Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan maglumat saklaýan "Google Cloud" ulgamyny petikledi


illýustrasiýa suraty

Türkmenistan Google kompaniýasynyň "Cloud", ýagny maglumat ýygnaýan we saklaýan ulgamyny petikledi.

Bu barada habar berýän «Turkmen.news» neşri repressiw ýurtlarda habar beriş serişdelerine digital howpsuzlyk boýunça hyzmatlary hödürleýän Şwesiýanyň hökümete degişli bolmadyk Qurium Media Foundation guramasynyň hasabatyna salgylanýar.

Maglumata görä, "Cloud" ulgamynyň petiklenmegi DNS-serweriň galplaşdyrylmagy we galp IP adresiň berilmegi arkaly amala aşyrylýar. Netijede ulanyjynyň açmaga synanyşýan sahypasy elýeterli däl diýlip görkezilýär.

Neşriň habar bermegine görä, iýul aýynyň başynda "Google Cloud" ulgamynda «Turkmen.news» saýtynyň hasaby açylypdyr. Bu Türkmenistanda birnäçe günläp elýeterli bolupdyr, emma gysga wagtda petiklenipdir.

«Turkmen.news» neşri öz maglumatynda informasiýa tehnologiýalary boýunça bilermenlere salgylanyp, "Google Cloud" ulgamyny petiklemegiň Türkmenistanyň häkimiýetleri üçin gymmada düşýändigini aýdýar.

"Google Cloud" ulgamynyň petiklenmegi, birinjiden, häkimiýetlerde şeýle hyzmatlary mümkin edýän (vendor) üpjün edijiniň bardygyny aňladýar. Ikinjiden, ony petiklemek üçin taýýarlanan hünärmenler, ýörite programmalar we ulanyjylaryň hyzmata bolan isleglerini analiz edýän goşmaça serwerler gerek" diýip, «Turkmen.news» neşri bilermeni sitirleýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň interneti petiklemek we yzarlaýyş işlerini geçirmek üçin uly möçberde pul sarp edýändigini habar beripdi. Hususan-da, şu ýylyň ýanwar aýynda Azatlygyň geçiren žurnalistika derňewinde çeşmeler Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň öz raýatlaryna garşy basyş etmekde Rohde & Schwarz atly nemes kompaniýasynyň enjamlaryndan we biliminden peýdalanýandygyny habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki we Rohde & Schwarz kompaniýasyndaky çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, bu nemes kompaniýasy Türkmenistanyň Goranmak ministrligini we Aragatnaşyk ministrligini adamlary yzarlamak maksady bilen ýa-da oňaýsyz saýtlary petiklemekde, ýa-da bolmasa petiklenen saýtlara girýän internet ulanyjylary anyklamakda ulanyp boljak enjamlar bilen üpjün edýär. Galyberse-de, Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, Rohde & Schwarzyň abzallary telefonlary diňlemekde hem-de mobil aragatanşyk arkaly ugradylýan hatlary petiklemekde ulanylýar.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG