Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýatlaryny yzarlamakda tankytlanýan Türkmenistan Orsýet bilen 'maglumat howpsuzlygyny' pugtalandyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Aşgabat, 11-nji oktýabr, 2019.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 11-nji oktýabrda, GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisiniň çäginde halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hyzmatdaşlygy hakynda bilelikdäki beýanat bilen çykyş etdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutanlary häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny bikanun ulanmagyň jemgyýet üçin howp döredip biljekdigini belleýärler.

Şeýle-de prezidentler maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary şahsy maglumatlary bikanun toplamak we peýdalanmak üçin ulanylanda, “adamyň esasy azatlyklarynyň we hukuklarynyň, şol sanda şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine hukugynyň gönüden-göni bozulýandygyny” bellediler.

Beýanatyň dowamynda prezidentler dünýä bileleşigini maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny özygtyýarly döwletleriň içerki işine gatyşmak, terrorçylyk maksatlary, şol sanda kompýuter maglumatlaryna bikanun aralaşmak, zelel ýetiriji kompýuter programmalaryny döretmek, peýdalanmak we ýaýratmak bilen bagly jenaýatlary amala aşyrmak üçin ulanmagyň öňüni almak boýunça ähli zerur çäreleri görmäge çagyrýarlar.


Döwlet baştutanlary Interneti dolandyrmak işine gatnaşmaga döwletleriň deň hukuklaryny üpjün etmek, Halkara elektrik aragatnaşygy birleşiginiň ornuny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň özara arkalaşykly hereketini güýçlendirmegiň zerurdygyny ykrar edýärler diýip, döwlet habar agentligi ýazýar.

Bilelikdäki beýanatda “adamyň esasy azatlyklarynyň we hukuklarynyň, şol sanda şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine hukugynyň gönüden-göni bozulmagy” bilen baglylykda alada bildirilýändigine garamazdan, türkmen häkimiýetleri raýatlaryň internetdäki işjeňliklerini barha kän gözegçilikde saklamak synanyşygynda tankyt edilýär.

Türkmen mediasy 6-njy sentýabrda “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi, bu kanunyň baş maksady milli “kiberözbaşdaklygy” goramakdan ybarat diýip, TDH-nyň maglumatynda aýdyldy. Şeýle-de ýerli media Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “kiber frontynyň söweşijilerini” taýýarlamaga başlandygyny habar berdi.


Azatlygyň Kiberhowpsuzlyk kanunçylygy boýunça halkara komissiýasynyň toplan maglumatlaryna salgylanyp ozal hem habar berşi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda kiber howpsuzlyk boýunça strategiýalar ýa-da kanunçylyk düzgünleri kabul edilipdir.

Türkmenistanda kiber giňişligi döwletiň berk gözegçiliginde bolup, häzirlikçe onuň goragy, synçylaryň aýtmagyna görä, raýatlaryň internetdäki işjeňliginiň yzarlanmagyndan ybarat bolup durýar.

Mysal üçin, ýanwaryň aýagynda Azatlyk radiosy türkmen hökümetiniň kiber giňişligindäki işjeňligi we munuň ýurt raýatlaryna ýetirýän täsiri boýunça geçiren derňew işiniň netijelerini çap etdi.

31-nji ýanwarda çap edilen derňewde Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň iki ýerli hususy tehnologiýa kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk edip, Rohde & Schwarz nemes kompaniýasynyň enjamlaryny we ekspert maglumatlaryny ulanmak arkaly, Internetde ýurt raýatlaryny yzarlaýandygy barada güýçli alamatlaryň bardygyny habar berdi.


Bu derňewiň çap edilmegi bilen Türkmenistanda häkimiýetler VPN tilsimlerini petiklemek işlerini güýçlendirdi.

Türkmenistanda onlarça daşary ýurt neşiri, Facebook, Twitter, Vkontakte, Instagram ýaly sosial ulgamlar, şeýle-de WhatsApp we Telegram ýaly messenjerler petikli saklanýar.

SpeedTest barlag tilsiminiň Internetiň tizligi boýunça maý aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG