Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň pagtany kabul edýän kärhanalarynda pagta bolçulygy göze ilmeýär


Sakarçäge etrabynyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanasy, Mary welaýaty, oktýabr, 2019

Türkmenistanda pagta ýygym kampaniýasynyň dowamynda ekin meýdanlarynda ýygmaga ýeterlik pagtanyň ýokdugy barada habarlar gowuşýar.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň ýurduň dürli regionlaryndan berýän maglumatlaryna görä, şu günler ekin meýdanlarynda ýygmaga taýýar ýeterlik pagta, şeýle-de pagta tabşyrylýan nokatlarda gyzgalaňlylyk göze ilmeýär.

"Pagta hasyly örän pes, öňler şol bazada üsti pagtaly traktorlardan ýaňa ýer ýokdy. Nobatlarda hatda uruş bolýardy. Häzir etrabyň iň uly pagta bazalarynyň biriniň görnüşi şeýle" diýip Mary welaýatyndaky çeşmämiz Sakarçäge etrabyndan habar berip, surat ugratdy.

Sakarçäge etrabynyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanasy, Mary welaýaty, oktýabr, 2019
Sakarçäge etrabynyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanasy, Mary welaýaty, oktýabr, 2019

Çeşmämiziň sözlerine görä, Marynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän bu kärhanasyna ýerli daýhan birleşikleriniň dördüsi pagta tabşyrýar.

"Bu ýerde häzir ýekeje-de doly punkt, pagtanyň üýşen ýeri ýok" diýip, çeşmämiz 7-nji oktýabrda habar berdi.

Sakarçäge etrabynyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanasy, Mary welaýaty, oktýabr, 2019
Sakarçäge etrabynyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanasy, Mary welaýaty, oktýabr, 2019

Şeýle-de, Azatlygyň Marydaky habarçylary welaýatyň ekin meýdanlarynda, ýygmaga ýeterlik pagtanyň ýokdugyny aýdýarlar. Azatlyga gowuşýan wideo we foto maglumatlarda gögerip duran ösümlikleri, emma açylan pagtanyň köp göze ilmeýändigini görmek mümkin.

Mary welaýatynyň pagta meýdany, oktýabr, 2019.
Mary welaýatynyň pagta meýdany, oktýabr, 2019.

Türkmenistanyň resmi mediasy pagta ýygyma degişli problemalary gozgamaýar. Ýaňy-ýakynda türkmen telewideniýesi hut Marynyň Sakarçäge etrabynyň ekin meýdanlarynda bol hasylyň ýetişendigini habar berdi.

Şu günler Lebap welaýatynyň pagta meýdanlarynda hem ýygmaga ýeterlik pagta göze ilmeýär. Regiondaky habarçymyzyň sözlerine görä, ýygmaga ýeterlik pagta bolmansoň, ýygymçylardan entek açylmadyk çig gozalary el bilen açyp içindäki pagtany ýygnap almak talap edilýär.

“Lebapda şu ýyl gowaça himiki dermanlaryň gerbisidleriň ýokdygy sebäpli giç ekilen, dermanlaryň ýokdugy sebäpli ýapraklaryny düşürmedik gowaçanyň bar ýerinde, onuň açylmadyk gozalaryny çyglygyna el bilen ýaryp pagtalaryny ýygdyrmak talap edilýär, şeýle-de mejbury pagta ýygymyna gatnaşmak talaby güýjeýär. Emma gowaça meýdanlarynda ýygmana pagta ýok” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 6-njy oktýabrda habar berdi.

Şol bir wagtda-da býujet işgärleriniň köpçülikleýin pagta iberilmegi ýa-da olardan özlerine derek ýygymçy tutmak üçin puluň ýygnalmagy dowam etdirilýär.

"Býujete degişli işgärler ýatymlaýyn ýygymda. Ýygýan pagtalary gündelik azyk çykdajylaryna-da ýetmeýär etraplarda ýekeje-de pagta ýygýan kombaýn göze ilmeýär. Geçen ýyl Lebapda giç bolsa-da gowaçalara himiki ýaprak düşürýän dermanlar, haşal otlary aýyrýan dermanlar berlipdi, emma şu ýyl welaýatyň hiç bir ýerinde himiki dermanlar ýok. Gowaçanyň ideg döwründe-de dökün üpjünçiligi uly problema boldy şol sebäpden hasyl tas ýok diýen ýaly” diýip habarçymyz aýdýar.

Pagta ýygym möwsümine Türkmenistanda sentýabryň başynda resmi taýdan badalga berildi. Emma bu işe mejbury gatnaşdyrylýan býujet işgärleri eýýäm awgustdan bäri pagta meýdanlarynda ugradylýarlar ýa-da özlerine derek ýygymçy ibermek üçin pul tabşyrmaly bolýarlar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary şu ýyl 1 million 50 müň tonna pagta hasylyna garaşýarlar. Türkmen metbugaty ençeme ýyl bäri şol bir möçberde döwlet tarapyndan kesgitleýän bu planyň artykmajy bilen dolýandygyny ýyllarboýy habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG