Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darganataly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda onuň agramynyň kem ýazylýandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň pagtaçylary harmana tabşyrýan pagtalarynyň mukdarynyň ammarlarda kemeldip ýazylmagyndan şikaýat edýärler; etrabyň çäginde ýerleşýän daýhan birleşikleriň başlyklary her gije sagat 11:00-de etrap häkiminiň ýygnagynda pagta ýygym möwsüminiň depgini bilen baglylykda “gep eşidýär”; pagtaçylarda ýygyma bolan höwes ýok, pagta-da ýok diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 15-nji oktýabrda habar berdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde çykyş eden habarçy Darganata etrabynyň 3 sany pagta kabul ediş ammarlarynda pagtanyň döwlet harmanyna kabul ediliş prosesini öwrendi.

Onuň maglumatlaryna görä, daýhan birleşiklerden ýygnalan pagta döwlet ammarlaryna getirilende ammaryň jogapkär işgärleri onuň möçberini kemeldip ýazýar.

“Daýhan birleşiklerde ýygylýan pagtalar ammarlara getirilende pagta kabul ediş ammarlarynyň işgärleri gelen pagta ‘çygly we hapa’ diýen bahanalar bilen her 1 tonna pagtadan 200 kilogram kemeldip ýazýar” diýip, Azatlygyň habarçysy harmana pagta tabşyran ençeme ýaşaýjynyň şikaýatlaryna salgylanyp habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Darganata etrabynda ýygymçylar we kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri geçirilende mesele döreýär. Bu ýagdaýyň käredençilere bergidar çykylmagyndan gorkan birnäçe daýhan birleşikleriň hasapçylarynyň öz islegi bilen işden çekilmegine-de getiren ýerleri bar. Ýerli habarçynyň maglumatlaryna görä, kärendeçilerden kabul edilen pagtanyň agramynyň etrabyň umumy pagta ammara tabşyrylandaky agramyna deň gelmezligi agzalýan problemalaryň döremegine getirýär.

Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda saklanyp galýan umumy tejribä görä, pagtaçy kärendeçi öz ýygan pagtasyny we özüniň pagta meýdanynda ýygyma gatnaşan beýleki ýygymçylaryň pagtalaryny daýhan birleşikleriň pagta ammarlaryna terezide ölçäp tabşyrýar, gündelik döwlete tabşyran pagtasynyň agramyny bellik edýär. Daýhan birleşikleriň ammarlaryna üýşürilen pagtalar soňra etraplarda ýerleşýän umumy döwlet pagta ammarlaryna tabşyrylýar. Ynha Darganatada bar bolan problemalar, habarçynyň maglumatyna görä, şonda başlanýar; etrabyň umumy ammarlarynyň işgärleri daýhan birleşiklerden getirilen pagtanyň agramyny dürli bahanalar bilen ep-esli kemeldip ýazýar. Şeýle bolanda, kärendeçiniň gündelik tutýan hasabyna görä, onuň döwlete tabşyrdym hasaplan pagta mukdary bilen daýhan birleşigiň kärendeçilerden ýygnap, etrabyň ammaryna tabşyran pagtasynyň mukdary deň gelmeýär: “Sebäbi etrapda ‘Pagta bazyň’ işgärleri daýhan birleşiklerden gelen pagtalary ‘çyg we hapa’ diýen bahanalar bilen kemeldip ýazýar” diýip, Azatlygyň habarçysy Darganatadan habar berýär. Bu ýagdaý kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleriniň geçirilmeginde mesele döredýär.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatyna görä, Darganata etrabynda ýerleşýän daýhan birleşikleriň başlyklary her gije sagat 23:00-de etrap häkiminden pagta ýygym möwsüminiň barşy bilen baglylykda “gep eşidýär”. “Başlyklar hem näme etjegini bilmeýärler” diýip, habarçy belleýär.

Onuň sözlerine görä halk arasynda ýygyma bolan höwes ýok, sebäbi ençeme kärendeçi habarçy bilen gürrüňdeşlikde “yygym üçin berilýän puly özleriniň az görýändigini” aýtdylar. “Pulam az, pagta ýygyma bolan höwes hem ýok, pagta-da ýok” diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanýar.

Onuň maglumatlaryna görä, kärendeçileriň arasynda döwlete tabşyran pagtasynyň puluny alyp bilmedik daýhanlar bar, sebäbi “şertnamalaýyn borçnama azyndan 50 % ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, tabşyrylan pagta üçin hak tölenmesiz edilipdir” diýip, habarçy aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty Darganata etrabynyň häkimligine tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmeýär.

Sentýabryň ortalarynda Azatlygyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy maryly pagtaçy kärendeçileriň harmana pagta tabşyrylanda pagtanyň agramynyň azaldylyp ýazylmagyndan şikaýat edýändiklerini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG