Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda ‘talanýandyklaryny’ aýdýarlar


Pagta meýdany. Illýustrasiýa suraty
Pagta meýdany. Illýustrasiýa suraty

Maryly daýhanlaryň ençemesi döwlet tarapyndan pagta hasyly kabul edilende pagtanyň möçberiniň, agramynyň azaldyp ýazylýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly pagtaçy daýhanlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri pagtanyň çyglygyny, hapalygyny bahana edip, tabşyrylan pagta hasylyny 15%-ne çenli azaldýarlar.

“Häzir käbir kärendeçiler gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny doly ýygyp alyp, döwlet harmanyna tabşyryp başlady. Kärendeçilere pagtany ýygyp alandan soňra ýene bir kynçylyk garaşýar. Kärendeçiler pagtany döwlet laboratoriýalaryna eltende, olaryň hasylynyň 12-15%-ni azaldyp ýazýarlar. Laboratoriýa işgärleri we beýleki resmiler muňa pagtanyň çyglygyny, hapalygyny we beýlekileri sebäp görkezýärler” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan maryly habarçy 19-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, kärendeçileriň käbiri pagta hasylyndan 12-15%-niň azaldylmagynyň aşa köpdügini aýdyp, pagtany kabul edýän resmiler bilen dawalaşýarlar we öz ýygan hasylynyň doly kabul edilmegini talap edýärler. Ýöne olaryň arzasyny hiç kim diňlemeýär.

“Daýhanlar örän nägile. Bu zatlara daýhan birleşik tarapyndan ýa-da beýleki edaralar tarapyndan gözegçilik edilmeýär. Daýhanlaryň biri 3000 kilograma golaý pagta tabşyrdy. Onuň hasylyndan gap agramy aýrylandan soňra, onuň agramyndan ýene 200 kilograma golaýyny aýyrdylar. Daýhanlar şeýle talanýar” diýip, habarçy maryly daýhanlaryň biriniň sözlerini sitirledi.

Azatlyk Radiosynda kärendeçileriň döwlete tabşyrýan pagta hasyly kabul edilende, onuň agramynyň azaldyp ýazylmagynyň Mary welaýatynyň haýsy daýhan birleşiklerinde bolýandygy barada takyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden we Mary welaýat häkimliginden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň biri oba hojalygynyň pagtaçylyk pudagyndaky bu tejribäniň indi onýyllyklaryň dowamynda gaýtalanýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

“Şu praktika netijesinde pagta kabul edilýän bazalarda her ýyl uly möçberde pagta toplanýar. Bu pagta soň plan dolup bilmeýän hojalyklara satylyp, ol korrupsiýa esas bolýar” diýip, pagtaçylyk pudagyna ýakyndan syn edýän türkmenistanly synçy aýtdy.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolan maryly pagtaçy daýhanlar özleriniň pagta plan borçnamalaryny kynlyk bilen dolandyklaryny aýdyp, hasylyň agramynyň azaldyp ýazylmagynyň özlerine “juda agyr degýändigini” hem belleýärler.

“Bu ýyl hasyl pes boldy. Suw, dökün we tehnika hem öz wagtynda berilmedi. Pagtaçy daýhanlar gije-gündiz ýatman, gowaça meýdanlarynda boldular” diýip, maryly pagtaçy daýhan aýtdy.

Türkmenistanda gowaça ekişine şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda girişilip, pagta ýygymyna Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda 18-nji sentýabrda başlanyldy.

Şu wagt aralygynda Azatlyk Radiosynyň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary pagtaçy daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginden kösenýändigi barada ençeme gezek habar berdiler.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG