Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ekilen gowaçanyň 'sorty' onuň hasyllylygyny ‘peseltdi’. Pagtaçylar bilen wagtynda ‘hasaplaşylmaýar’


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri we habarçylary bu ýyl regionda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny habar berýärler.  

“Şu ýylky pagta ýygym möwsümi geçen ýyllar bilen deňeşdireniňde ençeme esse pes alnyp barylýar. Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlarynda şu ýyl ekilen gowaça sortunyň berekedi ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy ençeme lebaply kärendeçilere salgylanyp, 30-njy sentýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, lebaply kärendeçiler bu ýyl regionyň pagta meýdanlaryna gowaçanyň giç gozalaýan görnüşiniň ekilendigini aýdýarlar.

Regionyň dürli etraplarynda kärendeçiler bilen gürrüňdeş bolan habarçy welaýatyň ähli etraplarynda şu ýyl gowaçanyň sentýabr aýynyň aýagyna açylyp başlandygyny aýdýar.

“Darganata etrabynda şu ýyl pagta ýygym möwsüminiň gijä galmagy ekiş üçin berlen gowaça sortunyň erbetligindendir. Biziň ýerli howa şertlerimize gabat gelmeýän gowaça sorty ekiş üçin berildi” diýip, darganataly oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna efirde atlandyrylmazlyk şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanda kärendeçiler gowaça tohumy bilen şertnama esasynda döwlet tarapyndan üpjün edilýär.

Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Halkara hukuk toparlary türkmen häkimiýetleriniň ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edip gelýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy nobatdaky ýygym möwsüminde pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy barada maglumat berdi:

“Şu ýyl sentýabr aýynda harmana tabşyrylan 1 tonna pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy 1500 manat, 1-nji oktýabrdan aňyrda döwlete tabşyrylan 1 tonna pagta üçin 1000 manat, 1-nji noýabrdan aňyrda tabşyrylan pagta üçin 500 manat tölenjekdigi aýdylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň howpsuzlyk şertlerinde habarlaşan habarçysy täze bahalar barada maglumat berdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda 2019-njy ýylyň hasylyndan başlap Türkmenistanda bugdaý we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak barada karar kabul edildi.

Lebaply bir pagtaçy kärendeçi Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde pagtalaryň giç açylýandygyny tassyklap, üstesine pagta gozalarynyň göwrüminiň "bedenäniň ýumurtgasyndan sähel tapawutlydygyny" aýdýar.

Darganataly bir agronom howpsuzlyk şertlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda soňky ýyllarda gowaçalaryň hatar aralaryny giňeltmek boýunça täze düzgüniň girizilendigini, bu täze tertibe görä amala aşyrylan ekiş işleriniň netijesinde gowaçanyň hasyllylygynyň pese gaçandygyny aýdýar.

Anti-Slavery International, ýagny Gulçulyga garşy halkara hukuk gurama Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edip, çap eden hasabatynda türkmen pagtasynyň Türkiýäniň üsti bilen dünýä bazaryna çykýandygyny habar berdi.

Guramanyň hasabatyna görä, Türkmenistan bahasy ýylda 300 million dollardan gowrak pagta we ondan öndürilen önümleri Türkiýä eksport edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi.

Azatlygyň habarçysynyň soňky maglumatyna görä, şu aýyň dowamynda döwlet harmanyna pagta tabşyran darganataly kärendeçileriň ençemesi hasyla degişli töleg işleriniň heniz geçirilmändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Darganata etrabynyň oba hojalyk resmileri bilen habarlaşyp bu maglumatlar boýunça kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG