Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat: Teatrlara tomaşaçylar mejbury eltilýär


Illýustrasiýa.

Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň , Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky drama teatrynyň tomaşaçylarynyň şu günki gün hem mejbury tomaşaçylar bolmagynda galýandygy aýdylýar.

“Garaşsyzlyk ýyllary ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ilatyň söýgüli teatrlarynyň biri bolan Opera we balet teatrynyň ýapylmagy bilen aşgabatly ýaşaýjylaryň we ýurduň beýleki welaýatlaryndan paýtagta gelýän myhmanlaryň teatrlara baryp, spektakllara tomaşa etmek islegleri öz-özünden ýok bolup gitdi” diýip, aşgabatly pensioner, 70 ýaşly Aýna daýza aýdýar.

“Opera we balet teatrynyň ýapylmagy bilen bir wagtda tomaşaçylara beýleki teatrlaryň hem gyzygy gaçdy. Iň esasy bellemeli zat bolsa, teatrlarda goýulýan spektakllaryň many-mazmuny gaçdy. Ilatyň göwnünden turaýjak spektakllar sahnadan düşürilip, onuň ornuny döwlet ýolbaşçylarynyň ata-enesini mahabatlandyrýan, prezidentiň çagalygny suratlandyrýan ýuwan hem suwjuk spektakllar eýeldi.

Bu bolsa tomaşaçylaryň teatrlardan daşlaşmagyna, telewidenýeden daşary ýurtlaryň telekanallaryna, esasan hem türk kanallaryna tomaşa etmegine getirdi” diýip, Aýna daýza sözüne goşýar.

Garaşsyzlyk ýyllary Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky drama teatry, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Ýaş tomaşaçylar teatry gurlup, döwrebap teatr binalarynyň peýda bolandygyna seretmezden, şu günki gün olaryň tomaşaçylarynyň mejbury tomaşaçylar bolup, olary hem ýokary we ýörite okuw jaýlarynyň talyplary düzýär diýilýär.

Isleseň-islemeseň aýda bir ýa iki gezek teatra baryp, spektakllara tomaşa etmäge mejbur edýändiklerini özüni Batyr diýip tanyşdyran ýokary okuw mekdepleriniň biriniň talyby aýdýar.

Onuň sözüne görä, teatra barýan tomaşaçylar talyplardan, gündizki spektakllara barýan tomaşaçylar bolsa, talyplar bilen mekdep okuwçylaryndan düzülýär.

“Ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny, lisseýleriň okuwçylaryny, mekdep okuwçylaryny her aýda düzülýän sanaw boýunça gezekleşdirip teatrlara barmaga görkezme berilýär. Bu sanawa käte harby esgerler hem goşulýar. Ýöne öz islegi bilen teatra barýan ýaşaýjylara welin seýrek gözüň düşýär” diýip, Batyr aýdýar.

“Biz teatrlara höwes bilen barjak, ýöne bize öz islegmiz boýunça, islän spektakllarymyza tomaşa etmäge hem mümkinçilik bermeýärler. Pylan güni pylan topar barmaly diýip, öňünden petegiň bahasy toplanyp alynýar. Biz teatra barýançak, haýsy spektakla tomaşa etmäge barýandygymyzy hem bilmeýäris” diýip, Batyr dowam edýär.

Peteginiň bahasy üç manada durýan Görogly spektaklyna eýýäm 5-6 gezek tomaşa edendigini aýdýan Batyr ol spektakly özleriniň ýat tutandyklaryna hem ünsi çekýär.

“Bizi şeýdip şol bir spektakllara mejbury tomaşa etdirenlerinden, bizden petegiň bahasyny alyp, öz ugrumyza goýsalar, biziň üçin has gowy bolardy” diýip, Batyr özleriniň çärelerden halys surnugandygyndan zeýrenip, bu mejburylygyň talyplara juda agyr düşýändigini hem nygtaýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG