Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly ýygymçylar gowaça meýdanlarynda pagtanyň ýokdugyny aýdýarlar


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynyň etraplaryna pagta ýygmaga gidýän ýygymçy aýal-gyzlar gowaça meýdanlarynda pagtanyň tas ýokdugyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Mejbury ýygyma gatnaşýan aýal-gyzlar 1 gektar meýdandan ortaça 50 kilogram pagtanyň çykýandygyny aýdýarlar. Olar ‘pagtanyň gozalaryny elläniňde içi suw, gozalar açylman ýere dökülişip ýatyrlar’ diýýärler” diýip, howpsuzlyk sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji sentýabrda gürrüň berdi.


Habarçy bu ýagdaýlary Mary welaýatynyň Wekilbazar, Baýramaly we Mary etraplaryndaky pagta meýdanlarynda synlasa bolýandygyny hem belledi.

Ol oba ýaşaýjylarynyň aglabasynyň pagta ýygymyna sabyrsyzlyk bilen garaşandygyny, sebäbi olaryň pagtanyň 1 kilogramyny 30 teňňeden ýygyp, pul üýşürmegi tama edendigini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:

“Ýöne ekin meýdanlarynda ýygar ýaly pagta bolmasa, olaryň bu tamalary puja çykjaga meňzeýär. Geçen ýyllarda adamlar hökümet işgärlerine derek pagta ýygymyna gidip, ellerine pul alýardylar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy gowaça meýdanlarynda ýeterlik pagta hasylynyň bolmazlygynyň sebäpleri barada resmiler tarapyndan hiç zat aýdylmaýandygyny, ýöne kärendeçi daýhanlaryň muny ýylyň aşa ygally bolmagy we olaryň öz wagtynda tehnika, suw we dökün bilen üpjün edilmezligi bilen düşündirýändigini belledi.

Geçen aýlarda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri guramaçylyk, suw, tehnika, dökün ýetmezçilikleri bilen bagly, bu ýylyň pagta hasylynyň gowy däldigini habar beripdiler.

Çeşmämiziň 17-nji awgustda Azatlyk Radiosyna Mary welaýatynyň gowaça meýdanlaryndan iberen suratlarynda we wideo şekillerinde ine-gana ösüp bilmedik, haşal otlar bilen gurşalan gowaça meýdanlaryny, şeýle-de gunçalaryny döken gowaçalary görmek bolýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolan pagtaçy kärendeçiler özleriniň suw, dökün we oba hojalyk tehnikalary bilen kadaly üpjün edilmeýändigini ýurtda gowaça ekmek işine girişileni bäri, ýagny mart aýynyň ahyryndan bäri ençeme gezek habar berdiler.

Mundanam başga, Türkmenistanyň käbir regionlaryna, şol sanda Mary welaýatynyň käbir künjeklerine şu ýylyň aprel aýynda güýçli sil geldi. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary sil netijesinde gapaklan käbir gowaça meýdanlarynda ekiş işleriniň ikinji gezek geçirilendigini habar berdiler.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi taýdan heniz girişilmedi. 30-njy awgustda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymyna Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda 18-nji sentýabrda başlanmalydygyny aýdyp, pagtaçylara ak pata berdi.


Azatlygyň habarçylary bu ýylyň pagta ýygym möwsümine “prezident patasyndan” has öň başlanandygyny we bu işiň mejbury zähmet bilen utgaşandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary býujet işgärleriniň Mary welaýatynda 23-nji awgustdan, Lebap welaýatynda 25-nji awgustdan mejbury pagta ýygymyna çekilip başlanandygyny aýdypdylar.

Aýdylmagyna görä, býujet işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna resmi çäreden öň girişmegi, ýurduň regionlarynda geçiriljek “Ak kerwen” dabarasy bilen baglanyşykly.

“Bu dabarada pagta ýygymyna şol güni badalga berilýändigi aýdylyp, metbugatda wideo reportažlar görkezilse-de, näme üçindir eýýäm ýygylyp alnan pagtalardan doly uly ýük ulaglarynyň kerweni hem görkezilýär. Şol kerwen üçin öňünden pagta ýygylyp goýulýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň maryly habarçylarynyň biri aýtdy.

Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işine Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda 23-nji martda we Daşoguz welaýatynda 27-nji martda girişildi. Türkmenistan 2019-njy ýylda ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri pagta hasylynyň pes bolmagy ýa-da býujet işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury çekilmegi barada häzirlikçe hiç zat aýtmaýarlar.

Halkara hukuk toparlary, şol sanda “Pagta kampaniýasy” Türkmenistany oba hojalyk işlerinde mejbury zähmeti ulanmakda yzygiderli tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG