym edýär.
Oňa çykarylan höküm saz-şowhun işgärleriniň, mugallymlaryň, ruhanylaryň dagy tankydyna uçrapdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.