Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň döwlet dükanlarynda un paýlandy, emma hemmä ýetmedi


Un, şeker nobaty, Türkmenistan (arhiw suraty)
Un, şeker nobaty, Türkmenistan (arhiw suraty)

Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, dükanlarda uly nobat döredi, emma unuň ilata çäkli möçberde satylmagyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändir.

"​Anna güni Mary şäherinde döwlet dükanlarynda un paýlandy. Emma şonda un hemme adamlara ýetmedi, ýetmedik adamlara birinji güni habar tutup görüň diýip aýtdylar. Ýöne şu gün un gelmedi" diýip, habarçymyz Marynyň dükanlaryndaky birinde bolan ýagdaý barada 14-nji oktýabrda habar berdi.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan, ýagny 1 kilogramyna 1 manatdan satylýan unuň söwdasy her aýda adam başyna 5 kilogramdan berilmegi göz öňünde tutulýar. Emma Marynyň döwlet dükanlarynda unuň getirilmeýän pursatlary birnäçe hepdeden birnäçe aýa çekýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, soňky günlerde satylan unuň hili juda ýaramaz.

"Şu gün berlen unuň ýarysy gara kepege ýakyn. Üstesine, ýany bilen wagty geçen ajymtyl guran ýerli keks berildi. Nobatda duran adamlar halys ýeter-ýetmezçilikden ýadadyk, uny bir wagtly wagtyna berseler-dä diýýärler" diýip, Marydaky habarçymyz 11-nji oktýabrda habar beripdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda un bazarlarda we hususy dükanlarda bar, onuň hili we bahasy has ýokary.

"Hususy eýeçilikde, hojalyklarda un näçe alsaň hem bar. Hususy hojalyklarda ýerli un haltasyna 160 manatdan 260 manada çenli. Unuň sortuna görä satylýar. Özüni oňarýan adamlar döwlet dükanlaryndan paýok un almaýarlar. Emma öz nobatyna garaşyp, döwlet dükanyndan un satyn alyp bilmän indiki hepdä galýanlary hem az däl" diýip, Marydaky habarçymyz bu regiondaky ýagdaý barada aýdýar.

Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler welaýatda hususy söwda nokatlarynda pagta ýagynyň bahasy ýokarlanyp, arassalanmadyk pagta ýagy Lebapda 1 litrine 15 manatdan, daşary döwletleriň günebakar ýagy hem 15-20 manat aralygynda satylýar.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda öndürilen pagta ýagynyň hili ýaramazlaşýar.

"Häzir satylýan ýerli pagta ýagy gaty hapa we bulançak. Adamlar saglygyna erbet täsir ýetirýändigini aýdýarlar. Onuň bahasynyň bu derejede ençeme esse gymmatlamagy barada satyjylar belli bir jogap bermeýärler" diýip, habarçymyz aýdýar we pagta öndürýän ýurtda pagta ýagynyň gymmatlamagynyň sebäpleriniň ilatda sorag döredýändigini belleýär.

Geçen hepdede pagta ýagynyň bahasy Mary welaýatynda tas üç esse ýokarlanypdy.

Marydaky habarçymyzyň 5-nji oktýabrda habar bermegine görä, şäheriň döwlet dükanlarynda gysga wagtyň içinde satylan arassalanmadyk pagta ýagynyň 1 litriniň bahasy 7 manat 60 teňňä ýetipdir. Ondan bir hepde öň ýagyň bahasy 2,6 manatdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri iki ýyla golaý bäri dowam edýän azyk gytçylygyny we gymmatlamagyny açyk agzamaýarlar we bu ýagdaýyň sebäplerini düşündirmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG