Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň obalarynda iri şahly mallar köpçülikleýin gyrylýar


Illýustrasiýa suraty.

Soňky wagtlarda Mary welaýatynyň ençeme obalarynda iri şahly mallar köpçülikleýin gyrylýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 18-nji oktýabrda habar berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, etraplaryň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary mallaryň gepatit keseline ýolugyp ölýändigini aýdýarlar, ýöne weterinarlar mallaryň arasynda dörän keseliň heniz doly we dogry anyklanylmandygyna ynanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, öz atlarynyň tutulmazlygyny sorap habarçy bilen gürrüňdeş bolan welaýat weterinarlary iri şahly mallaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň sygyrlaryň bagrynda döreýän kesel bilen baglydygyny aýdýarlar.

“Soňky bir aý bäri Maryda bagry çişip ölýän sygyrlar köpeldi” diýip, maryly weterinar howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde gürrüň berdi.

“Şu günler mallar gaty köp gyrylýar. Bu mallaryň bagrynyň çişip ölmegine hiç hili däri-derman kömek etmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Weterinaryň sözlerine görä, olar iri şahly mallaryň arasynda dörän bu keseli öwrenmek üçin etraplaryň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan kömek soraýar:

“Sanepidemstansiýa” bagry çişip ölen malyň bagrynyň esasynda geçirilen barlaglara salgylanyp, bu kesele sarygetirme diýip diagnoz goýdy” diýip, anonim weterinar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne weterinaryň sözlerine görä, olar Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň goýan diagnozy bilen ylalaşmaýar; “muny anyklamak üçin hiç bir lukmançylyk edarasy baş galdyrmaýar, öz başlaryndan sowmak üçin “sarygetirme” diýýärler emma mallara berýän dermanlarymyz, ukollarymyz hiç bir kömek bermeýär” diýip, weterinar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň arasynda näbelli kesele ýolugan malyň etinden iýip, özüne keseliň ýokuşmagyndan ynjalyksyz bolýan raýatlar bar.

Türkmеnistаnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binýadyndaky Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy Maryda iri şahly mallaryň arasynda köpçülikleýin dörän kesel barada resmi düşündiriş bilen çykyş etmedi. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy Mary welaýatynyň obalarynda iri şahly mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy barada hiç hili düşündiriş ýa-da beýanat ýaýratmady.

Güýzüň gelmegi bilen Türkmenistanda öý haýwanlarynyň arasynda hasaba alynýan keseller köpelip başlady.

4-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy welaýatyň Kerkiçi, Amyderýa we Köýtendag etraplarynda öý haýwanlarynyň arasynda guduzlama keseliniň köp ýüze çykyp başlandygyny habar berdi.

Geçen ýylyň oktýabrynda Balkan welaýatynyň obalarynda düýeler näbelli keselden köpçülikleýin gyryldy. Döwlet Weterinariýa gulluklarynyň işgärleri şonda Balkandaky düýeleriň keselden däl, “açlykdan ölýändigini” aýdypdy.

Noýabryň aýagynda Daşoguz welaýatynyň käbir obalarynda iri şahly mallar doly anyklanymadyk keselden köpçülikleýin gyryldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi mallaryň arasynda köpçülikleýin ýaýraýan keseller barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG